Mary_Ukraine/stock.adobe.com
OÝA BOLUŇ!
Syýasatçylar ynamdan gaçýar. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
2024-nji ýyl bütin dünýäde iň köp saýlaw geçiriljek ýyl bolar. Ýöne köp adamlar syýasatçylara ynanmaýar.
Geçirilen barlaglara görä, amerikalylaryň köpüsi «syýasatçylar halka hyzmat etmek niýeti bilen däl-de, öz bähbidi üçin işleýär» diýip pikir edýärlera (Gözleg-barlag geçirýän Pýu merkezi, 19-njy sentýabr, 2023).
Ýaşlaryň hem köpüsi syýasatçylara ynanmaýar.
«Ýetginjekler dünýädäki kynçylyklaryň çözgüdini tapmak isleýärler. Olaryň pikirine görä, syýasatçylar muny başarmaz öýdýärler» («The New York Times», 29-njy ýanwar, 2024).
«Bir barlaga görä, ýaşlar syýasatçylara garanyňda, agzasy köp bolan bloggerlere has köp ynanýarlar» («The Korea Times», 22-nji ýanwar, 2024).
Syýasatçylaryň durmuşymyzy gowulandyrjakdygyna ynansa bolýarmy? Aslynda, kime ynansa bolýar?
Kime ynanýandygyňyza ünsli boluň
Ynanjak adamlarymyzy ünsli saýlasak gowy bolar. Mukaddes Kitapda: «Sada adam her söze ynanýar, ätiýaçly adam her ädimini ölçerýär» diýilýär (Nakyllar 14:15).
«Nädogry maglumatlary diňlemäň» atly makalada eşidýän maglumatlarymyzyň dogry ýa nädogrudygyny bilmäge kömek edýän maslahatlar bar.
Galyberse-de, dogruçyl we akýürekli syýasatçylaryň hem mümkinçiligi çäkli bolansoň, isleýän ähli ýagşy işlerini edip bilmeýärler. Şonuň üçin Mukaddes Kitapda şeýle maslahat berilýär:
«Han-beglere, ynsan ogullaryna bil baglamaň, olar janyňy halas edip bilmez» (Zebur 146:3).
Ynama mynasyp ýolbaşçy
Mukaddes Kitapda Allatagalanyň ynama mynasyp iň gowy ýolbaşçyny, ýagny Isa Mesihi belländigi aýdylýar (Luka 1:32, 33). Isa Mesih Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy. Ol gökde höküm sürýär (Matta 6:10).
Isa Mesihiň näme üçin ynama mynasypdygy we dünýädäki kynçylyklary nädip aýyrjakdygy barada biliň. «Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy kim?» we «Hudaýyň Patyşalygy näme eder?» atly makalalary okaň.
a «Americans’ Dismal Views of the Nation’s Politics» atly makaladan (Gözleg-barlag geçirýän Pýu merkezi, sentýabr, 2023).