46-NJY MAKALA
17-NJI AÝDYM «Isleýärin»
Isa deňsiz-taýsyz baş ruhany
«Baş ruhanymyz biziň kemçiliklerimize düşünýär» (Ýew. 4:15).
ESASY PIKIR
Isa deňsiz-taýsyz baş ruhany, ol biziň ýagdaýymyza gowy düşünýär we dürli ýagdaýlarda kömek edip bilýär.
1, 2. a) Ýehowa Isany ýer ýüzüne näme üçin iberdi? b) Şu makalada näme hakda gürrüň ederis? (Ýewreýler 5:7—9).
TAKMYNAN 2 000 ýyl mundan öň, Isa ynsan bolup ýer ýüzüne geldi. Ýehowa ony adamlary günäden we ölümden azat etmek, Şeýtanyň döredýän ähli kynçylygyny aýyrmak üçin iberipdi (Ýah. 3:16; 1 Ýah. 3:8). Şeýle-de Isa adamlaryň arasynda ýaşap, gelejekki baş ruhany hökmünde rehimdar we duýgudaş bolmagy öwrenip bilýärdi. Isa b. e. 29-njy ýylynda suwa çümdürilensoň, baş ruhanylyk borjuny ýerine ýetirip başladya.
2 Şu makalada Isanyň ýerde ýaşamagynyň duýgudaş baş ruhany bolmaga nädip kömek edendigini bileris. Şeýle-de Isanyň eden işleri barada gowy öwrensek, onuň nädip «kämil» baş ruhany bolandygyna düşüneris. Şonda ýalňyşyp, ruhdan düşenimizde Ýehowa doga-dileg etmek we Oňa ýakynlaşmak aňsat bolar (Ýewreýler 5:7—9-njy aýatlary okaň).
HUDAÝYŇ SÖWER OGLY ÝER ÝÜZÜNE GELDI
3, 4. Isanyň durmuşy nädip üýtgedi?
3 Her bir adamyň durmuşy üýtgäp bilýär. Belki, sizem käbir zatlary üýtgetmeli bolansyňyz. Meselem, başga ýere göçensiňiz, dogan-garyndaşlaryňyzdan, dost-ýarlaryňyzdan aýra düşensiňiz. Elbetde, ýagdaý üýtgände hiç kime aňsat bolmaýar. Ýöne hiç bir adamyň durmuşy Isanyňky ýaly üýtgän däldir. Ol gökde ilkinji ýaradylan perişde, onuň ornuny tutjak ýok. Isa her gün Ýehowanyň mährinden ganyp, şatlanyp ýaşaýardy, elmydama Onuň bilen zähmet çekýärdi (Zeb. 16:11; Nak. 8:30). Ýöne Filipililer 2:7-de aýdylyşy ýaly, Isa «hemme zatdan geçip», günäli adamlaryň arasyna ýaşamaga geldi.
4 Geliň, Isanyň doglan gününden başlap, nähili ýagdaýlaryň bolandygy hakda oýlanyp göreliň. Isa doglansoň ene-atasy ybadathanada diňe iki sany guş gurbanlyk beripdiler. Şundan hem onuň maşgalasynyň baý däl-de, garyp bolandygyny bilse bolýar (3 Mus. 12:8; Luka 2:24). Hirodes patyşa Isanyň doglandygyny eşidip, ony öldürjek bolýar. Ene-atasy ony halas etmek üçin az wagtlyk Müsüre gaçyp gitmeli bolýar (Mat. 2:13, 15). Dogrudanam, Isanyň ýerdäki we gökdäki ýaşaýşynyň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bardy.
5. Isa nämeleri görüp ulaldy we ýerdäki durmuş ony baş ruhany bolmaga nädip taýýarlady? (Surata serediň).
5 Isa adamlaryň kösenip ýaşaýandygyny görüp ulaldy. Ol ölüm-ýitim sebäpli adamlaryň ajy hasrat çekýändigine düşünýärdi, sebäbi atalygy Ýusup aradan çykanda, özi hem şol duýgulary başdan geçirendir. Şeýle-de Isanyň gözi görmeýän, gulagy eşitmeýän, ýöräp bilmeýän we bagryndan önen çagasyndan aýra düşen adamlary görende ýüregi para-para bolýardy (Mat. 9:2, 6; 15:30; 20:34; Mar. 1:40, 41; Luka 7:13). Elbetde, Isa gökde ýaşaýarka-da adamlaryň ejir çekýändigini görýärdi. Ýöne ýerde ýaşanda olaryň ýagdaýyna has gowy düşünendir (Işa. 53:4). Ol adamlaryň haýsy ýagdaýda nähili duýgulary başdan geçirýändigini bäş barmagy ýaly bilendir, sebäbi adamlar ýaly Isanyň özi hem ýadapdy, aglapdy, gaýgy-hasrat çekipdi.
Isa adamlaryň ýagdaýyna düşünýärdi we olara ýüregi awaýardy (5-nji abzasa serediň).
ISA ADAMLARA DUÝGUDAŞLYK BILDIRÝÄR
6. Işaýa pygamberiň aýdan sözlerinden Isa barada näme öwrenýäris? (Işaýa 42:3).
6 Isa ýer ýüzünde gulluk edende kemsidilýän, ezilýän adamlara duýgudaşlyk bildirdi. Şeýdip, ol Işaýanyň pygamberligini ýerine ýetirdi. Ýewreý ýazgylarynda Ýehowa berk iman edýän adamlar köplenç pajarlap ösýän beýik agaja meňzedilýär (Zeb. 92:12; Işa. 61:3; Ýer. 31:12). Emma ejiz, kömege mätäç adamlar epilen gamşa, sönüp barýan peltä meňzedilýär (Işaýa 42:3-i okaň; Mat. 12:20). Ýehowa şeýle deňeşdirme getirip, Isanyň ejiz, mätäç adamlara söýgi bildirjekdigini we rehimdarlyk etjekdigini görkezdi.
7, 8. Isa Işaýa pygamberiň sözlerini nädip ýerine ýetirdi?
7 Işaýa pygamber: «Ol epilen gamşy döwmez, sönüp barýan peltäni öçürmez» diýip pygamberlik edipdi. Matta hem Isanyň şu sözleri ýerine ýetirendigini ýazypdy. Isa dili gysga, kemsinip ýaşaýan, gelejege umydy bolmadyk adamlar üçin köp gudratlary görkezdi. Bir gezek Isa adamlardan çetde ýaşap, olaryň mährine zar bolup giden heýwere keselli adamy görýär. Şonda Isa onuň nähili duýgulary başdan geçirýändigi hakda oýlanandyr. Belki-de, heýwere keselli adam sagalmakdan, maşgala agzalaryny, dost-ýarlaryny görmekden umydyny üzendir (Luka 5:12, 13). Başga bir gezek bolsa Isa ker we lal adama duşýar. Göz öňüne getiriň, ol adam daş-töweregindäkileriň biri-biri bilen gürleşýändigini, gülşüp-degişýändigini görýär, ýöne olaryň ýeke sözüne-de düşünmeýär (Mar. 7:32, 33). Ol özüni nähili duýandyr?
8 Onsoňam, şol döwürdäki ýehudylaryň pikiriçe, käbir adamlar özüniň ýa-da ene-atasynyň günä edendigi sebäpli maýyp dogulýardy (Ýah. 9:2). Ýehudylaryň arasynda şeýle nädogry garaýyş giňden ýaýrandygy üçin agsak, ker, kör, maýyp adamlary kemsidýärdiler, üstünden gülýärdiler. Şol sebäpli olar boýnuny burup, egnini gysyp gezýärdiler. Isa olary sagaldyp, Ýehowanyň aladasyny edýändigini görkezdi. Biz şu wakadan Isa barada ýene nämäni bilýäris?
9. Ýewreýler 4:15, 16-njy aýatlar Isanyň günäli adamlara duýgudaşlyk bildirýändigini nädip görkezýär?
9 Ýewreýler 4:15, 16-njy aýatlary okaň. Baş ruhanymyz Isa biziňem her birimize duýgudaşlyk bildirer. Sebäbi duýgudaş adam başgalaryň çekýän agyr derdini görüp gynanýar. «Duýgudaşlyk» diýip terjime edilen grek sözi hasrat, kynçylyk çekýän adamyň ýerine özüňi goýup görmegi aňladýar. Pawlus hem Ýewreýler 10:34-de: «Siz türmedäki doganlara duýgudaşlyk bildirýärdiňiz» diýende, şol grek sözüni ulanypdyr. Mukaddes Kitapdan Isanyň adamlara kömek edişi hakda okanyňda, onuň duýgudaşlyk bildirendigini görse bolýar. Isa adamlaryň aladasyny edýändigi we kömek etmek isleýändigi üçin olary höwes bilen sagaltdy. Meselem, heýwere keselli adamyň ýanyna barmak beýle-de dursun, onuň golaýyndan hem geçmeýärdiler. Isa-da ony uzakdan sagaldyp bilerdi, ýöne heýwere keselli adamyň ýagdaýyna düşünýändigi üçin onuň ýanyna baryp sagaltdy. Ençeme ýyldan soň, ilkinji sapar ýanyna adam gelende heýwere keselli adamyň begenjiniň çägi bolan däldir. Şeýle-de Isa ker we lal adamyň duýgularyny göz öňünde tutup, ony köpçülikde däl-de, çete çykaryp sagaldýar. Başga bir gezek günäkär diýip tanalýan aýal toba edip, gözýaşlary bilen Isanyň aýagyny ýuwýar we ony saçy bilen süpürýär. Fariseý aýaly günäkärlände, Isa onuň tarapyny alyp, fariseýi düzedýär (Mat. 8:3; Mar. 7:33; Luka 7:44). Görşümiz ýaly, Isa kesel ýa-da agyr günä eden adamlardan hiç haçan ýüzüni sowmandyr. Gaýtam şeýle adamlary ýanyna çagyryp, olary gowy görýändigini görkezipdir. Isanyň bize-de duýgudaşlyk bildirjekdigine şek-şübhe ýok.
BAŞ RUHANYMYZDAN GÖRELDE ALÝARYS
10. Biz lal we kör adamlara nädip kömek edip bilýäris? (Surata serediň).
10 Biz Isadan görelde almak isleýäris, şonuň üçin hem adamlary söýüp, olara duýgudaşlyk bildirmäge jan edýäris (1 Pet. 2:21; 3:8). Elbetde, biz Isa ýaly göni manyda ker, kör we lal adamlary sagaldyp bilmeýäris. Ýöne olara hak Hudaýy tanap, Onuň bilen dostlaşmaga kömek edip bilýäris. Şu günler guramamyz 100-den gowrak lallaryň dilinde dürli edebiýatlary çykarýar. Şeýle-de gözi gowy görmeýän ýa-da kör adamlar üçin 60-dan gowrak dillerde edebiýatlar taýýarlanýar. 100-den gowrak dillerde bolsa, wideolarymyzyň sesli düşündiriliş görnüşi çykýar. Guramamyz lal we kör adamlaryň Ýehowa hem Isa bilen dostlaşmagy üçin köp işleri edýär.
Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlarymyz 1 000-den gowrak dillerde çykarylýar
Çepde: 100-den gowrak lallaryň dilinde
Sagda: 60-dan gowrak braýl elipbiýinde
(10-njy abzasa serediň).
11. Ýehowanyň guramasy Isa ýaly ähli adamlara nädip duýgudaşlyk bildirýär? (Resullar 2:5—7, 33; surata serediň).
11 Guramamyz ýeriň dört künjegindäki ähli adamlara Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etmek üçin elinde baryny edýär. Isa direlensoň, şägirtlerine mukaddes ruhy beripdi. Olar Pentikost güni baýramçylyga gelen adamlara hoş habary olaryň dilinde wagyz etdiler (Resullar 2:5—7, 33-nji aýatlary okaň). Şu günler Isanyň ýolbaşçylygynda guramamyz 1 000-den gowrak dillerde edebiýatlary çykarýar. Hatda az sanly adamlaryň gepleýän dillerinde edebiýatlarymyz elýeterli. Meselem, günorta we demirgazyk Amerikada käbir dillerde az sanly adamlar gepleýär. Emma guramamyz şol dillerde we 160-dan gowrak şolar ýaly kiçiräk dillerde edebiýatlarymyzy terjime edýär, sebäbi şol dillerde gepleýän adamlaryňam hoş habary eşitmegini isleýär. Şeýle-de edebiýatlarymyz 20-den gowrak rim dillerinde hem terjime edilýär. Şol dillerde gepleýän müňlerçe adamlar hakykaty kabul edip, Ýehowa sežde edip başladylar.
Çepde: 160-dan gowrak indeý dillerinde
Sagda: 20-den gowrak rim dillerinde
(11-nji abzasa serediň).
12. Ýehowanyň guramasy adamlara kömek etmek üçin ýene näme edýär?
12 Ýehowanyň guramasy adamlara diňe bir hoş habary ýetirmän, eýsem tebigy betbagtçylykda kösenenlere hem kömek edýär. Müňlerçe dogan-uýalar ejir çekenlere, mätäçlere meýletin kömek edýärler. Şeýle-de guramamyz Ýygnak jaýlaryny gurup berýär. Şu zatlary görüp, adamlar Ýehowanyň çäksiz söýgüsine göz ýetirýärler.
BAŞ RUHANYMYZ DADYMYZA ÝETIŞÝÄR
13. Isa bize nädip kömek edýär?
13 Isa gowy çopan. Ol bize Ýehowa bilen dostlaşmagymyz üçin gerek zatlary artygy bilen berýär (Ýah. 10:14; Efes. 4:7). Käte biz ruhdan düşüp, özümizi epilen gamyş, sönüp barýan pelte ýaly duýýarys. Käte bolsa agyr keselimiz, eden ýalňyşymyz ýa-da dogan-uýalar bilen aramyzda dörän düşünişmezlik sebäpli ruhdan düşýäris. Şeýle ýagdaýlarda gelejekde aljak bereketlerimiz hakda oýlanmak we kynçylyklara çendenaşa üns bermän, öňe gitmek kyn bolýandyr. Ýadyňyzdan çykarmaň, Isa siziň ýagdaýyňyza we nähili duýgulary başdan geçirýändiňize gowy düşünýär. Ol size duýgudaşlyk bildirip, kömek etmek isleýär. Isa size «indi güýjüm ýok» diýeniňizde, mukaddes ruhy bilen güýç berer (Ýah. 16:7; Tit. 3:6). Şeýle-de ýaşulular, dogan-uýalar arkaly ruhlandyrar, goldar we kömek eder (Efes. 4:8).
14. Ähli zatdan elimiz sowap, ruhdan düşenimizde näme etmeli?
14 Ähli zatdan eliňiz sowap, ruhdan düşen wagtyňyz Isanyň baş ruhanydygy hakda oýlanyň. Ýehowa Isany ýer ýüzüne diňe bir janyny töleg hökmünde bermek üçin däl-de, günäli adamlaryň ýagdaýyna has gowy düşünmek üçin iberdi. Eger günälerimiz ýa-da ejizliklerimiz sebäpli ruhdan düşsek, Isa hökman dadymyza ýetişer (Ýew. 4:15, 16).
15. Stefana ýygnaga dolanmaga näme kömek etdi?
15 Isa şägirtlerine Ýehowadan daşlaşanlara yzyna dolanmaga kömek etmegi öwredýär (Mat. 18:12, 13). Geliň, Stefanb hakda gürrüň edeliň. Ýygnakdan çykarylanyna 12 ýyl bolansoň, ol yzyna dolanmak isleýär. Stefan şeýle gürrüň berýär: «Ýygnaga dolanmak aňsat bolmady. Ýöne meniň ýene-de dogan-uýalar bilen Ýehowa gulluk edesim gelýärdi. Ýaşulular meni güler ýüz bilen garşy alansoň, özümi öýüme dolanyp baran ýaly duýdum. Käte Ýehowany taşlap gidendigim ýadyma düşende, ruhdan düşüp, ähli zatdan elim sowaýardy. Ýöne ýaşulular Ýehowanyňam, Isanyňam meni ýitirmek islemeýändigini ýatlatdylar. Ýygnakda dikeldenlerinde dogan-uýalar meni hem maşgalamy gujak açyp kabul etdi. Şondan soň aýalym Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlady. Biz häzir maşgala bolup Ýehowa gulluk edýäris». Dogan-uýalaryň toba eden günäkäre yzyna dolanmaga kömek edendigini görende, baş ruhanymyz Isa diýseň begenendir.
16. Siz Ýehowa näme üçin minnetdar?
16 Isa ýer ýüzünde ýaşanda ençeme mätäç adamlara kömek etdi. Isa biziňem hökman dadymyza ýetişer. Täze dünýäde bolsa günäden azat edip, kämillige ýetirer. Biz Ýehowa müňde bir şükür! Ol bizi söýýändigi we ýagdaýymyza düşünýändigi üçin eziz Ogluny baş ruhanymyz edip belledi.
13-NJI AÝDYM Mesihiň göreldesi
a Ýehudylaryň baş ruhanysyna derek Isanyň nädip baş ruhany bellenendigi hakda köpräk bilmek üçin «Ýehowa Hudaýa ruhy ybadathanada sežde ediň» diýen makalany okaň (w23.10 sah. 26, abz. 7—9).
b Käbir atlar üýtgedildi.