33-NJI MAKALA
130-NJY AÝDYM Geçirimli bolalyň
Ýehowa I asyrda agyr günä eden adam hakda nähili görkezme berdi?
«Eger biri günä etse, Atanyň ýanynda kömekçimiz... bardyr» (1 Ýah. 2:1).
ESASY PIKIR
I asyrda agyr günä eden adamyň işine nädip seredilendigini bileliň.
1. Ýehowa biziň näme etmegimizi isleýär?
ÝEHOWA adamlary erkin edip ýaratdy. Biz her gün ençeme kararlara gelýäris. Ömrüňi Ýehowa bagyş edip halkynyň arasyna goşulmak iň wajyp kararlaryň biri. Ýehowa biziň şu ädimi ätmegimizi isleýär. Ýehowa bizi söýýär, ýagşylyk isleýär. Ýehowanyň dostlary ebedi ýaşar (5 Mus. 30:19, 20; Gal. 6:7, 8).
2. Ýehowa günä eden adamlaryň näme etmegini isleýär? (1 Ýahýa 2:1).
2 Ýehowa biziň höwes bilen gulluk etmegimizi isleýär. Ol hiç bir adamy mejburlamaýar. Eger suwa çümdürilen mesihçi Hudaýyň kanunyny bozup, günä etse näme? Eger ol toba etmese ýygnakdan çykarylýar (1 Kor. 5:13). Ýöne Ýehowa onuň toba edip ýene-de ýygnaga dolanmagyny isleýär. Aslynda, Ýehowa töleg gurbanyny adamlaryň günäsini ýuwmak üçin berdi (1 Ýahýa 2:1-i okaň). Ýehowa günäkärleri hem gowy görýär. Şonuň üçin olary toba çagyrýar (Zek. 1:3; Rim. 2:4; Ýak. 4:8).
3. Şu makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?
3 Eger adam günä etse Ýehowa gynanýar. Ýöne ol edilen günä göz ýummaýar. Ýehowa biziň özünden görelde almagymyzy isleýär. Biz şu makalada üç soragyň jogabyny bileris. 1) Korinf şäherinde agyr günä eden adamyň işine nädip seredildi? 2) Pawlus resul toba eden günäkär barada nähili görkezme berdi? 3) Biz şu wakadan Ýehowa barada näme öwrenýäris?
AGYR GÜNÄ EDEN ADAMYŇ IŞINE NÄDIP SEREDILDI?
4. Pawlus resul näme üçin ör-gökden gelendir? (1 Korinfliler 5:1, 2).
4 1 Korinfliler 5:1, 2-nji aýatlary okaň. Pawlus resul üçünji wagyz syýahatyndady. Ol Korinfdäki ýygnakda bir doganyň öweý ejesi bilen ýaşaşýandygyny eşidýär. Şonda ol ör-gökden gelendir. Sebäbi «başga halklar hem şeýle ahlaksyzlyk etmeýärdiler». Gynandyrýan ýeri, ýygnakdaky käbir dogan-uýalar onuň azgynlygyny diňe bir oňlaman, hatda buýsanýardylar. Belki, käbirleri Ýehowa rehimdar, günäli adamlaryň ýagdaýyna düşünýär diýip ony aklandyr. Ýöne Ýehowa halkynyň arasynda azgynlygyň bolmagyna ýol bermeýär. Ol adam ýygnagyň adyna ysnat getirendir. Hatda käbir dogan-uýalar şol adam ýaly günäli işlere baş goşandyr. Pawlus resul Korinfdäki ýygnaga nähili görkezme berýär?
5. Pawlus Korinfdäki ýygnaga nähili maslahat berdi we ol nämäni göz öňünde tutdy? (1 Korinfliler 5:13; surata serediň).
5 1 Korinfliler 5:13-i okaň. Pawlus resul Hudaýyň ylhamy bilen toba etmeýän günäkäri ýygnakdan çykarmalydygyny aýtdy. Toba etmeýän günäkär bilen dogan-uýalar özüni nähili alyp barmalydy? Pawlus: «Onuň bilen gatnaşmaň, hatda bir saçak başynda-da oturmaň» diýdi (1 Kor. 5:11). Adatça, saçak başynda oturanlar dymman, özara gürrüň edýärler. Pawlus hem «onuň bilen gatnaşmaň» diýende, toba etmeýän günäkär bilen gepleşmezligi göz öňünde tutupdy. Şeýdip, tutuş ýygnagy günäkäriň erbet täsirinden gorap bolýardy (1 Kor. 5:5—7). Onsoňam, günäkär Ýehowany gynandyrýandygyna düşünip, eden işine utanyp toba edip bilýärdi.
Pawlus resul Hudaýyň ylhamy bilen toba etmeýän günäkäriň ýygnakdan çykarylmalydygyny ýazdy (5-nji abzasa serediň).
6. Korinfliler Pawlusyň maslahatyna nädip eýerdiler we onuň netijesi nähili boldy?
6 Pawlus resul «Korinfdäki dogan-uýalar beren maslahatyma eýerdimikä?» diýip oýlanandyr. Ýöne Titusyň getiren hoş habary onuň başyny göge ýetirendir (2 Kor. 7:6, 7). Korinfdäki dogan-uýalar Pawlusyň maslahatyna eýerdiler we toba etmeýän günäkäri ýygnakdan çykardylar. Pawlusyň birinji hatyny ýazanyna birnäçe aý geçensoň, günäkär toba edip, erbetligi ýigrenip durmuşyny bütinleý üýtgetdi. Indi ol Ýehowany razy edip ýaşaýardy (2 Kor. 7:8—11). Pawlus korinflilere ýene nähili görkezme berdi?
DOGAN-UÝALAR TOBA EDEN GÜNÄKÄR BILEN ÖZÜNI NÄHILI ALYP BARDY?
7. Korinf şäherindäki günäkär adam ýygnakdan çykarlandan soň näme etdi? (2 Korinfliler 2:5—8).
7 2 Korinfliler 2:5—8-nji aýatlary okaň. Pawlus resul: «Şeýle adamy köpçüligiň ýazgarany ýeterlikdir» diýdi. Näme üçin? Sebäbi ol ýygnakdan çykarylandan soň agyr günä edendigine düşünip toba etdi. Şonuň üçinem oňa mundan artyk temmi bermek gerek däldi (Ýew. 12:11).
8. Pawlus korinflilere ýene nähili maslahat berdi?
8 Pawlus Korinfdäki mesihçilere toba eden dogany «ýürekden bagyşlaň we göwünlik beriň... şeýle adam söýgiňizi görsün» diýdi. Olar doganyny göwünli-göwünsiz däl-de, ýürekden kabul etmelidiler. Ony gowy görýändiklerini, bagyşlaýandyklaryny diňe bir aýtman, iş ýüzünde görkezmelidiler. Şonda ol özüni edil öýüne gelen ýaly, ýygnakda rahat we arkaýyn duýardy.
9. Korinfdäki mesihçilere näme üçin doganyny bagyşlamak aňsat bolan däldir?
9 Mukaddes Kitapda hiç zat aýdylmasa-da, Korinfdäki mesihçilere toba eden doganyny güler ýüz bilen kabul etmek aňsat bolan däldir. Sebäbi ol ahlaksyzlyk edip, ýygnagyň parahatlygyny bozdy, käbirleriniň bolsa ýüregine ýara saldy. Korinfdäki dogan-uýalar ahlak taýdan arassa ýaşamak üçin ençeme ýyllap elinde baryny etdiler. Şol sebäpli olar ahlaksyzlyk eden adamy gujak açyp garşy almagy adalatsyz hasaplandyrlar (Luka 15:28—30-njy aýatlary deňeşdiriň). Ýöne olar şonda-da toba eden doganyny ýürekden bagyşlamalydylar. Näme üçin?
10, 11. Mesihçiler doganyny bagyşlamasalar näme bolar?
10 Eger ýaşulular toba eden adamy ýygnakda dikeltmeseler näme bolar? Ýa-da ýaşulular dikeldensoň dogan-uýalar oňa ýüz bermese näme bolar? Ol adam özüni alaçsyz duýup, «gaýgydan ýaňa göwnüçökgünlige düşerdi». Ol «Ýehowa meni hiç haçan bagyşlamaz, durmuşymy üýtgetmegiň peýdasy ýok» diýip pikir ederdi.
11 Eger mesihçiler toba eden doganyny ýürekden bagyşlamasalar näme bolar? Olaryň Ýehowa bilen dostlugy bozular. Näme üçin? Sebäbi olar rehimdar, geçirimli Hudaý Ýehowanyň däl-de, zalym, doňýürek Şeýtanyň göreldesine eýererler. Olar Şeýtanyň elindäki gural bolup, doganynyň aýagyna palta urarlar (2 Kor. 2:10, 11; Efes. 4:27).
12. Korinfliler Ýehowadan nädip görelde alyp bilerdi?
12 Korinfdäki dogan-uýalar zalym, doňýürek Şeýtana meňzemän, Ýehowadan nädip görelde alyp biler? Olar toba eden doganyny güler ýüz bilen garşy alyp bilerdiler. Gadymy döwürde ýaşap geçen pygamberlerem geçirimli Hudaý Ýehowany taryplapdyr. Dawut pygamber: «Ýehowa, sen ýagşy, geçirimli» diýdi (Zeb. 86:5). Mikaý hem: «Halkynyň ýazyklaryny bagyşlaýan, günälerini geçýän seniň ýaly Hudaý barmy?» diýdi (Mik. 7:18). Işaýa pygamber bolsa: «Erbet adam ýaman ýolundan dänsin, zalym adam pälinden gaýtsyn. Ol Ýehowa dolansyn, oňa rehim eder. Hudaýymyza gelsin, ony doly bagyşlar» diýip ýazdy (Işa. 55:7).
13. Korinfdäki ýaşulular ýygnakdan çykarylan adamy näme üçin köp wagt geçmänkä dikeldip bilýärdiler? («I asyrda ýygnakdan çykarylan adam näçe wagtdan dikeldildi?» diýen çarçuwa serediň).
13 Korinfdäki dogan-uýalar Ýehowanyň göreldesine eýerip, toba eden adamy mähirli garşy alyp, onuň dolanyp gelenine begenýändigini görkezmelidiler. Şeýdip, olar Pawlusyň beren maslahatyna eýerip, Hudaýa «ähli zatda gulak asýandygyny» subut ederdiler (2 Kor. 2:9). Günä eden adamyň ýygnakdan çykarylanyna bary-ýogy birnäçe aý geçdi. Ýöne ol şol wagtyň içinde eden ýalňyşyna düşündi, toba etdi. Şol sebäpli ýaşululara ony ýygnakda dikeltmek üçin ýene birnäçe aý garaşmak gerek däldi.
REHIMDAR WE ADALATLY HUDAÝYŇ GÖRELDESINE EÝERIŇ
14, 15. Biz Korinf şäherinde bolan wakadan näme öwrenýäris? (2 Petrus 3:9; surata serediň).
14 Ýehowa Mukaddes Kitaba Korinfdäki bolan ýagdaýy ýöne ýere ýazdyrmady. Ol bize «öwüt-nesihat bermek» isleýär (Rim. 15:4). Şol waka Ýehowanyň agyr günälere göz ýummaýandygyny subut edýär. Ýehowa toba etmeýän günäkäre rehim etjek diýip, ony ýygnakdan çykarman, wepaly gullukçylarynyň imanynyň gowşamagyna ýol bermeýär. Ýehowa rehimdar Hudaý, ýöne biperwaý däl. Ol hiç kime adalatly kada-kanunlaryny bozmaga, edenini edip ýaşamaga ýol bermeýär (Ýahd. 4). Eger Ýehowa toba etmeýän günäkäri ýygnakdan çykarmaýan bolsa, onda oňa rehimdar Hudaý diýip bolmazdy. Sebäbi günäkär sebäpli tutuş ýygnak ejir çekerdi (Nak. 13:20; 1 Kor. 15:33).
15 Ýehowa hiç bir adamyň heläk bolmagyny islemeýär. Ol günäsine ökünip toba edýän we Hudaýy razy edip ýaşamak isleýän adamlara rehimdarlyk etmäge hemişe taýyn (Hyz. 33:11; 2 Petrus 3:9-y okaň). Şol sebäpli Ýehowa Pawlusa Korinfdäki dogan-uýalara hat ýazmagy tabşyrdy. Olara ýürekden toba eden doganyny ýygnakda gujak açyp garşy almagy maslahat berdi.
Mähirli we rehimdar Hudaýdan görelde alyp, dogan-uýalar toba eden adamy gujak açyp garşy alýarlar (14, 15-nji abzaslara serediň).
16. Korinf şäherinde bolan wakadan Ýehowa barada näme öwrenýäris?
16 Korinf şäherinde bolan wakadan görşümiz ýaly, Ýehowa adamlary söýýän, dogruçyl, adalatly Hudaý (Zeb. 33:5). Biz beýik Hudaýy tanaýandygymyza we oňa gulluk edýändigimize örän buýsanýarys. Biz rehimdar Hudaý Ýehowa minnetdar. Ol biziň günälerimizi bagyşlamak üçin gymmatly töleg töledi. Hawa, Ýehowa bizi söýýär, diňe ýagşylyk isleýär.
17. Indiki makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?
17 Käte dogan-uýalaryň biri agyr günä edip biler. Şonda ýaşulular Ýehowadan görelde alyp, oňa toba etmäge nädip kömek etmeli? Agyr günä eden adam ýygnakdan çykarylsa ýa-da dikeldilse dogan-uýalar onuň bilen özüni nähili alyp barmaly? Şu soraglaryň jogabyny indiki makaladan bileris.
109-NJY AÝDYM «Biri-biriňizi ýürekden söýüň»