Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Mart sah. 8—13
  • Ýehowa we Isa ýaly pikirleniň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa we Isa ýaly pikirleniň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝEHOWA ÝALY PIKIRLENIŇ
  • PESGÖWÜNLI BOLUŇ
  • «SAGDYN DÜŞÜNJELI BOLUŇ»
  • Ol Halypasyndan bagyşlamagy öwrendi
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Karara geleniňizde Ýehowa bil baglaň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
  • Ol synaglarda wepaly galdy
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Petrus resul ýaly tutanýerli boluň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Mart sah. 8—13

10-NJY MAKALA

31-NJI AÝDYM Hudaýyň ýolundan ýöre

Ýehowa we Isa ýaly pikirleniň

«Mesih ynsan bedeninde görgi görüpdi. Siz hem onuň pikir edişi ýaly pikirlenmegi ýüregiňize berk düwüň» (1 Pet. 4:1).

ESASY PIKIR

Petrus resulyň göreldesine eýerip, Isa Mesihiňki ýaly pikirlenmegi öwreniň.

1, 2. Ýehowany söýmek näme we Isa Ýehowany söýýändigini nädip görkezdi?

ISA PYGAMBER şägirtlerine Musanyň kanunyndaky iň wajyp tabşyrygyň nämedigini düşündirip: «Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin güýjüň we bütin aň-düşünjäň bilen söý» diýdi (Luka 10:27). Biz Ýehowany bütin ýüregimiz bilen söýsek, oňa höwes bilen, şatlanyp gulluk ederis. Biz Ýehowany bütin janymyz bilen söýsek, oňa soňky demimize çenli wepaly bolarys. Biz bütin güýjümiz bilen söýsek, Hudaýa güýç-kuwwatymyzy gaýgyrman gulluk ederis. Şeýle-de biz bütin aň-düşünjämiz bilen söýsek, ähli zatda Ýehowanyňky ýaly pikirlenmäge jan ederis. Elbetde, biz Ýehowanyň pikirlerine doly akyl ýetirip bilmesek-de, onuň ýaly pikirlenjek bolmaly. Munuň üçin biz «Mesihiň pikir edişi ýaly pikirlenmegi» öwrenmeli. Sebäbi Isa ähli zatda Atasynyň göreldesine eýerdi (1 Kor. 2:16).

2 Isa Ýehowany bütin aň-düşünjesi bilen söýýärdi. Ol Ýehowanyň özünden nämä garaşýandygyny bilýärdi we şoňa görä ýaşaýardy. Isa hakykat üçin ejir çekmäge-de taýyndy. Onuň durmuşynda Ýehowanyň islegi birinji orunda durýardy. Isa hiç kimi we hiç zady Ýehowadan artyk söýmeýärdi.

3. Petrus resul Halypasyndan näme öwrendi we näme maslahat berdi? (1 Petrus 4:1).

3 Petrus we beýleki resullar hemişe Isanyň ýanynda bolup, onuň ýaly pikirlenmegi öwrendiler. Petrus resul Hudaýyň ylhamy bilen ýazan birinji hatynda mesihçilere Isanyň «pikir edişi ýaly pikirlenmegi ýüregine berk düwmegi» maslahat berdi (1 Petrus 4:1-i okaň). Petrusyň «ýüregiňize berk düwüň» diýen sözleri harby jümle bolup, sözme-söz «ýaraglanyň» diýmegi aňladýar. Eger mesihçiler Isa Mesihiň pikirlenişi ýaly pikirlenmegi öwrenseler, güýçli ýarag edinerler. Şeýlelikde, olar günäli höweslerine we Şeýtanyň dünýäsine garşy söweşde ýan bermezler (2 Kor. 10:3—5; Efes. 6:12).

4. Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

4 Şu makalada biz Isa Mesih ýaly pikirlenmek üçin näme etmelidigi barada gürrüň ederis we üç soragyň jogabyny  bileris: 1) Isa nädip Ýehowa ýaly pikirlendi? 2) Isa nädip pesgöwünli boldy? 3) Isa sagdyn düşünjelidigini nädip görkezdi?

ÝEHOWA ÝALY PIKIRLENIŇ

5. Petrus resul haýsy ýagdaýda Ýehowanyňky ýaly pikirlenip bilmedi?

5 Bir gün Isa pygamber şägirtlerine Iýerusalime baranlarynda uly ruhanylaryň elinden köp ejir çekmelidigini, soňra öldürilmelidigini düşündirip başlady (Mat. 16:21). Şonda Petrus resul ör-gökden geldi. Sebäbi ol Ýehowanyň ysraýylyň umydynyň we wada edilen Mesihiň ölümine ýol berjekdigine ynanyp bilmedi (Mat. 16:16). Şonuň üçin ol Isany bir gyra çekip: «Halypam, özüňe haýpyň gelsin! Beýle zat bolmasyn» diýip garşy çykdy (Mat. 16:22). Hawa, Petrus Ýehowanyňky ýaly pikir etmändigi üçin Halypasy bilen ylalaşyp bilmedi.

6. Isa pygamber pikiriniň Ýehowanyňky bilen deň gelýändigini nädip görkezdi?

6 Isa pygamberiň pikiri hemişe Atasynyňky bilen deň gelýärdi. Şonuň üçin ol Petrusa: «Çekil öňümden, Şeýtan! Sen Hudaýyň islegini ýerine ýetirmäge päsgel berýärsiň. Sen Hudaýyň isleýşi ýaly däl-de, adamlar ýaly pikirlenýärsiň» diýdi (Mat. 16:23). Elbetde, Petrus ýagşy niýet bilen «Halypam, özüňe haýpyň gelsin!» diýipdi. Emma Isa oňa gulak asmady, sebäbi Petrusyň aýdany Ýehowanyň pikirine garşy gelýärdi. Ýehowa Oglunyň özüne haýpynyň gelmegini däl-de, janyny gurban bermegini isleýärdi. Şonda Petrus Isadan Ýehowanyňky ýaly pikirlenmegi öwrenen bolsa gerek!

7. Petrus Ýehowanyňky ýaly pikirlenmegi öwrenmek isleýändigini nädip görkezdi? (Surata serediň).

7 Petrus Ýehowanyňky ýaly pikirlenmegi öwrenmek isleýärdi. Ýehowa başga milletden bolan adamlary öz halkynyň arasyna goşup başlady. Ol Petrusa Korneliýiň öýüne gidip wagyz etmegi tabşyrýar. Munuň üçin Petrus garaýşyny üýtgetmelidi, sebäbi ýehudylar başga halklar bilen gatnaşmaýardy. Emma Petrus Ýehowanyň islegine düşünýär we garaýşyny üýtgedýär. Ol «ýaýdanman» Korneliýiň öýüne gidýär (Res. 10:28, 29). Petrus Korneliýe we onuň tutuş maşgalasyna wagyz edýär, olaryň hemmesi suwa çümdürilýär (Res. 10:21—23, 34, 35, 44—48). Şeýlelikde, Korneliý başga halkdan bolan mesihçileriň  ilkinjileriniň biri bolýar.

Korneliý Petrusy we käbir doganlary öýüniň ýokarky gatyna alyp barýar.

Petrus Korneliýiň öýüne barýar (7-nji abzasa serediň).


8. Ýehowanyňky ýaly pikirlenýändigimizi nädip görkezip bileris? (1 Petrus 3:8).

8 Birnäçe ýyldan soň Petrus resul imandaşlaryna «bir pikirde» bolmagy maslahat berdi (1 Petrus 3:8-i okaň). Biz Mukaddes Kitaby okap, Ýehowanyň pikirine düşünsek, dogan-uýalar bilen bir pikirde bolup bileris. Aýdaly, bir dogan ýa-da uýa uzak wagtly gulluga başlamakçy bolýar. Ol Isa pygamberiň «Hudaýyň Patyşalygyny... hemişe birinji orunda goýuň» diýen maslahatyna eýermek isleýär (Mat. 6:33). Şonda biz dogana ýa-da uýa: «Pioner bolup özüňi kösemek nämä gerek!» diýmeris. Gaýtam ony öweris, ruhlandyrarys we maksadyna ýetmäge kömek ederis. Şonda Ýehowanyň pikirine düşünip, bir pikirde bolýandygymyzy görkezeris.

PESGÖWÜNLI BOLUŇ

9, 10. Isa pygamber pesgöwünlidigini nädip görkezdi?

9 Isa pygamber ölüminiň öň ýanyndaky gije Petrusa we beýleki şägirtlerine pesgöwünli bolmagy öwretdi. Ol şägirtleri bilen soňky sapar agşamlyk naharyny iýmek isleýärdi we Petrus bilen Ýahýa gerek-ýarak zatlary taýýarlap goýmagy tabşyrdy. Elbetde, Petrus bilen Ýahýa aýaklary ýuwup, süpürer ýaly gerek zatlary taýýarlap goýandyr. Emma şägirtleriň haýsy biri pesgöwünli bolup şu ýumşy ýerine ýetirer?

10 Isa pygamber ýerinden turup şägirtleriniň aýagyny ýuwup başlady. Ol şu işi etmegi özüne peslik bilmedi. Emma şägirtleri Isa haýran galyp seretdiler, sebäbi ol hyzmatkäriň işini edýärdi. Isa pygamber donuny çykardy, ýaglyk bilen bilini guşady. Soňra legene suw guýup, şägirtleriniň bir-birden aýagyny ýuwup başlady (Ýah. 13:4, 5). Elbetde, 12 şägirdiň aýagyny ýuwmak üçin wagt gerek bolandyr. Isa hatda özüne dönüklik etjegini bilse-de, Iudanyň hem aýagyny ýuwdy. Şeýdip, ol şägirtlerine pesgöwünli bolmakda görelde galdyrdy. Soňra Isa sabyrlylyk bilen şägirtlerine şeýle diýdi: «Meniň näme edendigime düşündiňizmi? Siz maňa „Mugallym“ we „Halypa“ diýýärsiňiz. Men, dogrudanam, Mugallymyňyz we Halypaňyz. Men Halypaňyz we Mugallymyňyz bolup-da, aýagyňyzy ýuwan bolsam, onda siz hem biri-biriňiziň aýagyňyzy ýuwmaly» (Ýah. 13:12—14).

Pesgöwünlilik pikirden başlanýar

11. Petrusyň pesgöwünli bolmagy öwrenendigini nireden bilýäris? (1 Petrus 5:5; surata serediň).

11 Petrus resul Halypasy Isanyň göreldesine eýerip pesgöwünli boldy. Isa Mesih göge dolanansoň, Petrus gudrat bilen dogabitdi agsak adamy sagaldýar (Res. 1:8, 9; 3:2, 6—8). Şonda märeke Petrusyň gudratyny görüp haýran galýar (Res. 3:11). I asyrda ýehudylar at-abraýa kowalaşýardy. Petrus hem şeýle adamlaryň arasynda önüp-ösüpdi. Petrus gudrat görkezensoň, özüni öwüp arşa galdyrdymy? Elbetde, ýok! Petrus Ýehowanyň we Isanyň kömegi bilen agsak adamy sagaldandygyny pesgöwünlilik bilen boýun alýar. Ol şeýle diýýär: «Siziň görüp duran we tanaýan adamyňyzy Isanyň ady bilen sagaltdyk, sebäbi biz onuň adyna iman edýäris» (Res. 3:12—16). Şondan birnäçe wagt geçensoň, Petrus mesihçilere hat ýazýar. Ol hatyny ýazýarka, Isa pygamberiň bilini guşap, şägirtleriniň aýagyny ýuwşy ýadyna düşen bolmaly (1 Petrus 5:5-i okaň).

Petrus bilen Ýahýa ybadathanada dur. Olaryň ýanynda gudrat bilen sagalan dogabitdi agsak adam dur. Petrus elini ýokary galdyryp dur.

Petrus Ýehowanyň we Isanyň kömegi bilen agsak adamy sagaldandygyny pesgöwünlilik bilen boýun alýar. Bizem başgalar görmese-de ýagşylyk etsek, pesgöwünlidigimizi görkezeris (11, 12-nji abzaslara serediň).


12. Petrusyň göreldesine eýerip nädip pesgöwünli bolup bileris?

12 Biz Petrus resulyň göreldesine eýerip pesgöwünli bolmaly. Adamyň gepleýşinden onuň pesgöwünlidigini bilip bolmaýar. Petrus resulyň «pesgöwünli boluň» diýip ulanan jümlesi sözme-söz «pikiriňde pesgöwünli bolmagy» aňladýar. Biz tabşyrylan işi başgalary haýran galdyrmak üçin däl-de, Ýehowany we dogan-uýalary söýýändigimiz üçin etmeli. Başgalar tagallamyzy görmese-de, Ýehowa şatlanyp gulluk etsek we dogan-uýalara hyzmat etsek, pesgöwünlidigimizi subut ederis (Mat. 6:1—4).

«SAGDYN DÜŞÜNJELI BOLUŇ»

13. Sagdyn düşünjeli adam nähili bolýar?

13 Petrus resul «sagdyn düşünjeli bolmagy» maslahat berdi (1 Pet. 4:7). Sagdyn düşünjeli adam Ýehowanyň garaýşyny göz öňünde tutup karara gelýär. Ol hiç kime we hiç zada Hudaý bile dostlugyny bozmaga ýol bermeýär. Sagdyn düşünjeli adam özüne ýokary baha bermeýär we hemme zady bilmeýändigini boýun alýar. Şeýle-de ol hemişe Ýehowa bil baglaýar we doga edip görkezme soraýar.

14. Petrus resul Halypasyndan näme üçin ýüz öwürdi?

14 Isa pygamber ölüminiň öň ýanyndaky gije şägirtlerine: «Şu gije hemmäňiz menden ýüz öwrersiňiz» diýdi. Şonda Petrus özüne göwni ýetip: «Hemmeler senden ýüz öwürse-de, men hiç haçan ýüz öwürmerin!» diýdi. Şol gije Isa birnäçe sapar: «Oýa bolup, dyngysyz doga ediň» diýip maslahat beripdi (Mat. 26:31, 33, 41). Eger Petrus Halypasynyň maslahatyna gulak asan bolsady, onda Isanyň şägirdidigini mertlik bilen boýun alardy. Emma Petrus Isany  diňlemedi, ondan ýüz öwürdi. Soňra bolsa eden işine ökündi (Mat. 26:69—75).

15. Isa pygamber sagdyn düşünjelidigini nädip görkezdi?

15 Isa pygamber Atasyna doly bil baglady. Ölüminiň öň ýanyndaky gije ol gaýta-gaýta doga etdi. Şeýdip, ol agyr synaga mertlik bilen döz geldi we Atasynyň islegini soňuna çenli ýerine ýetirdi (Mat. 26:39, 42, 44; Ýah. 18:4, 5). Petrus resul Halypasynyň uzak gije eden dogasyny hiç wagt unudan däldir.

16. Petrus sagdyn düşünjeli bolmagy öwrenendigini nädip görkezdi? (1 Petrus 4:7).

16 Petrus resul wagtyň geçmegi bilen Ýehowa bil baglap, hemişe doga etmegi öwrendi. Isa pygamber ölümden direlensoň, Petrusa we beýleki resullaryna mukaddes ruhdan dolup, hoş habary wagyz etjekdiklerini aýtdy. Emma mukaddes ruhy alýançalar, Iýerusalimde garaşmagy tabşyrdy (Luka 24:49; Res. 1:4, 5). Petrus Iýerusalimde garaşýarka näme etdi? Ol imandaşlary bilen «dyngysyz doga etdi» (Res. 1:13, 14). Birnäçe ýyldan soň Petrus birinji hatyny ýazanda dogan-uýalara «sagdyn düşünjeli bolup», hemişe doga etmegi maslahat berdi (1 Petrus 4:7-ni okaň). Hawa, Petrus Ýehowa bil baglap, I asyrda ýygnagyň berk diregi boldy (Gal. 2:9).

17. Sagdyn düşünjeli bolmak üçin näme etmeli? (Surata serediň).

17 Biz sagdyn düşünjeli bolmak üçin Ýehowa hemişe doga etmeli. Biz hiç haçan öz ukybymyza, tejribämize daýanmaly däl, gaýtam Ýehowadan kömek soramaly. Biz, esasan, wajyp karara gelmeli bolanymyzda Ýehowadan görkezme soramaly. Şonda Ýehowanyň bize hemişe ýagşylyk isleýändigine ynanýandygymyzy görkezeris.

Petrus doga edip Ýehowa bil baglamagy öwrendi. Biz, esasan, wajyp karara gelmeli bolanymyzda Ýehowadan görkezme sorasak, sagdyn düşünjeli bolup bileris (17-nji abzasa serediň)a.


18. Ýehowanyň pikirlenişi ýaly pikirlenmek üçin näme etmeli?

18 Biz Ýehowa Hudaýa örän minnetdar, ol bizi öz keşbinde ýaratdy. Biz Ýehowanyň häsiýetlerinden görelde alyp bilýäris (1 Mus. 1:26). Elbetde, biz Ýehowanyň pikirlerine doly akyl ýetirip bilmeýäris (Işa. 55:9). Emma Petrus resuldan görelde alyp, Ýehowanyňky ýaly pikirlenmegi öwrenip bilýäris. Şonuň üçin, geliň, hemişe Ýehowanyňky ýaly pikirlenip, pesgöwünli we sagdyn düşünjeli bolalyň.

BIZ... ÜÇIN NÄME ETMELI?

  •  Ýehowanyňky ýaly pikirlenmek

  •  pesgöwünli bolmak

  •  «sagdyn düşünjeli bolmak»

30-NJY AÝDYM Hudaýym, Dostum, Atam

a SURATYŇ BEÝANY: işe girmekçi bolýan uýa içinden doga edýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş