Maremagnum/Corbis Documentary via Getty Images
OÝA BOLUŇ!
Armageddon söweşi Ysraýyl döwletinde bolarmy? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
Mukaddes Kitapda «Armageddon» sözi belli bir ýeri däl-de, «bütin ýer ýüzüniň patyşalarynyň» Hudaý bilen söweşmek üçin ýygnanyşmagyny aňladýandygy aýdylýar.
«Olar jynlaryň aýdan ylhamly sözleridi... Olar gidip, bütin ýer ýüzüniň patyşalaryny Gudratygüýçli Hudaýyň beýik gününde boljak söweşe ýygnadylar... Olar patyşalary ýewreýçe Armageddon diýen ýere ýygnadylar» (Ylham 16:14, 16).
«Armageddon» ýewreýçe «Har-Megiddon» sözünden gelip çykyp, «Megiddo dagy» diýmegi aňladýar. Megiddo gadymy Ysraýylyň çäginde ýerleşýän şäherdi. Şol sebäpli käbir adamlar Armageddon söweşi Ysraýyl döwletinde bolar diýip düşünýärler. Ýöne Megiddo topragyna, hatda Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň hiç birine «bütin ýer ýüzüniň patyşalaryny» we olaryň goşunlaryny sygdyryp bolmaz.
Ylham kitabyndaky wakalar göçme manyda ýazylan (Ylham 1:1). Armageddon göni manyda belli bir ýeri aňlatmaýar. Ol bütin ýer ýüzüniň halklarynyň bileleşip Hudaýyň Patyşalygyna garşy çykmagyny aňladýar (Ylham 19:11—16, 19—21).