Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwyp mak. 5
  • Ene-atam aýrylyşýan bolsa näme etmeli?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ene-atam aýrylyşýan bolsa näme etmeli?
  • Ýaşlaryň sowallary
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Üç zatdan gaça dur
  • Üç maslahata eýer
  • Ejem bilen kakam näme üçin aýrylyşdyka?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
  • Ene-atam dawalaşýan bolsa näme edip bilerin?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
Ýaşlaryň sowallary
ijwyp mak. 5
Ene-atasy dawalaşyp duran ýetginjek keýpsiz otyr.

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Ene-atam aýrylyşýan bolsa näme etmeli?

Ene-atasynyň aýrylyşmagy ýaşlara agyr degýär. Eger ene-ataň aýrylyşýan bolsa, saňa näme kömek eder?

Şu makalada:

  • Üç zatdan gaça dur

  • Üç maslahata eýer

  • Deň-duşlaryň näme diýýär?

Üç zatdan gaça dur

1. Özüňi günäkärleme

«Bir gezek ejem kakam bilen arasyndaky dawalaryň men doglanymdan soň başlandygyny aýtdy. Şonuň üçin ene-atam men sebäpli aýrylyşdy diýip pikir edýärin» (Diana).

Ýatda sakla: Ene-ataň öz arasyndaky mesele sebäpli aýrylyşdy. Muňa sen günäkär däl. Dörän ýagdaýy sen çözüp bilmersiň. Maşgala ojagyny agzybir saklamak ene-ataň jogapkärçiligi.

«Her kim öz jogapkärçiligini özi çekmelidir» (Galatýalylar 6:5).

2. Öýke-kine saklama

«Ejeme biwepalyk edeni üçin kakama gaharym gelýärdi. Indi oňa ynanyp bilerin öýdemok» (Rianna).

Ýatda sakla: Ene-atasy aýrylyşsa, hiç kime-de aňsat bolmaýar. Emma ene-ataňa gaharlanyp, öýke-kine saklap ýörseň, özüňe zyýan ýetirersiň, saglygyňa-da erbet täsir eder. Birinden öýkeläp ýörmek edil özüň zäher içip, başgalar zyýan çeker diýip pikir etmek ýalya.

«Gahar-gazaba münme» (Zebur 37:8).

3. Ene-ataň ýalňyşyny özüňem gaýtalarsyň öýtme

«Men kakamyň ýalňyşyny gaýtalaryn diýip gorkýaryn. Durmuşa çykyp, çagalarym bolansoň, menem ene-atam ýaly maşgalamy saklap bilmerin diýip alada edýärin» (Jessika).

Ýatda sakla: Ene-ataň aýrylyşmagy seniň hem maşgalaň dargajakdygyny aňlatmaýar. Gaýtam ene-ataň ýalňyşyndan sapak edinip bilýärsiň. Mysal üçin, ýanýoldaş saýlanyňda häsiýetlerine hasam ünsli bolarsyň. Özüňem gowy ýanýoldaş bolmak üçin haýsy häsiýetleri ösdürmelidigiňi bilersiň.

«Goý, her kes öz işini barlasyn» (Galatýalylar 6:4).

Aýagy gipsli oglan diwanda öňüne kompýuterini alyp otyr.

Ene-atasy dawalaşyp duran ýetginjek keýpsiz otyr. Aýagy gipsli oglan diwanda öňüne kompýuterini alyp otyr.

Üç maslahata eýer

1. Gepleş. Duýgularyny, pikirini aýdyp bilmän, içine salyp ýörýän adamlar arak içmek, neşe çekmek ýaly erbet endikleri edinýär. Ýöne sen şulary etseň gowy bolar:

Ene-ataň bilen gürleş. Ejeň ýa-da kakaň saňa öz tarapyny tutdurjak bolýan bolsa, muny islemeýändigiňi ýumşaklyk bilen, ýöne açyk aýt. Gepleşmek kyn bolsa, duýgularyň hakda hat ýazyp bilersiň.

Gyz hat ýazýar.

Ýakyn dostuňa içiňi dök. Birine derdiňi aýtsaň, ýüküň ýeňlän ýaly bolýar. Mukaddes Kitapda: «Hak dost elmydama söýýär, ol aladaly günüňde dadyňa ýetişýän dogandyr» diýilýär (Nakyllar 17:17).

Hudaýa doga et. «Dogalary eşidýän» Ýehowa Hudaý seni hemişe diňlemäge taýyn (Zebur 65:2). Mukaddes Kitapda: «Gaýgy-aladaňyzy Hudaýyň üstüne atyň, sebäbi ol siziň aladaňyzy edýär» diýilýär (1 Petrus 5:7).

  • Saňa ene-ataň haýsysy bilen gaharlanman sylaşykly gepleşmek aňsat?

  • Seni kyn günüňde ýakyn dostlaryňdan haýsysy (deň-duş ýa-da uly ýaşly) goldap biler?

  • Sen Hudaýa näme hakda doga edip bilersiň?

Çyra.

Maslahat: Gündelik ýöret. Rakel 12 ýaşyndaka ene-atasy aýrylyşýar. Ol şeýle diýýär: «Başda ýazýan zatlaryň manysyz ýaly, ýöne wagtyň geçmegi bilen ýazan zatlaryňy okap, garaýşyň üýtgändigini görýäň. Gündelik ýöretmek maňa uly kömek etdi».

2. Täze ýagdaýa öwrenişjek bol

Ene-ataň aýrylyşansoň, belki, sen täze öýe, mekdebe, dostlara öwrenişmeli bolarsyň. Hatda öňkiň ýaly pul sowman, çykdajylaryňy azaltmaly bolarsyň. Beýle ýagdaýa öwrenişmek aňsat däl, durmuşyň çepbe çöwrülen ýaly bolar. Saňa näme kömek eder? Täze ýagdaýa öwrenişmek üçin näme edip biljekdigiň hakda oýlan.

  • Ene-ataň aýrylyşansoň, haýsy zady kabul etmek has kyn boldy?

  • Şol ýagdaýa öwrenişmek üçin näme edip bilersiň?

«Ähli ýagdaýlarda baryma kaýyl bolmagy öwrendim» (Filipililer 4:11).

Çyra.

Maslahat: Wagtly-wagtynda dynjyňy al, iýip-iç we maşk et. Sagdyn beden — sagdyn ruh diýlişi ýaly, özüňe gowy seretseň göwnüçökgünlige düşmän, çydamly bolarsyň, kynçylyklary ýeňmek hem aňsat bolar.

3. Güýçli taraplaryňy bil

Ene-ataň aýrylyşmagy köp kynçylyk döretse-de, sen öz güýçli taraplaryňy görüp bilýärsiň. Gowy häsiýetleri hem ösdürip bilersiň. Jeremi 13 ýaşyndaka ene-atasy aýrylyşýar. Ol: «Ejem bilen kakam aýrylyşansoň, jogapkärli bolmagy öwrendim. Maşgalada ulusy bolamsoň, ejeme kömek etmek, jigime seretmek meniň boýnumady» diýýär.

Gyz jigisine öý işlerini etmäge kömek edýär. Ejesi bolsa aşhanada nahar bişirýär.

Ene-ataň aýrylyşsa, seniň hem öýde jogapkärçiligiň köpeler

  • Ene-ataň aýrylyşansoň, sen haýsy güýçli taraplaryňy gördüň?

  • Ýene haýsy häsiýetleri ösdüresiň gelýär?

«Mukaddes kitaplaryň ählisi Hudaýyň ylhamy bilen ýazylyp... dogry ýola getirmek... üçin peýdalydyr» (2 Timoteos 3:16).

Çyra.

Maslahat: Mukaddes Kitaby her gün oka. Ondaky maslahatlar saňa gowy häsiýetleri ösdürip, ene-ataň aýrylyşmagy ýaly kyn ýagdaýlara döz gelmäge kömek eder.

a Köpräk bilmek üçin «Gahar-gazaby nädip saklamaly?» atly makalany okap bilersiň.

Deň-duşlaryň näme diýýär?

«Men köp wagtlap ene-atamyň aýrylyşanyna öwrenişip bilmän gezdim. Şonuň üçin ýetginjekkäm sähel zady göwnüme alyp öýkeleýärdim. Häzir men 18 ýaşymda. Men indi-indi ýagdaýy bolşy ýaly kabul edip, öňe seretmegi öwrendim» (Elena).

«Men ýedi ýaşymdakam ene-atam aýrylyşdy. 21 ýaşymda bolsa kakama bolan zatlar barada gürleşesim gelýändigini aýtdym. Biz iki sagatlap olaryň näme üçin aýrlyşandygy, özümi nähili duýandygym hakda gürrüň etdik. Şonda kakamyňam ýagdaýyna düşündim. Aslynda, men kakamy gowy görýän, ýöne aýrylyşmak diýilse ýeňse damarymdan tutýar. Emma şol gürrüňden soň dünýäm giňedi» (Keýtlin).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş