Marek M. Berezowski/Anadolu Agency via Getty Images
OÝA BOLUŇ!
Ukrainada urşuň başlanyna bir ýyl boldy. Mukaddes Kitapda nähili umyt berilýär?
2023-nji ýylyň fewral aýynyň 24-ne Ukrainada aýylganç urşuň başlanyna bir ýyl bolýar. Hasabatlara görä, uruşda ukrain we rus esgerleriniň 300 000-e golaýy ýaralandy ýa-da wepat boldy. Urşa gatnaşmadyk raýatlaryň hem 30 000-e golaýy aradan çykdy. Ýöne aradan çykanlaryň sany ondan hem köp bolmagy mümkin.
Gynansak-da, uruş şu ýakynda gutarar diýip bolmaýar.
«Tizden rus goşunynyň Ukrainanyň serhedinden geçenine bir ýyl bolýar. Şol sebäpli uruş basym gutarar diýip aýdyp bilmeýäris. Belli bir tarap üstün çykar, ýa-da olar öz arasynda parahatlykda çözülişer diýip hem bolmaýar» («National Public radio», 19-njy fewral, 2023).
Köp adamlar bütin dünýäde bolýan uruşlary görüp gynanýarlar, sebäbi uruş sebäpli ençeme bigünä adamlar ejir çekýärler. Mukaddes Kitapda nähili umyt berilýär? Haçan hem bolsa uruşlaryň bolmajak wagty bolarmy?
Hemme uruşlaryň soňuna çykjak söweş
Mukaddes Kitapda adamlary öldürmän, gaýtam halas etjek uruş barada aýdylýar. Şol uruş «Gudratygüýçli Hudaýyň beýik gününde» bolar. Oňa Armageddon diýilýär (Ylham 16:14, 16). Hudaý şonda ähli uruşlara sebäp bolýan ynsan hökümdarlyklaryny ýok eder. Armageddon söweşiniň ýer ýüzünde parahatlygy dikeltjekdigi barada şu makalalardan okap bilersiňiz: