Imagination World/stock.adobe.com
Hudaýyň Sözündäki habar. Bosgunlar üçin umyt
Her ýyl millionlarça adamlar öý-öwzaryny taşlap gaýtmaly bolýarlar. Siziň hem başyňyza şeýle kynçylyk düşdümi? Eger şeýle bolsa, Allatagalanyň size kömek etjegine ynanyp bilersiňiz. Ol tizden ähli kynçylyklary aýryp, gowy durmuşda ýaşatjakdygyny wada berýär. Siz bu barada Mukaddes Kitapdan okap bilersiňiz.
«Bosgunlara we öýüni taşlap gaýtmaly bolan adamlaraa derrew kömek etmeli, ýöne olara gelejege umyt hem bermeli» (Ýewropa bileleşiginiň komissaryb Kristos Stilianidis). Adamyň gelejege umydy bolsa hemişe dogry garaýşyny saklaýar. Ýöne öýüni taşlap gaýdan adama diňe umyt däl, göwünlik hem bermeli.
«Men maşgalamy, öýümi taşlap gaýtmaly bolanymda gaty gynandym. Indi näme ederkäm diýip gorkdum, alada etdim» (Emanuwel, Gaiti).
Siz hem özüňizi Emanuwel ýaly duýýarsyňyzmy? Öýüňizi, ýurduňyzy taşlap gaýdan bolsaňyz, siz hem umyda, hem tesellä mätäçsiňiz. Mukaddes Kitap size nädip kömek eder?
Hudaýyň Sözi teselli berýär
Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Ýehowac... gelmişegi söýýär» (5 Musa 10:17, 18).
Bu sözler siziň ýeke däldigiňizi görkezýär. Mukaddes Kitaby ýazdyran Ýehowa Hudaý ýagdaýyňyza, duýgularyňyza gowy düşünýär. Ol sizi söýýär, aladaňyzy edýär.
Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Ýehowa adyny çagyrýanlaryň ählisine... ýakyndyr» (Zebur 145:18).
Bu sözler Ýehowa dileg etsek, dogalarymyzy eşidýändigini görkezýär. Hudaý siziň kalbyňyza rahatlyk berer. Sözi arkaly bolsa, kynçylygyňyza döz geler ýaly akyldarlyk berer.
Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Hak Hudaý asla erbetlik etmez... Gudratygüýçli adalaty ýoýmaýar» (Eýýup 34:10, 12).
Bu sözler görýän görgülerimize Hudaýyň günäkär däldigini görkezýär. Allatagala başyňyza betbagtçylyk inderip sizi synamaýar. Ol hiç kime jeza bermeýär.
Hudaýyň Sözi umyt berýär
Mukaddes Kitapda Hudaýyň gelejekde adamzat üçin köp zatlary etjekdigi aýdylýar. Geliň, Hudaýyň berýän umydynyň öýüni taşlap gaýdan adamlara nädip kömek edendigini bileliň.
Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Hudaý olaryň gözlerinden ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar» (Ylham 21:4).
Bu sözler kynçylyklarymyzyň aýryljakdygyny görkezýär. Allatagala söz berişi ýaly, çykalgasyz görünýän kynçylyklaryň ählisini aýrar.
«Allatagala tizden daş-töwerekde bolýan erbetligiň soňuna çykyp, adalaty dikelder. Hudaýyň berýän umydy maňa gelejekde boljak ajaýyp durmuş hakda oýlanmaga kömek edýär» (Karla, Salwador).
Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Öňki zatlar ýada düşmez, sizi gama batyrmaz» (Işaýa 65:17).
Bu sözler bizi gaýgy-gama batyrýan zatlaryň gelejekde ýadymyza düşmejekdigini görkezýär. Siz häzirki kynçylyklaryňyzy, görýän görgüleriňizi ýatlap, ruhdan düşüp ýörmersiňiz. Muny Allatagala söz berýär.
«Hudaýyň Sözünde çekýän dertlerimiziň, ýitiren zatlarymyzyň ýadymyza-da düşmejekdigi aýdylýar. Gelejege bolan umyt bize häzirki kyn ýagdaýymyza döz gelmäge kömek edýär, sebäbi tizden hemme zat gülala-güllük bolar» (Natalýa, Ukraina).
Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Gögüň Hudaýy... bir patyşalygy döreder... Ol ähli patyşalyklary ýok eder» (Danyýar 2:44).
Bu sözler Hudaýyň gökdäki Patyşalygynyň ýeriň üstünden höküm sürjekdigini görkezýär. Allatagala tizden häzirki hökümetleriň ählisini ýok edip, ýer ýüzünde öz Patyşalygyny diker. Şonda adamlar howpsuz, parahat durmuşda ebedi ýaşar. Ähli ýerde adalatlyk höküm sürer. Hemmeler bolelinlikde ýaşar (Mikaý 4:3, 4).
«Zorluk-sütem, birek-biregi ala tutmak, ynanmazçylyk etmek, milletparazlyk ýaly kynçylyklaryň wagtlaýyndygyny bilenimden soň, ýüregim ynjaldy. Ýehowanyň Patyşalygy tizden şu zatlaryň soňuna çykar» (Mustafa, Ýakyn Gündogar).
Hudaýyň Sözündäki umyt berýän wadalary okap göwünlik tapyň
Hudaýyň Sözi akyldarlyk berýär
Mukaddes Kitapdaky maslahatlar durmuşyňyzda bolan zatlara garamazdan, öňe ýöremäge kömek eder. Şol maslahatlara eýerseňiz, bar zadyňyzdan mahrum bolsaňyz-da, täze ýagdaýa öwrenişersiňiz. Geliň, Hudaýyň Sözündäki maslahatlaryň bosgunlara nädip kömek edendigini bileliň.
Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Adamyň baýlygy ömrüni uzaltmaýar» (Luka 12:15).
Dana sözler size nädip kömek eder? Elbetde, siz başyňyzdan geçen zatlary ýatlap ruhdan düşýänsiňiz. Ýöne diri galandygyňyza şükür edip, ýaşaýşyň gymmaty hakda oýlansaňyz, ýitiren zatlaryňyz üçin çendenaşa gamlanmarsyňyz.
«Adamyň jany baýlykdan has gymmat. Käte janyňa howp abananda baýlygam, mal-mülkem seni halas edip bilmeýär» (Natalýa, Ukraina).
Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «„Geçen günler şu günümden gowy eken“ diýme» (Nesihat 7:10).
Dana sözler size nädip kömek eder? Belki, häzir ýagdaýyňyz gaty kyndyr. Ýöne şu wagtky ýaşaýşyňyzy öňki ýaşaýşyňyz bilen deňeşdirmeseňiz göwnüçökgün bolmarsyňyz.
«Düşen ýagdaýymy bolşy ýaly kabul etmek maňa şatlygymy ýitirmezlige kömek edýär» (Aly, Ruanda).
Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Iýjegimiz we geýjegimiz bar bolsa, şoňa kaýyl bolalyň» (1 Timoteos 6:8).
Dana sözler size nädip kömek eder? Barja zadyňyza şükür ediň. Şonda köp zady alada etmän, kalbyňyz rahat bolar.
«Mukaddes Kitap maňa yzda galan zatlar hakda oýlanyp ýörmän, ýagdaýyň gowy tarapyny görmäge kömek edýär. Aýalym ikimiz diri galandygymyza we howpsuz ýerdedigimize begenýäris» (Iwan, Ukraina).
Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Adamlaryň size näme etmegini isleýän bolsaňyz, sizem olara şeýle ediň» (Matta 7:12).
Dana sözler size nädip kömek eder? Eger sabyrly, mähirli bolsaňyz, baran ýeriňizdäki adamlar bilen oňşukly ýaşarsyňyz. Ýagşy häsiýetli bolsaňyz, adamlar size milletparazlyk etmezler.
«Köp adamlar sylaşykly, mähirli, ýumşak bolsaň halaýar. Olar seniň bilen dostlaşyp, gowy gatnaşykda bolasy gelýär» (Anjelo, Şri-Lanka).
Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Hudaýdan kömek sorap doga ediň... Hudaýyň parahatlygy siziň ýürekleriňizi we pikirleriňizi... gorar» (Filipililer 4:6, 7).
Dana sözler size nädip kömek eder? Doga edeniňizde duýgularyňyzy, gaýgy-aladaňyzy gürrüň berip Hudaýa ýüregiňizi döküň. Şeýle doga etseňiz, düşen ýagdaýyňyza garamazdan, kalbyňyzda rahatlyk duýarsyňyz.
«Men Hudaýa doga edemde ähli kynçylyklarymy gürrüň berýärin. Hudaý meniň dogalaryma jogap berýär. Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlarym ýüregime giňlik berýär» (Ýol, Günorta Sudan).
«Mukaddes Kitabyň maslahatlary maňa kyn ýagdaýa döz gelip biler ýaly dury pikirlenmäge kömek etdi» (Walentina, Ukraina).
«Ýehowa Hudaýyň gelejekde gowy durmuşy wada berýändigini bilenimde güýjüme güýç goşuldy» (Emanuwel, Gaiti).
Mukaddes Kitapdaky umyt we teselli berýän başga-da wadalar hakda bilesiňiz gelýärmi? Şol wadalara näme üçin ynansa bolar? Köpräk bilmek üçin Ýehowanyň Şaýatlarynyň birine ýüz tutup bilersiňiz. Olar sizden hiç hili pul almaz we höwes bilen kömek eder.
a BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça agentligi öýüni taşlap ýurduň başga bir ýerine ýa-da daşary ýurda gidip, ýöne kanun taýdan bosgun bolmadyk adamlaram bosgun hasaplaýar.
b Ýewropa bileleşiginiň ynsanperwerlik kömegi bermek we kyn meseleleri çözmek boýunça komissary.
c Ýehowa hak Hudaýyň ady (Zebur 83:18). «Ýehowa kim?» diýen makalany okap bilersiňiz.