Brais Seara/Moment via Getty Images
OÝA BOLUŇ!
Gurakçylyk. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
«Hytaý döwleti şu ýyl howanyň çendenaşa gyzandygyny, gurakçylygyň bolsa üç ýyl bäri dowam edip gelýändigini habar berdi» («The Guardian» gazeti, 7-nji sentýabr, 2022).
«Afrikanyň köp ýerlerinde gurakçylyk ýene 5 ýyla çeker» («UN News» habarlar saýty, 26-njy awgust, 2022).
«Ýewropanyň köp ýurtlarynda gurakçylyk bolar; soňky 500 ýylyň içinde şeýle gurakçylyk bolmandy» («BBC News» habarlar saýty, 23-nji awgust, 2022).
Hünärmenleriň köpüsi gurakçylygyň uzaga çekjekdigini, soňky ýyllarda ýagdaýyň hasam erbetleşjekdigini aýdýarlar. Ýagdaý şu gidişine gidermi ýa gowulaşarmy? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
Gurakçylyk baradaky pygamberlikler
Mukaddes Kitapda biziň ýaşaýan döwrümiz barada şeýle diýilýär:
«Käbir ýerlerde açlyk... bolar» (Luka 21:11).
Gurakçylyk köplenç açlygyň bolmagyna sebäp bolýar. Mukaddes Kitapda açlyk sebäpli köp adamlaryň kösenjekdigi, hatda öljekdigi hem aýdylýar. Häzir şol pygamberlik ýerine ýetýär (Ylham 6:6, 8).
Gurakçylyk näme üçin güýjeýär?
Mukaddes Kitapda gurakçylygyň näme üçin uzaga çekýändigi düşündirilýär:
«Adam... hatda nirä ädim ätjegini çözüp bilmeýär» (Ýermeýa 10:23).
Dogrudanam, adam «nirä ädim ätjegini» bilmeýär. Hökümet ýolbaşçylarynyň gelýän nädogry kararlary sebäpli adamlar gurakçylykdan we suw ýetmezçiliginden kösenýär.
Alymlar howanyň aşa gyzmagyna, bütin dünýäde bolsa gurakçylygyň bolmagyna adamlaryň günäkärdigini aýdýarlar.
Açgöz, özüni bilýän adamlaryň tokaýdaky agaçlary çapýandygy, daş-töweregi hapalaýandygy we tebigy baýlyklary nädogry ulanýandygy üçin suw ýyl-ýyldan azalýar.
Ýöne Mukaddes Kitapda gelejege umyt berýän sözler bar.
Ýagdaý şu gidişine gidermi ýa gowulaşarmy?
Mukaddes Kitapda Hudaý ýer ýüzünde suwuň bol boljakdygyny wada berýär. Ol muny nädip eder?
1. Allatagala «ýer ýüzüni dargadýanlary... ýok eder» (Ylham 11:18). Ol zalym, açgöz, tebigata zyýan ýetirýän adamlary ýok eder. Hiç kim suw ýetmezçiliginden kösenmez (2 Timoteos 3:1, 2).
2. «Gurak ýerler köl bolar, gamyş öser» (Işaýa 35:1, 6, 7). Hudaý takrap ýatan ýerlerden çeşme-çaýlary akdyrar, ýer ýüzüni Jennete öwrer.
3. «Sen tutuş ýer ýüzüniň aladasyny edýärsiň. Adamlaryň rysgalyny ýetirip durýarsyň» (Zebur 65:9). Hudaý adamlara köp bereketleri berer, olar her dürli ir-iýmişleri iýer, arassa suwdan ganar.