14-NJI MAKALA
8-NJI AÝDYM Ýehowa penamyz
«Kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň»
«Men bolsa maşgalam bilen Ýehowa gulluk etjek» (Ýuşa 24:15).
ESASY PIKIR
Ýehowa gulluk etmegi näme üçin saýlandygyňyzy unutmaň.
1. Biz bagtly bolmak üçin näme etmeli we näme üçin? (Işaýa 48:17, 18).
ALADAÇYL Atamyz Ýehowa bizi ýürekden söýýär. Ol biziň häzirem, gelejekde-de bagtly bolmagymyzy isleýär (Nes. 3:12, 13). Ýehowa adamlara dürli ukyp-başarnyklary berse-de, olara bir-biriniň üstünden höküm sürmäge we ýagşy-ýamany saýgarmaga ukyp bermedi (Nes. 8:9; Ýer. 10:23). Adamlar diňe Ýehowa gulluk etse we onuň kada-kanunlary boýunça ýaşasa bagtly bolup bilýär (Işaýa 48:17, 18-nji aýatlary okaň).
2. Şeýtan bizi nämä ynandyrjak bolýar we Ýehowa onuň ýalançydygyny subut etmek üçin näme etdi?
2 Şeýtan: «Adamlar Ýehowasyz hem bagtly bolup bilýär, olar bir-biriniň üstünden höküm sürse has gowy bolýar» diýip ynandyrjak bolýar (1 Mus. 3:4, 5). Ýehowa Şeýtanyň ýalançydygyny subut etmek üçin, az wagtlyk adamlaryň hökümdarlyk etmegine ýol berdi. Ýöne adamlaryň alan galasy bolmady. Olaryň golastyndaky adamlar kösenip ýaşaýar. Mukaddes Kitapda Ýehowa gulluk edip bagtly ýaşan erkekdir aýallar hakda ýazylan. Şolaryň biri Isa pygamber. Biz makalada şu soraglaryň jogabyny bileris: Isa pygamber Ýehowa gulluk etmegi näme üçin saýlady? Ýehowa sežde etmegimize näme üçin mynasyp? Biz näme üçin Ýehowa gulluk etmegi saýladyk?
ISA PYGAMBER ÝEHOWA GULLUK ETMEGI SAÝLADY
3. Şeýtan Isa näme teklip etdi we Isa nämäni saýlady?
3 Isa pygamber ýer ýüzünde ýaşanda kime gulluk etjegini saýlamaly boldy. Suwa çümdürilenine köp wagt geçmänkä, Şeýtan ony synap, özüne sežde etse dünýäniň ähli patyşalyklaryny berjekdigini aýdýar. Isa oňa: «Ýanymdan aýryl, Şeýtan! „Ýehowa Hudaýyňa sežde etmeli, diňe oňa gulluk etmeli“ diýip ýazylgy» diýýär (Mat. 4:8—10). Isa pygamber näme üçin Ýehowa gulluk etmegi saýlady? Geliň, käbir sebäplerini bileliň.
4, 5. Isa pygamber näme üçin Ýehowa gulluk etmegi saýlady?
4 Isa pygamber Ýehowany söýýändigi üçin oňa gulluk etmegi saýlady (Ýah. 14:31). Ol Atasyny şeýle güýçli söýýär welin, onuň söýgüsini hiç zat sowadyp bilmeýär (Ýah. 8:28, 29; Ylh. 4:11). Şeýle-de Isa pygamber Ýehowa mynasypdygy üçin sežde edýärdi. Sebäbi Ýehowa ýaşaýşyň Gözbaşy, ynamdar hem-de jomart Hudaý (Zeb. 33:4; 36:9; Ýak. 1:17). Ýehowa Isa hemişe hakykaty aýdýardy, ondan hiç zat gizlemeýärdi (Ýah. 1:14). Isa pygambere ähli zady Atasy beripdi. Ýöne Ýehowadan tapawutlykda Şeýtan adamlara günäni we ölümi berdi. Ol açgöz hem-de özüni bilýän ýalançy (Ýah. 8:44). Isa pygamber şu zatlary bilýändigi üçin Şeýtan ýaly Ýehowa garşy çykmak hakda pikirem etmedi (Flp. 2:5—8).
5 Isa pygamber Ýehowa gulak asmagyň peýdalydygyny bilýärdi. Şonuň üçin hem ol Ýehowa gulluk etmegi saýlady (Ýew. 12:2). Eger ol Ýehowa wepaly bolsa, Atasynyň adyny aklajakdygyna, adamlary günäden we ölümden halas edip biljekdigine düşünýärdi.
ÝEHOWA SEŽDE EDILMÄGE MYNASYP HUDAÝ
6, 7. Köp adamlar näme üçin Ýehowa sežde etmeýär we Ýehowa näme üçin biziň sežde etmegimize mynasyp?
6 Şu günler köp adamlar Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri we eden ýagşylyklary hakda bilmeýärler. Şonuň üçinem oňa gulluk etmeýärler. I asyrda Pawlus resulyň wagyz eden Afina şäherinde-de Hudaýy tanamaýan adamlar bardy (Res. 17:19, 20, 30, 34).
7 Pawlus resul afinalylara hak Hudaýy tanadyp şeýle diýdi: «Adamlara ýaşaýşy, demi we ähli zady özi berýär. Ol bir adam arkaly ähli milletleri döretdi... Biz ol arkaly ýaşaýarys, hereket edýäris we bardyrys». Şol sebäpli Ýehowa sežde edilmäge mynasyp Hudaý (Res. 17:25, 26, 28).
8. Ýehowa adamlary nämä mejbur etmeýär? Düşündiriň.
8 Ýehowa Älemiň Hökümdary we Ýaradyjysy bolandygy üçin adamlary özüne sežde etdirip bilerdi. Ýöne ol hiç bir adamy mejbur etmeýär. Gaýtam Ol bize köp ýagşylyk edip, hak Hudaýdygyny we her birimizi söýýändigini subut edýär. Ol her bir adam bilen ebedi dost bolmak isleýär (1 Tim. 2:3, 4). Ýehowa ähli adamlaryň niýetleri we gelejekde etjek işleri hakda bilmegini isleýär. Şol sebäpli bize ökdelik bilen wagyz eder ýaly tälim berýär (Mat. 10:11—13; 28:19, 20). Şeýle-de Oňa sežde edip biler ýaly, ýygnaklary döredýär we aladamyzy eder ýaly ýaşululary belleýär (Res. 20:28).
9. Ýehowanyň adamlary söýýändigini näme subut edýär?
9 Hak Hudaýa ynanmaýan adamlar hem Ýehowanyň söýgüsini görýärler. Sebäbi Ýehowa olara ýagşylyk edýär. Muny adamzat taryhy subut edýär. Milliardlarça adamlar ýagşy-ýamany özleri saýlap, isleýşi ýaly ýaşaýarlar. Ýöne Ýehowa şonda-da olaryň hezil edip ýaşamagy üçin gerek zatlaryny ýetirip durýar (Mat. 5:44, 45; Res. 14:16, 17). Meselem, olar dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary bilen süýji-süýji söhbet edýärler. Dünýä inen balajygyny bagryna basyp, mähir siňdirip ulaldýarlar we çeken zähmetiniň hözirini görýärler (Zeb. 127:3; Nes. 2:24). Dogrudanam, gökdäki Atamyz Ýehowanyň hemme adamlary söýýändigine şek-şübhe ýok (2 Mus. 34:6). Geliň, häzir Ýehowa gulluk etmegi näme üçin saýlandygymyzy ýada salalyň we oňa gulluk edip alýan bereketlerimiz hakda gürrüň edeliň.
ÝEHOWA GULLUK ETMEGI SAÝLADYK
10. a) Biz näme üçin Ýehowa gulluk edýäris? (Matta 22:37). b) Ýehowanyň geçirimli Hudaýdygy size nähili täsir edýär? (Zebur 103:13, 14).
10 Isa ýaly bizem Ýehowany söýýäris (Matta 22:37-ni okaň). Ýehowanyň häsiýetleri barada näçe köp öwrensek, şonça-da onuň bilen dostlaşarys. Meselem, Ýehowanyň geçirimli Hudaýdygy hakda oýlanyp görüň. Ysraýyl halky Ýehowa gulak asman onuň ýolundan sowulýar. Şonda Ýehowa olara: «Erbet ýollaryňyzdan dönüň, durmuşyňyzy üýtgediň» diýdi (Ýer. 18:11). Ýehowa günäli bolandygymyz üçin gaýta-gaýta ýalňyşýandygymyza düşünýär (Zebur 103:13, 14-nji aýatlary okaň). Eger sizem Ýehowanyň günäleriňizi näçe gezek bagyşlandygy hakda oýlansaňyz, Oňa ebedi gulluk edesiňiz geler.
11. Biz ýene näme üçin Ýehowa gulluk edýäris?
11 Ýehowa sežde edilmäge mynasyp bolandygy üçin Oňa gulluk edýäris (Mat. 4:10). Biz Ýehowa wepaly bolup onuň adyny aklaýarys, ýüregini şatlandyrýarys we Şeýtanyň ýalançydygyny subut edýäris. Eger biz häzirden Ýehowa gulluk etmegi saýlasak, gelejekde Oňa ebedi sežde ederis (Ýah. 17:3).
12, 13. Jeýn bilen Pemden näme öwrenýäris?
12 Biz ýaşlygymyzdan Ýehowany söýmegi öwrensek, ulalanymyzda-da şol söýgimiz ot deý tutaşyp durar. Muny süýtdeş doganlar Jeýn we Pem bilen bolan wakadan hem görse bolýar.a Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlanda Jeýn 11 ýaşyndady, Pem bolsa 10 ýaşyndady. Olaryň ene-atasy Mukaddes Kitapdan okuw geçmese-de, Jeýn bilen Peme Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnaklaryna gitmäge rugsat berýärler. Ýöne olar ene-atasy bilen hepdede bir gezek buthana-da gitmelidi. Jeýn şeýle gürrüň berýär: «Ýehowanyň Şaýatlarynyň Mukaddes Kitapdan öwreden zatlary maňa deň-duşlarymyň täsirine düşmän, neşe çekmän we ahlaksyzlyk etmän arassa ýaşamaga kömek etdi».
13 Jeýn bilen Pem ýetginjek wagty wagyzçy bolýar. Birnäçe wagt geçensoň, olar pioner gullugyna başlaýar. Şol wagtlar olar garry ene-atasynyň hem aladasyny edýärdiler. Jeýn ýaşlygyny ýatlap şeýle gürrüň berýär: «Men Ýehowanyň wepaly dostlarynyň aladasyny edýändigine we 2 Timoteos 2:19-da aýdylyşy ýaly, „Ýehowanyň saýlanlaryny bilýändigine“ öz durmuşymda göz ýetirdim. Ýehowa wepaly we özüne jany-teni bilen sežde edýän gullukçylarynyň hemişe aladasyny edýär».
14. Biz Ýehowanyň mukaddes adyny aklamak üçin näme etmeli? (Surata serediň).
14 Biz adamlara Ýehowany tanadyp, Onuň mukaddes adyny aklamak isleýäris. Aýdaly, siziň mähirli, jomart, geçirimli dostuňyz bar. Eger biri dostuňyzy ýalançy, doňýürek diýip aýyplasa näme edersiňiz? Siz ýalan gep-gürrüňlere ynanman, dostuňyzyň arkasyny tutarsyňyz. Edil şonuň ýaly, Şeýtan we onuň yzyna eýerýän adamlar Ýehowanyň mukaddes adyna gara ýöňkeýärler. Emma biz adamlara Ýehowa hakdaky hakykaty mertlik bilen wagyz etsek, Şeýtanyň ýalançydygyny subut ederis (Zeb. 34:1; Işa. 43:10). Biz Ýehowa bütin janymyz bilen gulluk edesimiz gelýär. Şonuň üçin hoş habary wagyz edýäris we ýumşak, mähirli, ýagşy edim-gylymly bolýarys.
Siz Ýehowanyň adyny aklarsyňyzmy? (14-nji abzasa serediň)b.
15. Pawlus resul durmuşyny üýtgedip nähili bereket aldy? (Filipililer 3:7, 8).
15 Biz Ýehowany razy etmek we oňa köpräk gulluk etmek üçin durmuşymyzy üýtgetmäge taýyn. Meselem, Pawlus resul ýehudy dinine uýýarka, ildeşleriniň arasynda atly-abraýlydy, oňa uly hormat goýýardylar (Gal. 1:14). Emma ol Isa Mesihiň şägirdi bolmak we Ýehowa gulluk etmek üçin, şol zatlaryň ählisinden geçdi. Şeýlelikde, Pawlus ençeme gyzykly wakalary başdan geçirdi we Isa Mesih bilen gökde höküm sürmek sylagyna eýe boldy. Ol Ýehowa gulluk etmegi saýlandygyna hiç haçan ökünmedi, bizem ökünmeris (Filipililer 3:7, 8-nji aýatlary okaň).
16. Juliýadan näme öwrenýäris? (Surata serediň).
16 Biz Ýehowa gulluk etmegi birinji orunda goýsak, häzirem, gelejekde-de köp bereketleri alarys. Geliň, Juliýa barada gürrüň edeliň. Ol çagalygyndan buthanada aýdym aýdýardy. Bir gün ökde opera aýdymçysy Juliýanyň zehinine üns berýär we oňa operanyň inçe syrlaryny öwredip başlaýar. Juliýa ökdeleşip il-içinde tanalyp başlaýar we meşhur ýerlerde çykyş edýär. Konserwatoriýada okap ýörkä, kursdaşy Juliýa Hudaý barada gürrüň berýär we onuň adynyň Ýehowadygyny aýdýar. Juliýa hem gyzyklanyp, hepdede iki gezek Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar. Şeýlelikde, Juliýa ömrüni aýdym-saza däl-de, Ýehowa bagyş etmegi ýüregine düwýär. Oňa şeýle karara gelmek aňsat bolmaýar. Juliýa şeýle gürrüň berýär: «Köp adamlar maňa: „Zehiniňi köýdürdiň“ diýýärdiler. Ýöne men janym-tenim bilen Ýehowa gulluk etmek isleýärdim». Juliýa 30 ýyl mundan öňki gelen kararyna häzirem ökünmeýär. Ol şeýle diýýär: «Men Ýehowa gulluk etmegi saýlanyma birjigem ahmyr etmeýärin. Sebäbi Ýehowanyň gelejekde ýürek arzuwlarymy hasyl etjekdigine şübhelenmeýärin» (Zeb. 145:16).
Ýehowa gulluk etmegi birinji orunda goýsak, häzir hem gelejekde bagtly ýaşarys (16-njy abzasa serediň)c.
ÝEHOWA GULLUK ETMEGI DOWAM EDIŇ
17. Wagtyň az galandygy Ýehowa gulluk etmegi saýlanlara we saýlamadyk adamlara nähili täsir edýär?
17 Zalym dünýäniň ýok ediljek wagty ýetip gelýär. Pawlus resul: «Ýene „biraz wagt“ bar, „ol hökman geler, eglenmez“» diýdi (Ýew. 10:37). Diýmek, adamlaryň Ýehowanyň halkyna goşulmak üçin azajyk wagty bar (1 Kor. 7:29). Şeýle-de Ýehowanyň halky kynçylyklara duş geler, ýöne şol kynçylyklar uzaga çekmez. Olaryň Ýehowa ebedi gulluk etjek döwrüne hem az wagt galdy.
18. Ýehowa bilen Isa bizi näme etmäge höweslendirýär?
18 Isa şägirtlerine diňe bir öz yzyna eýerip başlamagy däl-de, eýsem eýermegi dowam etmegi maslahat berdi (Mat. 16:24). Biziň hem köpümiz Ýehowa birnäçe ýyldan bäri gulluk etsek-de, beren wadamyza görä ýaşamak üçin elimizde baryny etmeli. Elbetde, muny etmek hemişe aňsat däldir. Ýöne şeýle etsek, Ýehowadan köp bereket alarys we gelen kararymyza hiç haçan ökünmeris (Zeb. 35:27).
19. Jen dogandan näme öwrenýäris?
19 Käbirileri Ýehowa gulluk etmek üçin köp zatdan geçmeli diýip pikir edýärler. Ýaşlar, siz hem özüňizi Ýehowa gulluk edip gowy zatdan galýan ýaly duýýarsyňyzmy? Ýetginjek dogan Jen şeýle gürrüň berýär: «Ýehowanyň Şaýatlaryny hemme hezillikden galýan ýaly hasaplaýardym. Deň-duşlarym keýp çekip, söýşüp, uruşly wideo oýunlary oýnap hezil edýärdiler. Men bolsa haçan görseň ýa ýygnakda, ýa-da gullukdadyryn». Şeýle pikir etmek Jene nähili täsir etdi? Ol şeýle gürrüň berýär: «Men bir elde iki garpyz tutjak bolýardym, hem Ýehowa gulluk edýärdim, hem deň-duşlarym ýaly ýaşaýardym. Elbetde, başda hezil boldy, ýöne onuň gyzygy uzaga çekmedi. Men Ýehowanyň kada-kanunlarynyň peýdalydygyna düşünip başladym we Ýehowa janym-tenim bilen gulluk etmegi ýüregime düwdüm. Şol günden bäri Ýehowa meniň her bir dogama jogap berýär».
20. Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?
20 Mezmurçy Ýehowa aýdym aýdyp: «Howlularyňda ýaşamaga çagyran adamyň... bagtlydyr» diýdi (Zeb. 65:4). Geliň, bizem Ýuşanyň sözlerine goşulyp: «Men bolsa maşgalam bilen Ýehowa gulluk etjek» diýeliň (Ýuşa 24:15).
28-NJI AÝDYM Kim Ýehowa dost bolup biler?
a Käbir atlar üýtgedildi.
b SURATYŇ BEÝANY: bir aýal kongres geçirilýän ýerde imandan dänenleriň Şaýatlary ýamanlaýandygyny görensoň, stendiň ýanyna gelýär we hakykaty eşidýär.
c SURATYŇ BEÝANY: sahnalaşdyrylan suratda Juliýanyň Ýehowa gulluk etmegi saýlandygy görkezilýär.