ilbusca/E+ via Getty Images
OÝA BOLUŇ!
Adamzat näme üçin parahatlygy dikeldip bilmeýär? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
Döwlet ýolbaşçylary we halkara guramalary näçe jan etseler-de parahatlygy dikeldip bilmeýärler. Şu günler syýasy dawalar, zalymlyk Ikinji jahan urşuna garanyňda hasam beterleşdi. Häzir ýer ýüzüniň ilatynyň dörtden bir bölegi syýasy dawalar sebäpli ejir çekýärler.
Adamzat näme üçin parahatlygy dikeldip bilmeýär? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
Adamlaryň parahatlygy dikeldip bilmeýändiginiň üç sebäbi
1. Adamlaryň häsiýetleriniň erbetleşýändigi üçin näme etseler-de parahatlygy dikeldip bilmeýärler. Mukaddes Kitapda biziň günlerimizde adamlaryň «özüni bilýän, pula gyzan, öwünjeň, tekepbir... biwepa... eglişik etmeýän... özüne erk etmeýän... özdiýenli, ulumsy» boljakdygy pygamberlik edilen (2 Timoteos 3:2—4).
2. Hiç kim Ýaradyjy Ýehowaa Hudaýyň kömegi bolmasa ýer ýüzünde bolýan kynçylyklary çözüp bilmez. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Adam... nirä ädim ätjegini çözüp bilmeýär» (Ýermeýa 10:23).
3. Bütin ýer ýüzüniň üstünden zalym Şeýtan Iblis höküm sürýär. Mukaddes Kitapda: «Ýer ýüzünde ýaşaýanlary aldaýan... ýere zyňyldy» diýilýär (Ylham 12:9). Bütin dünýä Şeýtanyň golastynda bolandygy üçin ýer ýüzi uruşlardan we syýasy dawalardan doly (1 Ýahýa 5:19).
Parahatlygy kim dikelder?
Mukaddes Kitapda parahatlygy adamlaryň däl-de, Allatagalanyň dikeltjekdigi aýdylýar.
«Men size ýagşylyk isleýärin — muny Ýehowa aýdýar. — Ýagty gelejege umydyňyz bolar ýaly, men size betbagtçylyk däl-de, parahatlyk bererin» (Ýermeýa 29:11).
Hudaý şu wadasyny nädip ýerine ýetirer? «Tizden parahatlyk berýän Hudaý... Şeýtany mynjyradar» (Rimliler 16:20). Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly Hudaý Gökdäki Patyşalygy arkaly ýer ýüzünde parahatlygy dikelder (Luka 4:43). Şol Patyşalygyň Patyşasy Isa Mesih ýer ýüzüniň üstünden höküm sürüp başlanda adamlar parahat durmuşda ýaşarlar (Işaýa 9:6, 7).
Köpräk bilmek üçin «Hudaýyň Patyşalygy nämeleri eder?» atly makalany okap bilersiňiz.
a Mukaddes Kitaba görä, Ýehowa — Hudaýyň ady (Zebur 83:18).