32-NJI MAKALA
38-NJI AÝDYM Hudaý saňa güýç berer
Ýehowa bizi çydamly edýär
«Ýagşylyga baý Hudaý size doly tälim berer, berkider, güýç berer we çydamly eder» (1 Pet. 5:10).
ESASY PIKIR
Doga etmek, Mukaddes Kitap, dogan-uýalar we gelejege umyt kynçylyklara döz gelmäge kömek edýär.
1. Biz näme üçin çydamly bolmaly we bize kim kömek eder? (1 Petrus 5:10).
SOŇKY günlerde ýaşaýandygymyz üçin kynçylyklar üsti-üstüne bolýar. Käbirlerimiz bejerip bolmaýan kesel sebäpli kösenýändiris, dogan-garyndaşlarymyzyň biri aradan çykandyr, maşgala agzalarymyz Ýehowa gulluk etmegimize garşydyr, ýa bolmasa hökümet işgärleri yzarlaýandyr (Mat. 10:18, 36, 37). Käte şeýle kynçylyklar çekip-çydardan agyr bolýar. Ýöne başymyza nähili kynçylyk düşse-de, Ýehowa döz gelmäge kömek eder (1 Petrus 5:10-ny okaň).
2. Mesihçilere çydamly bolmaga näme kömek edýär?
2 Çydamly adam başyna kynçylyk düşende, yzarlananda ýa-da günäli höwesleri bilen göreşende, Ýehowa wepaly bolýar we oňa şadyýan gulluk edýär. Ol ähli zadyň gowulaşjakdygyna ynanýar. Mesihçiler başyna düşen kynçylygy «öz güýji bilen däl-de, Hudaýyň güýji bilen» ýeňýär (2 Kor. 4:7). Şu makalada Ýehowanyň haýsy dört usul arkaly çydamly bolmaga kömek edýändigini we olaryň her birinden näme öwrenip biljekdigimiz hakda gürrüň ederis.
DOGA-DILEG
3. Ýehowa doga-dileg etmek näme üçin ajaýyp sowgat?
3 Ýehowa bize çydamly bolmaga kömek edýän täsin sowgat berdi. Biz günäli bolsak-da, Ýehowa bilen gepleşip bilýäris (Ýew. 4:16). Biz islendik wagt Ýehowa doga-dileg edip, oňa ýüregimizi döküp bilýäris. Biz haýsy dilde, haýsy ýerde, hatda türmede Ýehowa doga-dileg etsek-de, Ol bizi eşidýär (Ýun. 2:1, 2; Res. 16:25, 26). Käte gaýgy-aladalar şeýle bir üstümizi basýar welin, Ýehowa dileg edenimizde aýtmaga söz tapmaýarys. Ýöne şeýle ýagdaýda-da, Ýehowa biziň näme diýjek bolýandygymyza düşünýär (Rim. 8:26, 27). Dogrudanam, Ýehowa doga-dileg etmek ajaýyp sowgat!
4. Ýehowanyň kynçylyklarda kömek etmek isleýändigini nireden bilýäris?
4 Mukaddes Kitapda Ýehowanyň «islegine görä näme dilesek, onuň hökman eşitjekdigi» aýdylýar (1 Ýah. 5:14). Biz kynçylyklarda çydamly bolar ýaly Ýehowadan kömek sorap bilýärismi? Elbetde, sebäbi Ýehowanyň özi kömek soramagymyzy isleýär. Eger biz kynçylyklarda çydamly bolsak, Ýehowa töhmetçi Şeýtana jogap berip bilýär (Nak. 27:11). Şeýle-de Mukaddes Kitapda «Ýehowanyň özüne ýürekden wepaly adamlara kömek edýändigi» aýdylýar (2 Tar. 16:9). Geliň, şonuň üçin Ýehowanyň kynçylyklarda bize kömek etmek isleýändigine we güýç-kuwwat berjekdigine asla şübhelenmäliň (Işa. 30:18; 41:10; Luka 11:13).
5. Ýehowa doga etmek kalbymyza nädip rahatlyk berýär? (Işaýa 26:3).
5 Kynçylyklarymyz hakda yzygider doga etsek, «ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygy (biziň) ýüreklerimizi we pikirlerimizi... gorar» (Flp. 4:7). Ýehowanyň ýüregimize giňlik berýändigine örän minnetdar. Hak Hudaýy tanamaýan adamlar başyna kynçylyk düşende, gaýgy-aladasyny unudyp, jany aram tapar ýaly her zat edýärler (Matta 12:43—45-nji aýatlary deňeşdiriň). Olar biraz wagt köşeşseler-de, ýüreginde hakyky parahatlygy duýup bilmeýärler. Ýöne biz kynçylyklarda Ýehowa doga edip, Oňa bil baglaýarys we «parahat» ýaşaýarys (Işaýa 26:3-i okaň). Ýehowa Mukaddes Kitapdaky göwünlik berýän aýatlary ýadymyza salyp, kalbymyza rahatlyk berýär. Olar Ýehowanyň bizi juda gowy görýändigini we kömek etmek isleýändigini ýatladýar. Şonda gaýgy-aladalarymyz zym-zyýat bolýar (Zeb. 62:1, 2).
6. Doga edenimizde nämäni ýatdan çykarmaly däl? (Surata serediň).
6 Siz näme edip bilersiňiz? Başyňyza kynçylyk düşende «gaýgy-aladaňyzy Ýehowa tabşyryň» we ýüregiňize parahatlyk bermegini diläň (Zeb. 55:22). Şeýle-de kynçylyklardan baş alyp çykmaga akyldarlyk soraň (Nak. 2:10, 11). Ýöne Ýehowa sagbolsun aýtmagy hem unutmaň (Flp. 4:6). Ýehowanyň her gün çydamly bolmaga nädip kömek edendigi hakda oýlanyň we beren goldawy, eden ýagşylyklary üçin minnetdarlyk aýdyň. Dogan-uýalar, kynçylyklar gözüňizi gapmasyn, Ýehowanyň şu güne çenli eden ýagşylyklarynyň üstüni ýapmasyn! (Zeb. 16:5, 6).
Doga-dileg edeniňizde Ýehowa sizi diňleýär. Mukaddes Kitaby okanyňyzda bolsa siz Ýehowany diňleýärsiňiz (6-njy abzasa serediň)b.
MUKADDES KITAP
7. Mukaddes Kitap bize çydamly bolmaga nädip kömek edýär?
7 Ýehowa Sözi arkaly kynçylyklara döz gelmäge kömek edýär. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň bize kömek etmäge taýyndygyny görkezýän ençeme aýatlar bar. Meselem, Isa Matta 6:8-de: «Ataňyz size nämäniň gerekdigini dilemänkäňiz bilýär» diýdi. Isa ýaly hiç kim Ýehowany gowy tanamaýar. Şonuň üçin Ýehowanyň kynçylykda ýagdaýyňyza düşünýändigine we size kömek etjekdigine şek-şübhäňiz bolmasyn. Mukaddes Kitapda kynçylykda güýjümize güýç goşýan wadalaryň sany-sajagy ýok (Zeb. 94:19).
8. a) Mukaddes Kitapda kyn ýagdaýlarda çydamly bolmaga kömek edýän nähili maslahatlar bar? Mysal getiriň. b) Kynçylyga düşenimizde gerekli aýatlary ýadymyza salmaga näme kömek edýär?
8 Mukaddes Kitabyň maslahatlary kyn ýagdaýlara döz gelmäge kömek edýär. Biz olara eýerip dogry karara gelýäris (Nak. 2:6, 7). Meselem, Mukaddes Kitapda ertirki günüň aladasyny etmän, her gün Ýehowa bil baglamalydygy aýdylýar (Mat. 6:34). Eger biz Mukaddes Kitaby her gün okamagy we oýlanmagy endik edinsek, kynçylyga düşenimizde gerekli aýatlar ýadymyza düşer.
9. Mukaddes Kitapdan Ýehowa bil baglan adamlar hakda okamagyň nähili peýdasy bar?
9 Mukaddes Kitapda Ýehowa bil baglan we Onuň elini gören adamlaryň mysallary ýazylan (Ýew. 11:32—34; Ýak. 5:17). Eger biz şol mysallar hakda oýlansak, Ýehowanyň «güýjümiz hem penamyzdygyna, agyr günde dadymyza ýetişjekdigine» hasam göz ýetireris (Zeb. 46:1). Şeýle-de Ýehowa wepaly gulluk eden adamlar hakda oýlansak, olaryň imanyndan we çydamlylygyndan görelde alarys (Ýak. 5:10, 11).
10. Mukaddes Kitap kyn ýagdaýlarda kömek eder ýaly ýene näme edip bilersiňiz?
10 Siz näme edip bilersiňiz? Mukaddes Kitaby her gün okap, kynçylyklarda çydamly bolmaga kömek etjek aýatlary özüňize bellik ediň. Köp dogan-uýalar gündelik aýady okamagyň uzakly gün gowy zatlar barada pikirlenmäge kömek edýändigine göz ýetirdiler. Mariýaa bilen bolan ýagdaý muny subut edýär. Onuň ene-atasy rak keseli bilen keselleýär. Mariýa ene-atasynyň aladasyny edip, kynçylyklaryna döz gelmäge näme kömek etdi? Ol şeýle gürrüň berýär: «Men gündelik aýady, oňa degişli pikirleri okaýaryn we Ýehowanyň öwredýän zatlary hakda oýlanýaryn. Şonda gaýgy-aladalarymdan, kynçylyklarymdan ünsüm sowulýar» (Zeb. 61:2).
DOGAN-UÝALAR
11. Kynçylyklarda çydamly bolmaga dogan-uýalaryň göreldesi nädip kömek edýär?
11 Ýehowa dogan-uýalar arkaly kynçylyklarda çydamly bolmaga kömek edýär. Diňe biz däl, «bütin dünýädäki doganlarymyz hem şeýle kynçylyklary başdan geçirýär» (1 Pet. 5:9). Olar kynçylyklar bilen göreşip, Ýehowa wepaly bolmaga jan edýärler. Bizem olaryň göreldesine eýerip çydamly bolup bileris (Res. 14:22).
12. Kynçylykda birek-biregi nädip goldaýarys? (2 Korinfliler 1:3, 4).
12 Kyn güne düşenimizde dogan-uýalar dadymyza ýetişýär. Pawlus resul öý tussaglygynda otyrka, dogan-uýalar göwünlik berip, ony ruhlandyrdylar we gerek-ýarak zatlaryny ýetirdiler (Flp. 2:25, 29, 30; Kol. 4:10, 11). Pawlus hatlarynda olaryň her biriniň adyny tutup minnetdarlyk aýtdy. Bizem käte başymyza kynçylyk düşende dogan-uýalaryň kömegine mätäç bolýandyrys. Şonda bizi janyndan eý görýän dogan-uýalar derrew dadymyza ýetişýär, bizem kyn gününde olaryň derdini deň çekişýäris (2 Korinfliler 1:3, 4-nji aýatlary okaň).
13. Maýa uýa kynçylyklara döz gelmäge näme kömek etdi?
13 2020-nji ýylda polisiýa işgärleri Russiýada ýaşaýan Maýanyň öýüne kürsäp girip, ony dökýärler. Soňra wagyz edýändigi üçin ony kazyýet jogapkärçiligine çekýärler. Kyn günlerde dogan-uýalaryň kömek edişi hakda Maýa şeýle gürrüň berýär: «Şol wagtlar men gaty ruhdan düşdüm. Ýöne dogan-uýalar jaň edip, hat ýazyp durýardylar we meni gowy görýändigini aýdýardylar. Men dogan-uýalarymyň bardygyny, olaryň birek-biregi söýýändigini öňem bilýärdim. Ýöne şol wakadan soň muňa hasam göz ýetirdim».
14. Dogan-uýalaryň goldawy kynçylykda çydamly bolmaga nädip kömek edýär? (Surata serediň).
14 Siz näme edip bilersiňiz? Başyňyza kynçylyk düşende dogan-uýalardan daşlaşmaň. Ýaşululardan kömek soramaga çekinmäň, olar size «ýelden gorag bolar, çabgada pena bolar» (Işa. 32:2). Dogan-uýalaryň hem siziňki ýaly kynçylyklary başdan geçirýändigini unutmaň. Şonuň üçin olara mätäç wagty kömek etseňiz, şatlygyňyzy ýitirmersiňiz we kynçylyklarda ýan bermersiňiz (Res. 20:35).
Dogan-uýalardan daşlaşmaň (14-nji abzasa serediň)c.
GELEJEGE UMYT
15. Gelejege umyt kynçylykda berk durmaga nädip kömek edýär? (Ýewreýler 12:2).
15 Gelejekde aljak bereketlerimiz hakda oýlansak, kynçylyklarda berk durarys (Rim. 15:13). Isa-da ünsüni aljak sylagyna gönükdirip, çekip-çydardan agyr synaglara döz geldi (Ýewreýler 12:2-ni okaň). Ol Ýehowa wepaly bolsa, Onuň adyny aklajakdygyny, göge dolanyp barjakdygyny we Patyşa bolup höküm sürjekdigini bilýärdi. Eger bizem täze dünýäde ebedi ýaşajakdygymyz hakda oýlansak, Şeýtanyň dünýäsinde nähili kynçylyklara duş gelsek-de, Ýehowa wepaly bolarys.
16. Alla uýa synaga döz gelmäge näme kömek etdi we biz ondan näme öwrenýäris?
16 Geliň, Russiýada ýaşaýan Alla bilen bolan ýagdaý hakda gürrüň edeliň. Onuň ärini tussag edip, türmä basýarlar. Gelejege bolan umydyň kyn ýagdaýa döz gelmäge kömek edendigi hakda Alla şeýle gürrüň berýär: «Men köplenç Ýehowanyň berjek bereketleri hakda oýlanýardym we Oňa doga edýärdim. Şonda gaýgy-alada basylyp ruhdan düşmeýärdim. Men ähli zadyň gowy boljagyna ynanýardym. Ýehowa tizden duşmanlaryny ýok eder we beren wadalaryny ýerine ýetirer».
17. Gelejege umyt bereni üçin Ýehowa nädip minnetdar bolup bileris? (Surata serediň).
17 Siz näme edip bilersiňiz? Ýehowanyň wadalary hakda oýlanyň. Täze dünýäde dost-ýarlaryňyz, dogan-garyndaşlaryňyz bilen bagtly ýaşajakdygyňyzy göz öňüne getiriň. Şeýle-de «häzirki görýän kynçylyklaryňyzyň wagtlaýyndygyny» ýatdan çykarmaň (2 Kor. 4:17). Ýehowanyň wadalary hakda wagyz ediň. Allany tanamaýan adamlaram köp görgüleri görýärler. Olaryň gaýgy-aladasy, derdi başyndan agdyk. Olar Ýehowanyň gelejekde berjek bereketleri hakda bilmeýärler. Eger siz olara wagyz etseňiz, Ýehowanyň Patyşalygy we Onuň etjek işleri hakda bilmek islärler.
Ýehowanyň wadasy hakda oýlanyň we Jenneti göz öňüne getiriň (17-nji abzasa serediň)d.
18. Ýehowanyň wadalaryny ýerine ýetirjekdigine näme üçin ynanmaly?
18 Agyr kynçylyklara döz gelip Ýehowa wepaly bolan Eýýup pygamber şeýle diýdi: «Indi men düşündim, sen ähli zady başarýaň. Başarmajak zadyň ýok, isläniňi edýärsiň» (Eýp. 42:2). Eýýup Ýehowanyň beren sözünde durýandygyna, Oňa hiç zadyň päsgel berip bilmeýändigine göz ýetirdi. Eger biz Ýehowanyň wadasyny ýerine ýetirip, ähli kynçylyklarymyzy aýyrjakdygyny ýatdan çykarmasak, kynçylyklara döz geleris. Aýdaly, apy-tupan siziň öýüňizi ýumurýar. Şonda dostuňyz öýüňizi täzeden gurmaga kömek etjekdigini söz berýär. Siz onuň muny kiçi dilden bärde aýtmandygyny, kömek etmek isleýändigini bilýärsiňiz. Onsoňam, dostuňyz ökde ussa, onda öýüňizi gurmak üçin gerekli gurallaryň ählisi bar. Öýüňiz entek gurulmadyk bolsa-da, siz alada etmeýärsiňiz, sebäbi dostuňyzyň beren sözünde durjakdygyna ynanýarsyňyz. Edil şonuň ýaly, biz Ýehowanyň wadasyny ýerine ýetirjekdigine umyt etsek, kynçylyklarda çydamly bolarys.
19. Siz çydamly bolmak üçin näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?
19 Biz Ýehowanyň doga-dileg, Mukaddes Kitap, dogan-uýalar we gelejege umyt arkaly kynçylyklarda çydamly bolmaga kömek edýändigini bildik. Eger Ýehowanyň kömegini kabul edip, maslahatlaryna eýersek, Şeýtanyň dünýäsi ýok edilýänçä islendik kynçylyklara döz geleris (Flp. 4:13).
33-NJI AÝDYM Ýüküňi Ýehowa tabşyr
a Käbir atlar üýtgedildi.
b SURATYŇ BEÝANY: aý aýlanyp ýyllar geçse-de, garry doganyň Ýehowa wepalylygy sarsmaýar.
c SURATYŇ BEÝANY: aý aýlanyp ýyllar geçse-de, garry doganyň Ýehowa wepalylygy sarsmaýar.
d SURATYŇ BEÝANY: aý aýlanyp ýyllar geçse-de, garry doganyň Ýehowa wepalylygy sarsmaýar.