Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Mart sah. 14—19
  • Isa ýaly yhlasly boluň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa ýaly yhlasly boluň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝEHOWANYŇ ISLEGINI BIRINJI ORUNDA GOÝUŇ
  • PYGAMBERLIKLER HAKDA OÝLANYŇ
  • ÝEHOWA BIL BAGLAŇ
  • UMYDYŇYZY ÜZMÄŇ
  • Şatlyk bilen wagyz edeliň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Wagyzçylar, söýgiňiz ot bolup tutaşsyn!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Pespäl bolup, hemme zady bilmeýändigimizi boýun alalyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Karara geleniňizde Ýehowa bil baglaň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Mart sah. 14—19

11-NJI MAKALA

57-NJI AÝDYM Hemmelere wagyz edeliň

Isa ýaly yhlasly boluň

«Isa... şägirt saýlap, olary iki-ikiden öz gitjek bolýan şäherlerine we obalaryna iberdi» (Luka 10:1).

ESASY PIKIR

Isa pygamber ýaly yhlasly wagyz etmäge kömek edýän dört ädim.

1. Ýehowanyň Şaýatlary nämede tapawutlanýar?

ŞU GÜNLER köp adamlar özüni Isa pygamberiň şägirdi hasaplaýar, emma diňe Ýehowanyň Şaýatlary Isanyň göreldesine eýerip, hoş habary yhlaslya wagyz edýär (Tit. 2:14). Ýöne yhlasly wagyz etmek hemişe aňsat bolmaýar. Bir ýygnak ýaşulusy: «Käte meniň wagyz edesim gelmeýär» diýýär.

2. Käte hoş habary yhlasly wagyz etmek näme üçin kyn bolýar?

2 Belki, biz hoş habary wagyz edenimizde däl-de, guramanyň işlerini edenimizde has köp şatlyk tapýandyrys. Sebäbi azabymyzyň ýerine düşendigini görüp begenýändiris. Meselem, biz gurluşyk işine gatnaşanymyzda sanlyja günde Ýygnak jaýlarynyň gurlandygyny görenimizde, tebigy betbagtçylykda dogan-uýalaryň ýykylan öýlerini dikeldenimizde, olara hoş söz aýdyp ruhlandyranymyzda monça bolýarys. Şeýle-de imandaşlarymyz bilen agzybir, eginme-egin işleşenimizde we olara ýagşylyk edip, sagbolsun alanymyzda başymyz göge ýetýär. Emma ençeme ýyl wagyz etsek-de, adamlar hoş habara seslenmese, hatda garşy çyksa ruhdan düşýäris. Şeýle-de biz dünýäniň soňy golaýlaşdygyça hoş habary wagyz edýändigimiz üçin yzarlanjakdygymyzy bilýäris (Mat. 10:22). Şeýle kynçylyklara garamazdan, hoş habary yhlasly wagyz etmäge näme kömek eder?

3. Isanyň yhlasly wagyz edendigini haýsy mysaldan bilýäris? (Luka 13:6—9).

3 Biz wagza yhlasymyz gowşamaz ýaly, Isa pygamberiň göreldesine eýermeli. Ýer ýüzünde gulluk edende onuň yhlasy hiç gowşamady, gaýtam günsaýyn ot kimin tutaşdy (Luka 13:6—9-njy aýatlary okaň). Isa pygamberiň gürrüň beren mysalynda bagban üç ýyllap hasyl almasa-da, injir agajynyň düýbüni ýumşadýar, dökün dökýär. Isa-da edil bagban ýaly takmynan üç ýyllap ýehudylara wagyz edipdi. Olaryň köpüsi diňlemese-de, injiri çapmadyk bagban ýaly, Isa-da olardan umydyny üzmedi. Gaýtam hoş habary olaryň ýüregine ýetirmek üçin has-da yhlasly wagyz etdi.

4. Isa ýaly yhlasly bolmaga haýsy dört ädim kömek edýär?

4 Isa pygamber ýerdäki ömrüniň soňky alty aýy hoş habary has-da yhlasly wagyz etdi (Luka 10:1). Biz onuň göreldesine eýersek we öwreden zatlary boýunça ýaşasak yhlasly bolup bileris. Geliň, Isa pygamber ýaly yhlasly bolmaga kömek edýän dört ädime seredeliň: 1) Ýehowanyň islegini birinji orunda goýuň, 2) Mukaddes Kitabyň pygamberlikleri hakda oýlanyň, 3) Ýehowa bil baglaň we 4) adamlardan umydyňyzy üzmäň.

ÝEHOWANYŇ ISLEGINI BIRINJI ORUNDA GOÝUŇ

5. Isa pygamber Hudaýyň islegini nädip birinji orunda goýdy?

5 Isa pygamber «Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary» yhlasly wagyz edýärdi, sebäbi Ýehowanyň wagyz etmek üçin ýer ýüzüne iberendigini bilýärdi (Luka 4:43). Isa üçin wagyz etmekden wajyp zat ýokdy. Ol ömrüniň soňky günlerinde hem «şäher-şäher, oba-oba aýlanyp» wagyz etdi (Luka 13:22). Şeýle-de Isa şägirtlerine hem wagyz etmegi öwretdi (Luka 10:1).

6. Guramada edilýän işler wagyz işiniň ilerlemegine nädip goşant goşýar? (Surata serediň).

6 Ýehowa we Isa Mesih biziň hoş habary wagyz etmegi hemme zatdan wajyp hasaplamagymyzy isleýär (Mat. 24:14; 28:19, 20). Guramada edilýän islendik iş hoş habaryň ilerlemegine goşant goşýar. Meselem, dogan-uýalar gurluşyga gatnaşyp Ýygnak jaýyny gurýarlar. Ol ýerde bolsa hoş habara seslenen adamlar Ýehowa sežde edip bilýär. Beýtelde edilýän işler bolsa hoş habaryň has köp ýerlere ýaýramagyna goşant goşýar. Biz tebigy betbagtçylykdan ejir çekýän dogan-uýalaryň öýlerini dikeldýäris, sebäbi olaryň tizden-tiz ruhy işlerini ýola goýmagyny we hoş habary wagyz etmeklerini isleýäris. Görşümiz ýaly, Ýehowa hoş habary durmuşymyzda birinji orunda goýmagymyzy isleýär. Eger biz şuňa düşünsek, janymyz-tenimiz bilen wagyz ederis. Wengriýada ýaşuly bolup gulluk edýän Ýanos dogan şeýle diýýär: «Ýehowanyň maňa tabşyran iň wajyp ýumşy hoş habary wagyz etmek. Guramada ýerine ýetirýän işlerimiň hiç biri wagyz etmegiň ýerini tutmaýar».

Surat: 1) dogan guramanyň gurluşyk işine gatnaşýar. 2) Dogan Beýteliň işine öýünden kömek edýär. 3) Ýaňky iki dogan bir adama wagyz edýär.

Ýehowa we Isa hoş habary wagyz etmegi hemme zatdan wajyp hasaplamagymyzy isleýär (6-njy abzasa serediň).


7. Ýehowa näme üçin biziň yhlasly wagyz etmegimizi isleýär? (1 Timoteos 2:3, 4).

7 Ýehowa ýaly bizem adamlary gowy görsek, hoş habary yhlasly wagyz ederis. Ýehowa hemme adamlaryň hoş habary eşitmegini we hakykat ýolundan ýöremegini isleýär (1 Timoteos 2:3, 4-nji aýatlary okaň). Şonuň üçin Ol bize adamlaryň janyny halas edýän hoş habary wagyz etmegi öwredýär. Meselem, «Adamlary söýüň, şägirt taýýarlaň» broşýuradaky maslahatlar adamlar bilen gürrüňdeşlige başlamagy we şägirt taýýarlamagy öwredýär. Köp adamlar hoş habara seslenmese biz ruhdan düşmeli däl. Sebäbi uly betbagtçylyk döwri olar: «Ýehowanyň Şaýatlarynyň aýdýany dogry eken» diýip, Hudaýyň halkynyň arasyna goşulmagy mümkin. Emma adamlar şol döwür halas bolar ýaly, biz häzirden hoş habary yhlasly wagyz etmeli.

PYGAMBERLIKLER HAKDA OÝLANYŇ

8. Isa pygamber näme üçin bir minudyny hem ýele sowurmak islemedi?

8 Isa pygamber Mukaddes Kitapdaky käbir pygamberlikleriň özi hakda ýazylandygyny bilýärdi. Ol özüniň üç ýarym ýyl gulluk etmelidigine, ejir çekip soňra öldüriljekdigine düşünýärdi (Dan. 9:26, 27; Luka 18:31—34). Isa wagtynyň az galandygyny bilýändigi üçin bir minudyny hem ýele sowurmak islemeýärdi. Şeýdip, ol özüne tabşyrylan ýumşy doly ýerine ýetirmek üçin jany-teni bilen wagyz etdi.

9. Pygamberlikler hoş habary wagyz etmegiň wajypdygyna düşünmäge nädip kömek edýär?

9 Biz Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleriň ýerine ýetýändigine düşünsek, yhlasly wagyz ederis. Dünýäniň soňy golaýlaşýar. Gorkunç wakalaryň boljakdygy we adamlaryň gylyk-häsiýetiniň erbetleşjekdigi hakdaky pygamberlikler gözümiziň alnynda ýerine ýetýär. Danyýar kitabynda «dünýäniň soňunda» günorta we demirgazyk patyşasynyň arasynda çaknyşygyň boljakdygy pygamberlik edilen. Biz şu günler günorta patyşasynyň Angliýa-Amerika dünýä imperiýasyny, demirgazyk patyşasynyň bolsa Russiýany we onuň tarapdarlaryny aňladýandygyna düşünýäris (Dan. 11:40). Bu iki patyşalyk häli-şindi biri-biri bilen çaknyşýar. Şeýle-de biz Danyýar 2:43—45-nji aýatlarda ýazylan heýkeliň topugyndan aşagynyň Angliýa-Amerika dünýä imperiýasyny aňladýandygyna hem düşünýäris. Pygamberlige görä, tizden Hudaýyň Patyşalygy ähli ynsan hökümetlerini ýok eder. Ýerine ýetýän pygamberlikler biziň soňky günleriň soňky sagatlarynda ýaşaýandygymyzy we hoş habary wagyz etmegiň gaýragoýulmasyzdygyny görkezmeýärmi näme?!

10. Mukaddes Kitapdaky wadalar yhlasly wagyz etmäge nädip kömek edýär?

10 Mukaddes Kitapdaky wadalar hem bize hoş habary yhlasly wagyz etmäge kömek edýär. Dominikan Respublikasynda gulluk edýän Kerri uýa şeýle diýýär: «Ýehowanyň Jennet hakdaky ajaýyp wadalary hakda oýlananymda, hoş habary wagyz etmän durup bilmeýärin. Men adamlaryň kösenip ýaşaýandygyny görenimde, olaryň hem meniň ýaly ýagty gelejege umyt edip ýaşamagyny isleýärin». Mukaddes Kitapdaky wadalar hiç kimi ala tutman, Ýehowanyň kömegi bilen hemme adamlara wagyz etmäge kömek edýär. Wengriýada ýaşaýan Leýla şeýle diýýär: «Işaýa 11:6—9-njy aýatlardaky sözler hakda oýlananymda islendik adamyň Ýehowanyň kömegi bilen durmuşyny üýtgedip biljekdigine düşünýärin. Şonuň üçin: „Şu-la hakykaty kabul etmez“ diýip pikir edýän adamlaryma hem hoş habary wagyz edýärin». Zambiýada ýaşaýan Kristofer dogan şeýle diýýär: «Markus 13:10-da hoş habaryň bütin ýer ýüzüne wagyz ediljekdigi ýazylan. Men şu pygamberligiň ýerine ýetmegine azajyk hem bolsa goşant goşup bilýändigime begenýärin». Dogan-uýalar, Mukaddes Kitapdaky haýsy wadalar ýa-da pygamberlikler sizi yhlasly wagyz etmäge höweslendirýär?

ÝEHOWA BIL BAGLAŇ

11. Isa pygamber näme üçin Ýehowa hemişe bil baglaýardy? (Luka 12:49, 53).

11 Isa Ýehowa bil baglandygy üçin hoş habary yhlasly wagyz etdi. Ol wagyz edende sypaýyçylykly, sylaşykly gepleşse-de, käbirleriniň hoş habara seslenmejekdigini, hatda garşy çykjakdygyny bilýärdi (Luka 12:49, 53-nji aýatlary okaň). Wagyz edýändigi üçin dini ýolbaşçylar birnäçe sapar Isany öldürjek boldular (Ýah. 8:59; 10:31, 39). Emma Isa Ýehowa bil baglap, wagyz etmegini dowam etdi. Ol: «Men ýeke däl, meni iberen Atam meniň bilendir... Ol meni ýeke goýmaýar, men hemişe onuň halaýan işlerini edýärin» diýdi (Ýah. 8:16, 29).

12. Isa şägirtlerini yzarlamalara nädip taýýarlady?

12 Isa şägirtlerine Ýehowa bil baglamagyň wajypdygyny düşündirdi. Ol şägirtlerine yzarlanlarynda Ýehowa bil baglamalydygyny gaýta-gaýta aýtdy (Mat. 10:18—20; Luka 12:11, 12). Şeýle-de gözsüz batyrlyk etmän, seresap bolmalydygyny hem düşündirdi (Mat. 10:16; Luka 10:3). Isa hoş habary diňlemek islemeýän adamlary mejbur etmeli däldigini öwretdi (Luka 10:10, 11). Ol şägirtlerine: «Sizi bir şäherde yzarlasalar, başga şähere gaçyň» diýip maslahat berdi (Mat. 10:23). Isa Ýehowa bil baglap yhlasly wagyz edýärdi, emma ol özüni hiç haçan oda atmaýardy (Ýah. 11:53, 54).

13. Biz nämä ynamly bolup bileris?

13 Yzarlama bolanda hoş habary yhlasly wagyz etmek üçin bize-de Ýehowanyň kömegi gerek (Ylh. 12:17). Biz Ýehowanyň goldajakdygyna näme üçin ynamly bolup bileris? Muňa düşünmäge Ýahýa 17-nji bapda ýazylan Isa pygamberiň dogasy kömek edýär. Isa Atasyndan resullaryny goramagy haýyş edýär. Ýehowa Oglunyň dilegine jogap berýär. Resullar kitabynda Ýehowanyň yzarlamalar döwri şägirtlere yhlasly wagyz etmäge kömek edendigi ýazylan. Şeýle-de Isa dogasynda diňe bir resullaryny däl, eýsem olaryň habaryna seslenjek adamlary hem goramagy haýyş edýär. Diýmek, Isa pygamber siziň üçin hem Atasyna doga edipdir. Ýehowa Isanyň dilegine şu günlerem jogap berýär. Ol I asyrda resullara yhlasly wagyz etmäge kömek eden bolsa, size-de kömek eder (Ýah. 17:11, 15, 20).

14. Kyn döwürde-de yhlasly wagyz etjekdigimize näme ynandyrýar? (Surata serediň).

14 Dünýäniň soňy golaýlaşdygyça hoş habary wagyz etmek has-da kynlaşar, emma Isa Ýehowanyň bizi ýeke goýmajakdygyny, kömek etjekdigini aýtdy (Luka 21:12—15). Biz Isanyň we resullaryň göreldesine eýerip, adamlary hoş habary diňlemäge mejbur etmeli däl ýa-da olar bilen dawalaşmaly däl. Eger wagyz işi gadagan edilse, biz öz güýjümize däl-de, Ýehowa bil baglamaly we her bir mümkinçilikden peýdalanyp wagyz etmeli. Ýehowa I asyrda resullara yhlasly wagyz etmäge güýç berdi. Ol bize-de tä «boldy» diýýänçä, hoş habary «birkemsiz wagyz etmäge» kömek eder (2 Tim. 4:17). Eger biz Ýehowa bil baglasak, hoş habary hemişe hyjuw bilen wagyz ederis.

Wagyz işi gadagan edilen ýurtda ýaşaýan dogan-uýalar imany hakda gürrüň berýärler, ýöne seresap bolmagy unutmaýarlar (14-nji abzasa serediň)b.


UMYDYŇYZY ÜZMÄŇ

15. Isa pygamberiň adamlardan umydyny üzmändigini nireden bilýäris?

15 Isa köp adamlaryň hoş habara seslenjekdigine ynanýardy. Şonuň üçin ol janaýaman yhlasly wagyz etdi. B. e. 30-njy ýylynyň ahyrynda Isa köp adamlaryň hoş habara seslenýändigini görüp, olary ýetişen hasyla meňzetdi (Ýah. 4:35). Şondan bir ýyl geçensoň, ol şägirtlerine: «Hasyl bol» diýdi (Mat. 9:37, 38). Birnäçe wagtdan soň aýdan pikirini nygtap: «Hasyl bol... Şonuň üçin hasyl ýygnamaga işçi iberer ýaly, hasyl Eýesine ýalbaryň» diýdi (Luka 10:2). Isa adamlar hoş habara seslenmez diýip, olardan umydyny üzmeýärdi. Gaýtam akýürekli adamlar hakykata gelende örän begenýärdi (Luka 10:21).

16. Isa haýsy mysallar arkaly adamlardan umydyňy üzmeli däldigini düşündirdi? (Luka 13:18—21; surata serediň).

16 Isa pygamber şägirtlerine yhlasly wagyz etmek üçin adamlardan umydyny üzmeli däldigini düşündirdi. Ol iki mysal gürrüň berdi (Luka 13:18—21-nji aýatlary okaň). Isa Patyşalyk baradaky hoş habary gorçisa dänesine meňzetdi. Kiçijik dänäniň ösüp uly agaç bolşy ýaly, hoş habara köp adamlaryň seslenjekdigini we muňa hiç zadyň päsgel berip bilmejekdigini aýtdy. Şeýle-de Isa Patyşalyk baradaky hoş habary hamyrmaýa meňzetdi. Bölejik hamyrmaýanyň tutuş hamyry çişirişi ýaly, hoş habaryň hem dünýäniň dört künjeginde wagyz ediljekdigini, birbada göze görünmese-de, köp adamlaryň durmuşyny üýtgedip hakykat ýolundan ýörejekdigini düşündirdi. Şeýdip, Isa şägirtlerini yhlasly wagyz etseler, köp adamlaryň hoş habara seslenjekdigine ynandyrdy.

Iki uýa stendli wagyz edýär, köp adamlar eýläk-beýläk geçýär.

Isa pygamberiň göreldesine eýerip, adamlardan umydyňyzy üzmäň (16-njy abzasa serediň).


17. Biz ýene näme üçin yhlasly wagyz etmeli?

17 Biz şu günler bütin dünýäde hoş habara seslenýän adamlaryň günsaýyn köpelýändigini eşidenimizde has-da yhlasly wagyz edýäris. Her ýyl millionlarça adam Ýatlama agşamyna gatnaşýar we Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar. Ýüz müňlerçe adam suwa çümdürilip, hoş habary wagyz edýär. Biz ýene näçe adamyň hoş habara seslenjekdigini bilmeýäris, emma Ýehowanyň uly betbagtçylykda az sanly adamy däl-de, uly märekäni halas etjekdigini bilýäris (Ylh. 7:9, 14). Hasyl Eýesi Ýehowa entegem hoş habara köp adamlaryň seslenjekdigini bilýär. Şonuň üçin, geliň, badymyzy gowşatman Ýehowa tä «boldy» diýýänçä wagyz edeliň.

18. Biz nähili adam hökmünde tanalmak isleýäris?

18 Isanyň şägirtlerini hemişe yhlasly wagyzçylar diýip tanaýarlar. I asyrda resullar mertlik bilen wagyz edende, adamlar olaryň «Isanyň ýanynda bolandygyna» düşündiler (Res. 4:13). Dogan-uýalar, geliň, bizem hoş habary yhlasly wagyz edeliň. Şonda adamlar bizi hem Isa pygamberiň hakyky şägirtleri diýip tanarlar.

ISADAN GÖRELDE ALYP NÄDIP... BILERIS?

  •  yhlasly wagyz edip

  •  Ýehowa bil baglap

  •  adamlardan umydymyzy üzmän

58-NJI AÝDYM Parahatlygy söýýänleri gözläliň

a DÜŞÜNDIRILIŞ: yhlasly mesihçi Ýehowa höwes bilen, jany-teni bilen sežde edýär.

b SURATYŇ BEÝANY: dogan ýangyç guýulýan ýerde bir adama wagyz edýär, ýöne seresap bolmagy unutmaýar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş