33-NJI MAKALA
4-NJI AÝDYM «Ýehowa meniň Çopanym»
Ýehowanyň söýýändigine ynanyň
«Wepaly söýgim bilen çoýup, seni kabul etdim» (Ýer. 31:3).
ESASY PIKIR
Ýehowanyň söýgüsine asla şübhelenmäň. Onuň söýgüsine ynamyňyzy berkider ýaly eliňizde baryny ediň.
1. Siz näme üçin Ýehowa ömrüňizi bagyş etdiňiz? (Surata serediň).
ÝEHOWA özüňizi bagyş eden günüňiz ýadyňyza düşýärmi? Siz Ýehowa bilen dost bolup, Ony söýýändigiňiz üçin şeýle karara geldiňiz. Siz bütin ömrüňize Ýehowanyň islegini birinji orunda goýjakdygyňyzy, Ony bütin ýüregiňiz, janyňyz, aň-düşünjäňiz we güýjüňiz bilen söýjekdigiňizi söz berdiňiz (Mar. 12:30). Şondan bäri Ýehowa bolan söýgiňiz günsaýyn artýar. Eger biri: «Sen Ýehowany söýýärsiňmi?» diýse, siz şol bada: «Ýehowany söýşüm ýaly hiç kimi, hiç zady söýmeýärin!» diýip jogap bererdiňiz.
Ýehowany söýjekdigiňizi söz berip, oňa özüňizi bagyş eden we suwa çümdürilen günüňiz ýadyňyza düşýärmi? (1-nji abzasa serediň).
2, 3. Ýehowa nämä ynanmagymyzy isleýär we makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris? (Ýermeýa 31:3).
2 Eger: «Ýehowa seni söýýärmi?» diýip sorasalar, näme jogap bererdiňiz? Belki, siz «hawa» diýmäge ýaýdanýansyňyz. Sebäbi Ýehowanyň sizi söýýändigine şübhelenýän bolmagyňyz ahmal. Ene mährine, ata söýgüsine zar bolup ulalan bir uýa şeýle diýýär: «Men Ýehowany ýürekden söýýärin, muny ynamly aýdyp bilýärin. Ýöne käte Ýehowanyň meni söýýändigine şübhelenýärin». Ýehowanyň sizi söýýändigine ynanmaga näme kömek edip biler?
3 Ýehowa siziň söýýändigine ynanmagyňyzy isleýär (Ýermeýa 31:3-i okaň). Ol size Özi hakda hakykaty öwretdi we dost boldy. Ýehowa özüňizi bagyş edip, suwa çümdürileniňizde wepaly söýgüsi bilen gurşap aldy. Ol sizi şeýle bir güýçli söýýär welin, hiç haçan taşlamaýar. Hudaý wepaly gullukçylaryny «genji-hazynasy» hasaplaýar (Mel. 3:17, çykgyt). Pawlus resul Ýehowanyň söýýändigine ýürekden ynanýardy, şonuň üçin ynam bilen şu sözleri ýazdy: «Hudaýyň söýgüsinden ne ölüm, ne ýaşaýyş, ne perişdeler, ne häkimiýetler, ne häzirki zatlar, ne gelejekki zatlar, ne güýçler, ne beýiklik, ne çuňluk, ne-de ýaradylan başga zatlar aýra salyp biler» (Rim. 8:38, 39). Ýehowa Pawlus ýaly biziňem söýgüsine ynanmagymyzy isleýär. Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris: Ýehowanyň söýýändigine näme üçin ynanmaly? Ynamly bolmaga nämeler kömek eder?
ÝEHOWANYŇ SÖÝGÜSINE NÄME ÜÇIN YNANMALY?
4. Şeýtan nähili hile gurýar we oňa nädip garşy durup bileris?
4 Ýehowanyň söýýändigine ynansak, Şeýtanyň hilesine garşy durarys (Efes. 6:11). Şeýtan Ýehowa sežde etdirmejek bolup hemişe pursat gözleýär. Ol Ýehowanyň bizi söýýändigine şübhe döretjek bolup, ejiz wagtymyz topulýar. Käte başymyzdan geçen kyn ýagdaýlar, häzirki kynçylyklar hakda oýlanyp ýa-da ertirki güni alada edip ruhdan düşýäris. Şonda Şeýtan pursaty elden bermän, derrew hüjüm edýär (Nak. 24:10). Ol awuny agtarýan aç ýolbars ýaly, ruhdan düşjek wagtymyzy peýläp ýörýär. Ýöne Ýehowanyň bizi söýýändigine ynansak, Şeýtana we onuň islendik hilesine garşy durup bileris (1 Pet. 5:8, 9; Ýak. 4:7).
5. Ýehowanyň söýýändigini, eziz görýändigini bilmek näme üçin wajyp?
5 Ýehowanyň söýýändigine ynansak, Onuň bilen dostlugymyz berkär. Alla ynsany söýmek we söýülmek üçin ýaratdy. Şonuň üçin bize söýgüsini görkezen adama bizem söýgimizi bildirýäris. Eger Ýehowanyň söýýändigine, eziz görýändigine düşünsek, oňa bolan söýgimiz artar (1 Ýah. 4:19). Ýehowa söýgimiz näçe artsa, Onuňam bize söýgüsi şonça artar. Mukaddes Kitapda: «Hudaýa ýakynlaşyň, ol hem size ýakynlaşar» diýilýär (Ýak. 4:8). Ýehowanyň söýýändigine ynamly bolmaga näme kömek eder?
ÝEHOWANYŇ SÖÝGÜSINE YNANMAGA NÄME KÖMEK EDÝÄR?
6. Ýehowanyň söýýändigine ynanar ýaly näme edip bileris?
6 Söýgüsine ynanmaga kömek eder ýaly Ýehowa doga ediň (Luka 18:1; Rim. 12:12). Ondan günüň dowamynda birnäçe gezek kömek soraň. Käte özüňizi erbet duýanyňyzda Ýehowanyň söýýändigine ynanmak kyn bolýandyr. Ýöne Hudaý bizi ýüregimizden has gowy tanaýar (1 Ýah. 3:19, 20). Ol özümizde görmeýän gowy häsiýetlerimizi görýär (1 Şam. 16:7; 2 Tar. 6:30). Şonuň üçin Ýehowa ýüregiňizi döküp, nähili duýgulary başdan geçirýändigiňizi aýdyň we söýýändigine ynanar ýaly kömek soraň (Zeb. 62:8). Geliň, doga edenden soňra haýsy ädimleri ätmelidigine seredeliň.
7, 8. Dawut pygamberiň sözleri Ýehowanyň söýgüsine nädip ynandyrýar?
7 Ýehowanyň sözlerine ynanyň. Ýehowa Sözüni mukaddes ruhy arkaly ýazdyrdy. Şonuň üçin onuň dogrudygyna ynanyp bileris. Dawut pygamber Ýehowanyň mähir bilen aladamyzy edýändigi hakda şeýle sözleri ýazdy: «Ýehowa ýüregi ýaraly adama ýakyndyr, göwnüçökgünleri halas edýär» (Zeb. 34:18). Biz ruhdan düşenimizde özümizi ýeke duýýarys, ýagdaýymyza hiç kim düşünmeýän we hiç kim kömek edip bilmeýän ýaly görünýär. Ýöne Ýehowa biziň kömege mätäçdigimizi bilýär. Ol ýanymyzda boljakdygyny, kömek etjekdigini söz berýär. Başga bir mezmurda Dawut Ýehowa: «Gözýaşlarymy meşigiňde sakla» diýdi (Zeb. 56:8). Şu sözler Ýehowanyň ýagdaýymyza düşünýändigini, gynanan wagtymyz gynanýandygyny görkezýär. Gurak çölde gezip ýören adam üçin meşikdäki suwuň her damjasynyň gymmat bolşy ýaly, Ýehowa üçin biziň dökýän gözýaşlarymyz örän gymmatly. Ol biziň her gezek gynanyp aglanymyzda dökýän gözýaşlarymyzy ýatdan çykarmaýar. Zebur 139:3-de: «Ähli ýollarymy bilýärsiň» diýilýär. Dogrudanam, Ýehowa edýän işlerimiziň ählisini görýär, ýöne diňe gowularyna üns berýär. Ony razy etmek üçin edýän tagallamyzyň gadyryny bilýära (Ýew. 6:10).
8 Ýehowa Mukaddes Kitap arkaly bize göwünlik berýär. Ol bizi ýürekden söýýändigini, aladamyzy edýändigini aýdýar. Ýöne Şeýtan Ýehowanyň söýýändigine şübhelendirjek bolýar. Eger Ýehowanyň söýýändigine şübhe dörese, özüňize şeýle sorag beriň: «Men ýalanyň atasy Şeýtana ynanmalymy ýa-da Hakykatyň Hudaýy Ýehowa ynanmaly?» (Ýah. 8:44; Zeb. 31:5, çykgyt).
9. Ýehowany söýsek nämä ynamly bolup bileris? (2 Musa 20:5, 6).
9 Ýehowanyň wepaly söýgüsi hakda oýlanyň. Ýehowa Musa pygambere we ysraýyllara wepaly söýgüsini bildirjekdigini aýtdy (2 Musa 20:5, 6-njy aýatlary okaň). Ýehowa wepaly Hudaý, şonuň üçin Ony jany-teni bilen söýýän gullukçylaryndan söýgüsini gaýgyrmaýar (Neh. 1:5). Eger Ýehowanyň söýýändigine şübhelenýän bolsaňyz, şu sorag hakda oýlanyň: «Men Ýehowany söýýärinmi?» Eger siz Ýehowany söýüp, razy etmek üçin eliňizde baryny edýän bolsaňyz, Ýehowa-da sizi ýürekden söýýär. Diýmek, Ýehowany söýýändigiňize şübhelenmeýän bolsaňyz, Onuňam sizi söýýändigine şübhelenmäň (Dan. 9:4; 1 Kor. 8:3). Allanyň sizi söýüp, hemişe aladaňyzy etjekdigine ynamly boluň.
10, 11. Ýehowa näme üçin töleg gurbany hakda oýlanmagymyzy isleýär? (Galatýalylar 2:20).
10 Töleg gurbany hakda oýlanyň. Isa Mesihiň töleg gurbany bahasyna ýetip bolmajak sowgat (Ýah. 3:16). Ýehowa töleg gurbanyny seniň üçinem berdimi? Elbetde! Muny Pawlusyň durmuşyndan görse bolýar. Pawlus resul mesihçi bolmanka köp günäleri etdi. Hatda hakykata gelensoňam, ejizlikleri bilen göreşdi (Rim. 7:24, 25; 1 Tim 1:12—14). Ýöne ol Ýehowanyň töleg gurbanyny özi üçin berendigine ynanýardy (Galatýalylar 2:20-ni okaň). Ýehowa mukaddes ruhy arkaly Pawlusyň sözlerini Mukaddes Kitaba ýazdyrdy (Rim. 15:4). Sebäbi Ol biziňem töleg gurbanynyň her birimiz üçin berlendigine düşünmegimizi isleýär. Eger töleg gurbanynyň her birimiz üçin berlendigi hakda oýlansak, Ýehowanyň söýgüsine şübhelenmeris.
11 Biz Ýehowanyň töleg gurbanyny her birimiz üçin berendigine örän minnetdar. Isa ýer ýüzüne diňe bir janyny gurban bermek üçin däl-de, eýsem adamlara hak Hudaýy tanatmak üçin hem gelipdi (Ýah. 18:37). Ol Ýehowanyň adamlary güýçli söýýändigini öwredipdi.
ÝEHOWANYŇ SÖÝGÜSINE YNANMAGA ISA NÄDIP KÖMEK EDÝÄR?
12. Isanyň Ýehowa hakda öwredenlerine näme üçin ynanyp bileris?
12 Isa ýer ýüzünde ýaşanda adamlara Ýehowanyň häsiýetleri barada höwes bilen gürrüň berdi (Luka 10:22). Biz Isanyň Ýehowa hakda öwredenlerine ynanyp bileris. Ol milliardlarça ýyllap Atasynyň ýanynda boldy, şonuň üçin Isadan başga hiç kim Ýehowany gowy tanamaýar (Kol. 1:15). Ol Ýehowanyň wepaly perişdeleri we ogul-gyzlaryny söýýändigini gowy bilýär. Isa Ýehowanyň söýgüsine ynanmaga nädip kömek edýär?
13. Isa Ýehowa hakda nämäni öwretdi?
13 Ýehowa bizi çagalary hasaplaýar, Isa-da muny bilmegimizi isleýär. Isanyň Ýehowa «Ata» diýip ýüzlenendigine dört Hoş habarda 160 gezekden gowrak duş gelse bolýar. Isa şägirtlerine Ýehowa barada gürrüň berende «Ataňyz» ýa-da «gökdäki Ataňyz» diýip öwredýärdi (Mat. 5:16; 6:26). Geçmişde Ýehowanyň wepaly gullukçylary Hudaýa «Gudratygüýçli», «Älemiň Hökümdary» ýa-da «Ýaradyjy» diýip ýüzlenýärdi. Ýöne Isa ýere gelende Ýehowa «Atamyz» diýip ýüzlendi. Çagalaryň atasyna ýakyn bolşy ýaly, bizem Ýehowa Atamyza ýakynlaşmaly. Isa çagalaryny janyndan eý görýän Ata ýaly, Ýehowanyň her birimizi söýýändigini öwretdi. Geliň, Isanyň haýsy iki mysalda Hudaýa «Ata» diýip ýüzlenendigini bileliň.
14. Isa Ýehowanyň her birimizi söýýändigini nädip görkezdi? (Matta 10:29—31; surata serediň).
14 Ilki bilen, Isa pygamberiň Matta 10:29—31-nji aýatlarda (okaň) aýdan sözleri hakda gürrüň edeliň. Isa Ýehowanyň her bir kiçijik serçäniň nirede, näme edip ýörendigini bilýändigini aýtdy. Olar Ýehowany söýmese-de, sežde etmese-de, Hudaý her biriniň aladasyny edýär. Eger Ýehowa kiçijik serçeleriň aladasyny edýän bolsa, wepaly gullukçylarynyň, Ony söýýän adamlaryň has köp aladasyny edýär. Şeýle-de Isa Ýehowanyň saçymyzyň sanyny bilýändigini aýtdy. Eger Ýehowa bize şeýle üns berýän bolsa, aladamyzy etjekdigine asla söz ýok. Görşümiz ýaly, Isa Ýehowanyň her birimizi söýýändigine ynanmagymyzy isleýär.
Ýehowa her bir serçäniň nirede, näme edip ýörendigini bilýär. Eger Ýehowa kiçijik guşuň aladasyny edýän bolsa, siziň has köp aladaňyzy edýär, sebäbi siz Ony söýýärsiňiz, wepaly gulluk edýärsiňiz (14-nji abzasa serediň).
15. Isanyň Ýahýa 6:44-de aýdan sözlerinden Ýehowa barada näme öwrenýäris?
15 Isanyň ýene nirede Ýehowa «Atamyz» diýip ýüzlenendigini bileliň (Ýahýa 6:44-i okaň). Ýehowa bize Özüni tanadyp, ilkinji ädimi ätdi (Res. 13:48). Sebäbi Ol gowy häsiýetlerimizi gördi. Isa Ýahýa 6:44-däki sözleri makalanyň baş aýady Ýermeýa 31:3-däki sözlere esaslanyp aýdan bolmaly. Ol ýerde Ýehowa halkyna şeýle diýýär: «Wepaly söýgim bilen çoýup, seni kabul etdim» (Ýer. 31:3; Hoşeýa 11:4-i deňeşdiriň). Dogrudanam, gökdäki Atamyz hemişe özümizde görmeýän gowy häsiýetlerimizi görýär.
16. a) Isa bize näme öwretdi we oňa näme üçin ynanyp bileris? b) Ýehowanyň iň gowy Atadygyna näme ynandyrýar? («Ýehowa iň gowy Ata» diýen çarçuwa serediň).
16 Isa Ýehowanyň Atamyzdygy hakda öwredip şeýle diýjek boldy: «Ýehowa diňe meniň Atam däl, ol siziňem Ataňyz. Onuň her biriňizi söýýändigine we aladaňyzy edýändigine ynanyň». Eger Ýehowanyň söýýändigine şübhelenseňiz, şu barada oýlanyň: «Ýehowany hemmelerden gowy tanaýan we Ol barada hemişe hakykaty aýdýan Oglunyň sözlerine näme üçin ynanmaýyn?» (1 Pet. 2:22).
ÝEHOWANYŇ SÖÝGÜSINE YNANMAK ÜÇIN JAN EDIŇ
17. Ýehowanyň söýýändigine ynamly bolar ýaly näme üçin elimizde baryny etmeli?
17 Ýokarky abzaslardan bilşimiz ýaly, hilegär Şeýtan Ýehowa sežde etdirmejek bolup her zat edýär. Ol pursatdan peýdalanyp bizi ruhy taýdan gowşatjak bolýar we Ýehowanyň söýýändigine ynamymyzy gaçyrjak bolýar. Dogan-uýalar, ýalançy Şeýtana aldanmalyň, gaýtam Ýehowanyň söýýändigine hemişe ynamly bolar ýaly elimizde baryny edeliň! (Eýp. 27:5).
18. Ýehowanyň söýýändigine hiç haçan şübhelenmez ýaly näme edip bilersiňiz?
18 Biz Ýehowanyň söýýändigine ynanmak üçin birnäçe ädimleri ätmeli. Meselem, özümizde görmeýän gowy häsiýetlerimizi görmek üçin Ýehowadan kömek soramaly. Ýehowanyň wepaly gullukçylaryny hiç haçan taşlamaýandygyny görkezýän aýatlar hakda oýlanmaly. Hudaýy söýsek, Onuňam bizi söýjekdigini ýatdan çykarmaly däl. Şeýle-de Isa Mesihiň her birimiz üçin janyny töleg hökmünde berendigi hakda oýlanmaly. Ýehowanyň diňe Isanyň däl-de, biziňem Atamyzdygyna ynanmaly. Şonda: «Ýehowa seni söýýärmi?» diýip soranlarynda, biz ynam bilen: «Hawa, Ýehowa meni söýýär, menem Ony söýýändigimi subut etmek üçin her gün jan edýärin» diýeris.
154-NJI AÝDYM Baky söýgi
a «Mukaddes Kitapdan maslahatlar» kitabyň «Özüňe kembaha garamak» diýen bölüminden Ýehowanyň sizi gowy görýändigine ynandyrýan we ruhlandyrýan aýatlary okap bilersiňiz.