Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w24 Oktýabr sah. 24—29
  • Ýürekde döreýän şübhäni ýeňiň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýürekde döreýän şübhäni ýeňiň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ŞÜBHÄNI ÝEŇMEK ÜÇIN NÄME ETMELI?
  • ÝEHOWA BIZI SÖÝÝÄRMI?
  • HUDAÝ ÜÇIN KÖP ZATDAN GEÇIP DOGRY ETDIMMI?
  • ÝEHOWA MENDEN RAZYMY?
  • Karara geleniňizde Ýehowa bil baglaň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
  • Beýik Biribara bil baglaň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Pespäl bolup, hemme zady bilmeýändigimizi boýun alalyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Ýehowa ýürek «ýaralary saraýar»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
w24 Oktýabr sah. 24—29

43-NJI MAKALA

90-NJY AÝDYM Birek-biregi ruhlandyralyň

Ýürekde döreýän şübhäni ýeňiň

«Her bir zadyň dogry ýa nädogrudygyny barlaň» (1 Sel. 5:21).

ESASY PIKIR

Biz şübhe döredýän pikirleriň duzagyna düşmän, Ýehowa wepaly bolmaly.

1, 2. a) Bizde nähili şübhe döräp biler? b) Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

ŞÜBHE her bir adamyň ýüreginde döräp bilýära. Käbir ýaşlar: «Ýehowa meni görýärmikä? Meni söýýärmikä?» diýip şübhelenýär. Hatda suwa çümdürilmäge hem ýaýdanýar. Orta ýaşa ýeten dogan-uýalar pulsuzlykdan kösenende we maşgalasyny eklemek kyn bolanda: «Ýaş wagtym pul gazanmagyň we ýokary bilim almagyň deregine, Ýehowanyň islegini birinji orunda goýup dogry etdimmi?» diýip oýlanýar. Garry dogan-uýalar bolsa ýaşlygyndaky ýaly Ýehowa gulluk edip bilmänsoň, özünden göwni geçýär. Sizde-de käte «Ýehowa meni söýýärmi? Ýaş wagtym Hudaý üçin köp zatlardan geçip dogry etdimmi? Men Ýehowany razy edýärinmi?» diýen soraglar döreýärmi?

2 Dogan-uýalar, eger ýüregimizdäki şübhäni köki bilen sogrup taşlamasak, Ýehowa bilen dostlugymyz bozular. Şu makalada 1) Ýehowanyň bizi söýýändigini, 2) ýaşlykdan Ýehowa üçin köp zatdan geçip dogry karara gelendigimizi we 3) Ýehowanyň bizden razydygyny görkezýän aýatlara serederis.

ŞÜBHÄNI ÝEŇMEK ÜÇIN NÄME ETMELI?

3. Şübhe döredýän soraglara nireden jogap tapmaly?

3 Biz biynjalyk edýän soraglarymyza Mukaddes Kitapdan jogap tapmaly. Şonda imanymyz berk bolar, Hudaý bilen ýakyndan dostlaşarys we hiç haçan ruhdan düşmeris (1 Kor. 16:13).

4. «Her bir zadyň dogry ýa nädogrudygyny» nädip barlamaly? (1 Selanikliler 5:21).

4 1 Selanikliler 5:21-i okaň. Hudaýyň Sözünde: «Her bir zadyň dogry ýa nädogrudygyny barlaň» diýilýär. Muny nädip etmeli? Biz şübhe döredýän soraglara Mukaddes Kitapdan jogap tapmaly. Aýdaly, ýaş dogan ýa-da uýa: «Ýehowa meni söýýärmikä? Aladamy edýärmikä?» diýip oýlanýar. Ol mekir ýüregine derrew ynanmagyň deregine, Mukaddes Kitapda näme diýilýändigini bilmeli.

5. Biz şübhe döredýän soraglara jogap tapmak üçin näme etmeli?

5 Ýehowa Mukaddes Kitap arkaly şübhe döredýän ähli soraglarymyza jogap berýär. Emma bizem tagalla etmeli. Ilki bilen, Ýehowa doga edip, ak pata bermegini we Öz pikirine düşünmäge kömek etmegini soramaly. Soňra guramanyň wideolary we edebiýatlary arkaly gözleg-barlag geçirmeli (Nak. 2:3—6). Şonda biynjalyk edýän ýa-da şübhe döredýän ähli soraglara jogap taparys. Belki, Ýehowa soraglarymyza bir aýat ýa-da edebiýatlardaky bir pikir arkaly jogap berer. Ýa-da biziňki ýaly duýgulary, kynçylyklary başdan geçiren pygamberleriň göreldesi hakda oýlanyp, ýüregimizde dörän şübhäni aýryp bileris.

6. Ýygnak duşuşyklary şübhäni aýyrmaga nädip kömek edýär?

6 Ýehowa şübhe döredýän soraglara ýygnak duşuşyklary arkaly hem jogap berýär. Eger biz ýygnaklara yzygiderli barsak, nutuklary we dogan-uýalaryň jogabyny ünsli diňlesek, ruhlanarys hem-de ýüregimizdäki şübhäni sogrup taşlarys (Nak. 27:17). Geliň, şübhe döredýän üç soragyň jogabyny bileliň.

ÝEHOWA BIZI SÖÝÝÄRMI?

7. Bizde nähili soragyň döremegi mümkin?

7 «Ýehowa meni gowy görýärmi?» Sizde-de käte şeýle sorag döreýärmi? Belki, siz älem-jahany ýaradan Hudaýyň ýanynda özüňizi tozanjyk ýaly duýup: «Heý-de, men Hudaýyň dosty bolup bilerinmi?» diýýänsiňiz. Dawut pygamber hem özüni şeýle duýupdy. Ol Gudratygüýçli Ýehowa barada oýlananda: «Eý Ýehowa, adam ogluna nazar salaryň ýaly, başy ölümli adama üns bereriň ýaly, ol kimmişin?» diýdi (Zeb. 144:3). Ýehowa oňa nädip jogap berýär?

8. Ýehowanyň ýaşlary gowy görýändigini nireden bilýäris? (1 Şamuwel 16:6, 7, 10—12).

8 Köpleriň ýaşlara göwni ýetmese-de, Ýehowa olary gowy görýär. Bir güni Ýehowa Şamuwel pygambere Ýessäniň ogullarynyň birini Ysraýylyň patyşasy edip bellemegi tabşyrýar. Ýesse Şamuwel pygamberiň ýanyna ýedi ogluny gezekli-gezegine çagyrýar, körpesini bolsa çagyrmaýarb. Ýehowa olaryň haýsyny patyşa edip saýlandyr öýdýärsiňiz? Ol Ýessäniň ýedi ogluny däl-de, sekizinji ogluny, ýagny Dawudy saýlaýar (1 Şamuwel 16:6, 7, 10—12-nji aýatlary okaň). Ýehowa Dawudyň ýüregini we berk imanyny görýär.

9. Ýehowanyň ýaşlary söýýändigini näme subut edýär? (Surata serediň).

9 Mähriban ýaşlar, dünýä inen günüňizden bäri, Ýehowa sizi gözüniň göreji ýaly gorap gelýär. Ol size tüýs wagtynda peýdaly maslahat berýär (Zeb. 32:8). Eger Ýehowa sizi tanamaýan ýa-da gowy görmeýän bolsa, aladaňyzy ederdimi? (Zeb. 139:1). Siz Ýehowanyň öwüt-ündewine gulak assaňyz, hiç haçan ökünmersiňiz. Onuň maslahatynyň peýdalydygyna düşünseňiz, sizi söýýändigine ynamyňyz has-da artar (1 Tar. 28:9; Res. 17:26, 27). Ýehowa siziň wepaly bolmak üçin edýän tagallaňyzy görýär. Ol siziň päk ýüregiňizi we ýagşy häsiýetleriňizi bilýär, siziň bilen dostlaşmak isleýär (Ýer. 17:10). Siz Ýehowanyň dosty bolarsyňyzmy? (1 Ýah. 4:19).

Uýa şahsy okuwyny geçirýär we wideo görýär, öňünde Mukaddes Kitap açyk dur.

«Hudaýy agtarsaň, hökman taparsyň» (1 Tar. 28:9; 9-njy abzasa serediň)c.


HUDAÝ ÜÇIN KÖP ZATDAN GEÇIP DOGRY ETDIMMI?

10. Geçmişi hakda oýlanýan dogan-uýalarda nähili sorag döreýär?

10 Käbir dogan-uýalar geçen günlerini ýatlap: «Ýaş wagtym Ýehowanyň islegini birinji orunda goýup dogry etdimmi?» diýip oýlanýar. Olar Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin ýokary okuw jaýynda okamadylar we baýlygyň yşkyna düşmediler. Ýöne aýlar-ýyllar geçdi, indi olar käte pulsuzlykdan kösenýär. Deň-duşlary baýadylar, zada-zar bolman ýaşaýar, elleri uzadan ýerine ýetýär. Şonda dogan-uýalar: «Hudaý üçin köp zatlardan geçip dogry etdimmi ýa-da deň-duşlarym ýaly baýlyk toplamaly ekenim?» diýip oýlanýandyr.

11. Zebur 73-nji baby ýazan adamy näme biynjalyk edýär?

11 Zebur 73-nji baby ýazan adam hem yzyna ser salyp ahmyr çekdi. Ol ildeşleriniň baý we döwran sürüp ýaşaýandygyny görýär (Zeb. 73:3—5, 12). Mezmurçynyň olara gözi gidýär we Ýehowa gulluk etmek üçin ähli zatdan galypdyryn diýip oýa batýar. Şeýle pikirler ony gününe goýmaýar (Zeb. 73:13, 14). Mezmurçy şübhe döredýän soraglaryna nädip jogap tapdy?

12. Zebur 73:16—18-nji aýatlara görä, mezmurçy näme etdi?

12 Zebur 73:16—18-nji aýatlary okaň. Mezmurçy Ýehowanyň mukaddes mekanyna barýar. Ol asuda we parahat ýerde oýlanýar: erbet adamlar gowy durmuşda ýaşasalar-da, gelejeginiň ýokdugyna düşünýär. Mezmurçy Ýehowanyň islegini birinji orunda goýýan adamlaryň ebedi ýaşajakdygyna göz ýetirýär. Şondan soňra onuň şübhesi zym-zyýat bolýar we göwni giňäp gidýär. Şeýlelikde, onuň imany berkeýär we soňky demine çenli Hudaýa wepaly bolmagy ýüregine düwýär (Zeb. 73:23—28).

13. Mezmurçynyň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz? (Surata serediň).

13 Siz hem mezmurçy ýaly biynjalyk edýän soraglaryňyza jogap tapyp bilersiňiz. Siz Ýehowa gulluk edip, alan bereketleriňiz hakda oýlanyň. Elbetde, siz ýer ýüzünde däl-de, gökde hazyna ýygnadyňyz. Ýehowa size guwanýar! Baý adamlaryň mal-mülki geçegçidir we olaryň ebedi ýaşamaga umydy ýokdur. Emma Ýehowa size ajaýyp sylagy, ýagny ebedi ýaşaýşy wada berýär (Zeb. 145:16). Şu sorag hakda oýlanyň: «Siz Ýehowany däl-de, dünýäni saýlan bolsaňyz, kösenmän, eşretli durmuşda ýaşardyňyzmy?» Siz Ýehowanyň islegini birinji orunda goýsaňyz, hem häzir, hem gelejekde bagtly ýaşarsyňyz.

Dogan dükanyň penjiresini ýuwýar. Ol Jennetdäki ýaşaýşy göz öňüne getirýär, ýagny aýaly bilen arabany ir-iýmişden doldurýar we keýiklere syn edýär

Ýehowanyň beren wadasyna iman ediň (13-nji abzasa serediň)d.


ÝEHOWA MENDEN RAZYMY?

14. Garry we ýarawsyz dogan-uýalaryň näme üçin özünden göwni geçýär?

14 Garry we ýarawsyz dogan-uýalar Ýehowa üçin köp zat edip bilmeýändigine gynanýar. Olar ýaş wagty gujur-gaýratlydy, arman-ýadaman hoş habary wagyz ederdi. Emma indi olaryň dyzynda kuwwaty ýok, ýöremäge haly ýok. Şonuň üçin olaryň özünden göwni geçip: «Ýehowa menden razymyka?» diýip oýlanýar.

15. Mezmurçy nämä göz ýetirýär?

15 Zebur 71-nji baby ýazan mezmurçy Hudaýa doga edip: «Güýç-gurbatym gaçanda, menden ýüz öwürme» diýdi (Zeb. 71:9, 18). Ol öňküsi ýaly güýç-kuwwaty bolmasa-da, Ýehowa wepaly bolsa, ony razy edýändigine göz ýetirýär. Hawa, Ýehowa garry we ýarawsyz bendelerine guwanýar, olaryň her bir tagallasyny gymmat saýýar (Zeb. 37:23—25).

16. Garry, ýarawsyz dogan-uýalar Ýehowany we imandaşlaryny nädip begendirýär? (Zebur 92:12—15).

16 Hormatly garry dogan-uýalar, Ýehowanyň sizi gowy görýändigini we söýýändigini hiç haçan unutmaň! Ol size imanda berk durmaga her gün güýç-kuwwat berer (Zebur 92:12—15-nji aýatlary okaň). Siz «ony etmäge, muny etmäge güýjüm ýok» diýmegiň deregine, edip biljek zatlaryňyz hakda oýlanyň. Meselem, dogan-uýalar sizi ýygnakda görüp örän ruhlanýar, olaryň hal-ýagdaýyny soranyňyzda monça bolýar. Siz olara Ýehowanyň ýyllarboýy goldap, eliniň aýasynda göterip gelýändigini gürrüň beriň. Şeýle-de Jenneti nähili göz öňüne getirýändigiňizi we ol ýerde nämeleri etjekdigiňizi aýdyp beriň. Galyberse-de, imandaşlaryňyz üçin Ýehowa doga ediň. Ýehowa siziň dogaňyza jogap berip, dogan-uýalary kyn gününde goldar (1 Pet. 3:12). Görşümiz ýaly, garry we ýarawsyz dogan-uýalar imandaşlaryny ýürekden goldap, Ýehowany razy edýär.

17. Siz näme üçin dogan-uýalar bilen özüňizi deňeşdirmeli däl?

17 Mähriban dogan-uýalar, siz öňkiňiz ýaly köp gulluk edip bilmeýändigiňiz üçin ruhdan düşýänsiňiz. Emma unutmaň, Ýehowa her bir edýän işiňizi gymmat saýýar. Belki, siz özüňizi dogan-uýalar bilen deňeşdirýänsiňiz. Deňeşdirmäň! Ýehowa ogul-gyzlaryny biri-biri bilen hiç haçan deňeşdirmeýär (Gal. 6:4). Meselem, Merýem «atyr ysly gymmatbaha... ýag» bilen Isa pygamberiň aýagyny ýuwýar (Ýah. 12:3—5). Garyp dul aýal bolsa bary-ýogy ikije teňňe sadaka berýär (Luka 21:1—4). Ýöne Isa pygamber olaryň ikisini hem berk imany üçin öwýär. Siz Ýehowany ýürekden söýýärsiňiz we oňa janyňyz-teniňiz bilen gulluk edýärsiňiz. Şonuň üçin gökdäki Ataňyz Ýehowa edýän ujypsyz tagallaňyzy hem gymmat saýýar.

18. Şübhäni ýeňmek üçin näme etmeli? («Hudaýyň Sözi arkaly şübhäni ýeňiň» diýen çarçuwa serediň).

18 Her bir adamyň ýüreginde şübhe döräp biler. Emma şübhe döredýän soraglara jogap tapyň. Her bir zadyň dogry ýa-da nädogrudygyny barlaň. Hudaýyň Sözüniň kömegi bilen ýüregiňizden şübhäni aýryň. Mähriban ýaşlar, Ýehowa siziň her biriňizi gowy görýär. Gadyrly dogan-uýalar, Ýehowa siziň ýaşlykda geçen zatlaryňyzy bilýär we 100 esse edip öwezini doljakdygyny wada berýär. Hormatly garry dogan-uýalar, Ýehowa siziň gadyryňyzy bilýär we wepaly gullugyňyzy gymmat saýýar.

Hudaýyň Sözi arkaly şübhäni ýeňiň

  • Ýehowa sizi söýýär

    «Gorkma, men seniň bilendirin, howsala düşme, men seniň Hudaýyňdyryn. Men saňa güýç bererin, kömek ederin, seni adalatly sag golum bilen goldaryn» (Işa. 41:10).

    «Men, Ýehowa, siziň Hudaýyňyz. Size peýdaly zatlary öwredýärin, ýöremeli ýoluňyzdan alyp barýaryn» (Işa. 48:17).

  • Ýehowa siziň Özi üçin geçen zatlaryňyzy bilýär

    «Oglum, ýüregiňde akyldarlyk kök ursa, meniň kalbym şatlanar» (Nak. 23:15).

    «Durmuşyňyzda pul söýgüsine orun bermäň, bar zadyňyza kaýyl boluň, sebäbi Hudaý: „Men seni terk etmerin, hiç wagt taşlamaryn“ diýendir» (Ýew. 13:5).

  • Ýehowa siziň azajyk hem bolsa edýän tagallaňyzy gymmat saýýar

    «Her kim Ýehowanyň beren berekedine görä sadaka getirsin» (5 Mus. 16:17).

    «Siz mukaddeslere häzire çenli hyzmat edip gelýärsiňiz. Hudaý şol işleriňizi we adyna bildiren söýgiňizi unutmaz. Sebäbi ol adalatsyz däldir» (Ýew. 6:10).

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  •  Ýehowanyň bizi söýýändigini nireden bilýäris?

  •  Hudaý üçin köp zatdan geçip dogry edendigimizi nireden bilýäris?

  •  Ýehowanyň bizden razydygyny nireden bilýäris?

111-NJI AÝDYM Şatlanyň!

a DÜŞÜNDIRILIŞ: adam Ýehowanyň söýýändigine, dogry karara gelendigine şübhelenýän bolsa, onuň imanynyň gowşandygyny aňlatmaýar.

b Ýehowa Dawudy patyşa edip saýlanda, ol ýetginjek oglan bolmaly. Emma Mukaddes Kitapda onuň ýaşy hakda hiç zat aýdylmaýar (w11-U 1/9 sah. 29, abz. 2).

c SURATYŇ BEÝANY: uýa gözleg geçirýär we Ýehowanyň garaýşyna düşünjek bolýar.

d SURATYŇ BEÝANY: dogan maşgalasyny eklemek üçin agyr zähmet çekýär we ýagty gelejege umyt edýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş