alfa27/stock.adobe.com
Isa pygamber jenaýatçylygyň soňuna çykar
Isa pygamber jenaýatçylyk hem-de adalatsyzlyk sebäpli kösenmegiň nämedigini gowy bilýär. Sebäbi oňa-da töhmet atdylar, bikanun ýençdiler, adalatsyz höküm çykardylar, bigünä bolsa-da, zalymlyk bilen jezalandyrdylar. Ýöne ol ähli adamlara ýagşylyk edip «köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde berdi» (Matta 20:28; Ýahýa 15:13). Häzir Isa pygamber Hudaýyň gökdäki Patyşalygynyň Patyşasy. Tizden ol ýer ýüzünde bolýan ähli jenaýatçylygy hemişelik ýok eder (Işaýa 42:3).
Mukaddes Kitapda Isa pygamber höküm sürüp başlanda ýer ýüzünde nähili şertleriň boljakdygy aýdylýar:
«Erbet ýok bolar. Onuň ýerine seredersiň, emma ol ýokdur. Ýumşaklar bolsa ýeri miras alar, parahatlykda ýaşap, döwran sürer» (Zebur 37:10, 11).
Isa pygamberiň biz üçin eden we etjek işlerine minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris? Isa pygamber ýerde ýaşanda «Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary» aýdýardy (Luka 4:43). Biz şol Patyşalyk hakda köpräk bilsek, minnetdarlygymyzy görkezeris. «Hudaýyň Patyşalygy näme?» atly makalany okap bilersiňiz.