Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Ýanwar sah. 26—31
  • Töleg gurbany — dertlerimiziň dermany

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Töleg gurbany — dertlerimiziň dermany
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • TÖLEG GURBANYNYŇ PEÝDASY
  • GELEJEKDE ALJAK BEREKETLERIMIZ
  • TÖLEG GURBANYNA MINNETDAR BOLUŇ
  • Töleg gurbany arkaly Ýehowany we Isany gowy tanaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Siz iň wajyp güne nädip taýýarlanyp bilersiňiz?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Pespäl bolup, hemme zady bilmeýändigimizi boýun alalyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Karara geleniňizde Ýehowa bil baglaň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Ýanwar sah. 26—31

5-NJI MAKALA

108-NJI AÝDYM Hudaýyň wepaly söýgüsi

Töleg gurbany — dertlerimiziň dermany

«Isa Mesih günäkärleri halas etmek üçin dünýä geldi» (1 Tim. 1:15).

ESASY PIKIR

Töleg gurbanyna iman edýän adamlar köp bereket alýar we Ýehowa minnetdar bolup ýaşaýar.

1. Biz nädip Ýehowany begendirip bileris?

AÝDALY, siz dostuňyza gowy görýän hem-de gerekli zadyny sowgat berýärsiňiz. Bir gün siz dostuňyzyň öýüne baranyňyzda, beren sowgadyňyzyň şkafyň içinde tozan basyp duranyny göreniňizde gynanýarsyňyz. Ýöne dostuňyzyň beren sowgadyňyzy hezil edip, begenip ulanýandygyny göreniňizde bolsa begenýärsiňiz. Edil şonuň ýaly, Ýehowa-da eziz Ogluny biziň üçin gurban berdi. Eger biz töleg gurbanyna minnetdar bolsak, Ýehowanyň beren sowgadynyň gadyryny bilsek, Olam örän begener (Ýah. 3:16; Rim. 5:7, 8).

2. Şu makalada nämeleri bileris?

2 Biz ýyllar geçdigi saýyn töleg gurbanyna ýönekeý zat ýaly garamagymyz mümkin. Göýä biz ony şkafyň içine salyp, tozan basdyryp goýan ýaly bolmagymyz mümkin. Elbetde, biz Ýehowanyň beren sowgadyna begenýändiris, ýöne onuň gymmaty hakda oýlanýan däldiris. Şeýle ýagdaý bolmaz ýaly, biz Ýehowanyň we Isanyň eden uly ýagşylygy hakda her gün oýlanmaly. Şu makalada töleg gurbanynyň häzirden nähili peýda berýändigi, gelejekde nähili bereketlere eýe boljakdygymyz hakda gürrüň ederis. Şeýle-de Ýatlama agşamy döwri töleg gurbanyna minnetdarlygymyzy haýsy ýollar arkaly görkezip biljekdigimize serederis.

TÖLEG GURBANYNYŇ PEÝDASY

3. Töleg gurbanynyň nähili peýdasy bar?

3 Isanyň töleg gurbany biziň durmuşymyzy häzirden manyly edýär. Töleg gurbany berlendigi üçin Ýehowa biziň günälerimizi bagyşlaýar. Ol özüni borçly duýandygy üçin däl-de, bizi gowy görýändigi üçin günälerimizi geçýär. Mezmurçy Ýehowa minnetdar bolup: «Ýehowa, sen ýagşy, geçirimli» diýdi (Zeb. 86:5; 103:3, 10—13).

4. Ýehowa töleg gurbanyny kimler üçin berdi? (Luka 5:32; 1 Timoteos 1:15).

4 Käbir adamlar eden günäsini ýatlap: «Ýehowa meni hiç haçan bagyşlamaz. Men beýle uly ýagşylyga mynasyp däl» diýip pikir edýär. Aslynda, biziň hiç birimiz muňa mynasyp däl. Pawlus hem: «Resul adyny götermäge-de mynasyp däldirin» diýdi. Ýöne ol soňra: «Hudaýyň ýagşylygy bilen resul boldum» diýip ýazdy (1 Kor. 15:9, 10). Eger günälerimize toba etsek, Ýehowa bizi bagyşlar. Ýehowa bizi mynasyp bolandygymyz üçin däl-de, gowy görýändigi üçin bagyşlaýar. Eger siz: «Ýehowa meniň günälerimi hiç haçan bagyşlamaz, men muňa mynasyp däl» diýip pikir edýän bolsaňyz, şuny ýatdan çykarmaň: Ýehowa töleg gurbanyny kämil adamlar üçin däl-de, günäsine toba edýän adamlar üçin berdi (Luka 5:32; 1 Timoteos 1:15-nji aýatlary okaň).

5. Ýehowa bizi hökman bagyşlamaly diýip pikir etsek dogry bolarmy? Düşündiriň.

5 Biz ençeme ýyllap Ýehowa wepaly gulluk edendigimiz üçin: «Hudaýyň rehimdarlygyny gazandym» diýip pikir etsek nädogry bolar. Elbetde, Ýehowa biziň yhlasly we wepaly bolandygymyzy, eden işlerimizi hiç haçan unutmaz (Ýew. 6:10). Ýöne Ol töleg gurbanyny gulluk eden ýyllarymyzyň haky hökmünde däl-de, sowgat hökmünde berdi. Eger biz: «Men Ýehowanyň rehimdarlygyna mynasyp. Ol meni hökman bagyşlamaly» diýip pikir etsek, onda Mesihiň töleg gurbanynyň hiç hili peýdasy ýok diýdigimiz bolar (Galatýalylar 2:21-i deňeşdiriň).

6. Pawlus näme üçin yhlasly gulluk etdi?

6 Pawlus edýän işleri bilen Hudaýyň rehimdarlygyny gazanyp bilmejekdigine düşünýärdi. Onda näme üçin ol yhlasly gulluk etdi? Pawlus Ýehowanyň rehimdarlygyna mynasypdygyny subut etmek üçin däl-de, Hudaýyň ýagşylyklaryna minnetdardygy üçin janyny aýaman gulluk etdi (Efes. 3:7). Bizem Pawlus ýaly Ýehowa näçe köp gulluk etsegem, Onuň rehimdarlygyny gazanyp bilmejekdigimize düşünýäris. Ýöne ýüregimiziň minnetdarlykdan püre-pür bolandygy üçin, Oňa janaýaman gulluk edýäris.

7. Töleg gurbanynyň ýene nähili peýdasy bar? (Rimliler 5:1; Ýakup 2:23).

7 Töleg gurbanynyň berýän ýene bir peýdasy her bir adam Ýehowa bilen dostlaşyp bilýära. Geçen makaladan bilşimiz ýaly, Adam ata bilen How ene Ýehowadan ýüz öwrenden soň, olaryň özleri hem, nesilleri hem Ýehowanyň perzendi bolup bilmeýär. Ýöne töleg gurbanyna iman eden her bir adam Hudaý bilen ýaraşyp, Onuň dosty bolýar (Rimliler 5:1; Ýakup 2:23-nji aýatlary okaň).

8. Biz Ýehowa doga-dileg edip bilýändigimize näme üçin begenýäris?

8 Ýehowanyň dostlary Oňa doga-dileg edip bilýär. Ýehowa wepaly bendeleriniň diňe ýygnakda üýşüp edýän dogalaryny däl-de, eýsem ýekelikde edýän dogalaryny hem eşidýär. Ýehowa doga edenimizde ýüregimiz giňeýär, kalbymyz rahat bolýar. Esasanam, Hudaý bilen dostlugymyz berkeýär (Zeb. 65:2; Ýak. 4:8; 1 Ýah. 5:14). Isa-da ýer ýüzünde ýaşanda Atasyna hemişe doga edýärdi. Sebäbi ol Atasynyň dogalaryny diňleýändigini, Onuň bilen dostlugynyň berkeýändigini bilýärdi (Luka 5:16). Biz Isanyň töleg gurbany arkaly Ýehowa bilen dostlaşyp, Oňa arkaýyn doga-dileg edip bilýändigimize örän begenýäris.

GELEJEKDE ALJAK BEREKETLERIMIZ

9. Töleg gurbany Hudaýa wepaly adamlara gelejekde nähili peýda berer?

9 Töleg gurbany Ýehowanyň wepaly gullukçylaryna gelejekde nähili peýda berer? Olar ebedi ýaşarlar. Köp adamlar: «Häzire çenli ölüm-ýitim bolup dur. Heý-de ebedi ýaşap bolarmy?» diýýärler. Ýöne Ýehowa başda adamy ebedi ýaşamak üçin ýaratdy. Eger Adam ata günä etmedik bolsa, onda hiç bir adam ebedi ýaşaýşyň boljakdygyna şübhelenmezdi. Elbetde, häzir köp adamlara muňa ynanmak aňsat däl. Ýöne Ýehowa mähriban Ogluny gurban berip, biziň ebedi ýaşajakdygymyza kepil geçdi (Rim. 8:32).

10. Gelejekde bize nähili ýaşaýyş garaşýar?

10 Ebedi ýaşaýyş gelejekde bolsa-da, Ýehowa biziň häzirden şol durmuş barada oýlanmagymyzy isleýär. Saýlanan mesihçiler gökde Isa bilen höküm sürmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýar (Ylh. 20:6). Ýerde ýaşajak adamlar bolsa, agyrysyz-ünjüsiz ýaşajakdyklaryna begenýär (Ylh. 21:3, 4). Ýöne ýerde ýaşajaklara pesräk sylag berler diýsek dogry bolarmy? Elbetde, ýok! Aslynda, Hudaý adamlary ýerde ýaşamak üçin ýaratdy. Şonuň üçinem ýer ýüzünde ebedi we bagtly ýaşamak üçin ähli şertler bar.

11, 12. Biz Jennetde nähili bereketleri alarys? (Surata serediň).

11 Ýer ýüzündäki Jennetde hiç bir adam kesellärin ýa-da ölerin diýip alada etmez (Işa. 25:8; 33:24). Ýehowa sizi isleg-arzuwlaryňyza ýetirer. Siz Jennetde näme bilen meşgullanmak isleýärsiňiz? Belki-de, siz fizikany, himiýany, saz çalmagy, surat çekmegi öwrenesiňiz gelýändir. Jennetde binagärler, gurluşykçylar we fermerler gerek bolar. Şeýle-de daýhanlar, bagbanlar, aşpezler, zähmet gurallaryny ýasaýan ussalar Jenneti bezär (Işa. 35:1; 65:21). Jennetde biz täzeden-täze zatlary öwreneris.

12 Hiç kim, hiç ýere gyssanmaz, sebäbi adamlar 70-80 ýyl däl-de, ebedi ýaşar (Res. 24:15). Jennetde biz direlen adamlary gujak açyp garşy alarys. Ýehowanyň ýaradan gözel tebigaty we sansyz-sajaksyz janly-jandarlary barada köp zatlary öwreneris (Zeb. 104:24; Işa. 11:9). Esasy zat bolsa, günä Ýehowa sežde etmäge hiç hili päsgel bermez. Siz şol bereketleri «günäniň wagtlaýyn lezzetine» çalşarsyňyzmy? (Ýew. 11:25). Jennetde boljak durmuş dünýäniň häzirki eşretinden müň esse gowy bolar. Jennetdäki durmuş ýöne bir arzuw-hyýal däl. Biz tizden şol durmuşa ýeteris. Eger Ýehowa bizi söýüp, Ogluny gurban bermedik bolsa, onda şol bereketleriň hiç birini alyp bilmezdik.

Surat: dogan-uýalar Jennetde hezil edýär. 1) Är-aýal jaý gurýar. 2) Dogan skripka çalýar. 3) Är-aýal direlen gyzyny begenip garşy alýar. 4) Uýa toýundan küýze ýasaýar. 5) Uýa üzüm ýygýar. 6) Kakasy bilen ogly agaçdan sallanyp duran ýalta haýwana seredýär.

Siz Jennetdäki bereketleriň haýsysyna garaşýarsyňyz? (11, 12-nji abzaslara serediň).


TÖLEG GURBANYNA MINNETDAR BOLUŇ

13. Biz töleg gurbanynyň gadyryny bilýändigimizi nädip görkezmeli? (2 Korinfliler 6:1).

13 Biz töleg gurbanynyň gadyryny bilýändigimizi nädip görkezmeli? Munuň üçin Ýehowa gulluk etmegi durmuşda birinji ýerde goýmaly (Mat. 6:33). Isa-da: «Adamlar indi özleri üçin däl-de, olaryň hatyrasyna ölüp, soňra direlen üçin ýaşasyn» diýip janyny gurban berdi (2 Kor. 5:15). Biz Ýehowanyň ýagşylygyna sowuk-sala garamak islemeýäris, gaýtam onuň ynamyny ödemek isleýäris (2 Korinfliler 6:1-i okaň).

14. Biz Ýehowa bil baglaýandygymyzy nädip görkezip bileris?

14 Biz Ýehowa iman edip we onuň görkezmesine gulak asyp, ýagşylygyna minnetdardygymyzy görkezip bilýäris. Biz bilim almak we işe girmek meselesinde Ýehowanyň garaýşyny göz öňünde tutup, şoňa görä karara gelmeli (1 Kor. 10:31; 2 Kor. 5:7). Eger biz Ýehowa bil baglap karara gelsek, täsin zat bolup geçer: Ýehowa bilen dostlugymyz, imanymyz, umydymyz has-da berkär (Rim. 5:3—5; Ýak. 2:21, 22).

15. Ýatlama agşamy döwri töleg gurbanyna minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris?

15 Biz Ýatlama agşamyndan birki hepde öň we soň yhlasly gulluk edip, töleg gurbanyna minnetdardygymyzy görkezip bileris. Şeýle-de biz Ýatlama agşamyna tanyş-bilişlerimizi hem çagyryp bileris (1 Tim. 2:4). Çagyran adamlarymyza Ýatlama agşamynyň nähili geçirilýändigini düşündirmek üçin jw.org saýtyndaky «Isa pygamber näme üçin öldi?» we «Isa pygamberiň ölümini ýatlaň» diýen wideolary görkezip bileris. Ýaşulular hem wagyz etmeýän wagyzçylary Ýatlama agşamyna çagyrmaly. Ýehowanyň azaşan guzujyklarynyň yzyna dolananyny görüp, hem gökde, hem ýerde uly şatlyk bolar (Luka 15:4—7). Geliň, şonuň üçin Ýatlama agşamyna gelen myhmanlary we köpden bäri ýygnaga gelmeýänleri mähir bilen garşy alalyň. Goý, olar özüni öýüne gelen ýaly rahat duýsun (Rim. 12:13).

16. Biz Ýatlama agşamy döwri wagza näme üçin köpräk çykmaly?

16 Ýatlama agşamy döwri ruhy işlere yhlasly gatnaşyp Ýehowanyň we Isanyň eden ýagşylyklaryna minnetdardygymyzy görkezip bileris. Şol döwür köpräk wagza çyksaňyz, Ýehowanyň goldawyny has köp görersiňiz. Netijede, Ýehowa imanyňyz has-da berkär (1 Kor. 3:9). Şeýle-de biz Ýatlama agşamy döwri «Her günki aýady okalyň» broşýurasynda we «Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderinde» getirilýän Ýatlama agşamyna degişli aýatlary okap bileris. Şahsy okuwynda-da şol aýatlardan gözleg geçirmegi maksat goýup bileris.

17. Biz Ýehowany nädip razy edip bileris? («Ýehowa minnetdar boluň» diýen çarçuwa serediň).

17 Belki-de, siz makalany okap: «Men şu makalada aýdylýan zatlaryň hemmesine eýerip bilmeýärin» diýip, ruhdan düşmegiňiz mümkin. Ýöne ýatdan çykarmaň: Ýehowa sizi başgalar bilen deňeşdirmeýär. Ol siziň ýüregiňizi görýär. Ýehowa siziň töleg gurbanyna minnetdar bolup, güýjüňiziň ýetdiginden gulluk edýändigiňize örän begenýär (1 Şam. 16:7; Mar. 12:41—44).

Ýehowa minnetdar boluň

  • Ruhy işleri birinji orunda goýuň.

  • Ýatlama agşamy döwri köpräk wagyz ediň.

  • «Her günki aýady okalyň» broşýurasynda getirilýän Ýatlama agşamyna degişli aýatlary okaň.

  • Tanyş-bilişleriňizi Ýatlama agşamyna çagyryň.

  • Ýatlama agşamyna gelen myhmanlary gujak açyp garşy alyň.

Surat: Ýehowanyň ýagşylygyna minnetdar boluň. 1) Wagyzçy kömekçi pioner bolmak üçin arza doldurýar. 2) Dogan aýaly we iki çagasy bilen maşgala okuwyny geçirýär. 3) Är-aýal stendli wagyz edýär. Dogan bir ýigide Ýatlama agşamynyň çakylygyny berýär. 4) Är-aýal Ýatlama agşamyna gelen myhmanlary güler ýüz bilen garşy alýar.

18. Biz näme üçin Ýehowa Hudaýa we Isa Mesihe minnetdar bolmaly?

18 Biz diňe töleg gurbanyna iman etsek, günälerimiz bagyşlanar, Ýehowa bilen dostlaşarys we ebedi ýaşaýşa umyt edip ýaşarys. Geliň, bizi söýüp, ençeme bereketleri berýän Ýehowa Hudaýa alkyş aýdalyň (1 Ýah. 4:19). Şeýle-de bizi söýüp, şirin janyny gurban eden Isa Mesihe minnetdar bolalyň (Ýah. 15:13).

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  •  Töleg gurbanynyň nähili peýdasy bar?

  •  Töleg gurbany arkaly gelejekde nähili bereket alarys?

  •  Töleg gurbanyna minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris?

154-NJI AÝDYM Baky söýgi

a Ýehowa Isa Mesihden öň ýaşan wepaly bendeleriniň günäsini heniz töleg tölenmänkä bagyşlaýardy. Sebäbi ol Oglunyň soňky demine çenli wepaly boljakdygyny bilýärdi. Ýehowa üçin töleg eýýäm tölenen ýalydy (Rim. 3:25).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş