Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwyp mak. 27
  • Näme üçin meniň dostlarym ýok?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Näme üçin meniň dostlarym ýok?
  • Ýaşlaryň sowallary
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Özüňi barla
  • Dostluk we ýekesiremek barada hakykat
  • Nädip göreşmeli?
  • Ýalňyzlyk duýgusyny ýeňmek üçin dostlaşyň
    Dürli temalar
  • Ýehowa sizi ýeke goýmaz
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
Ýaşlaryň sowallary
ijwyp mak. 27
Ýetginjek gyz ýekesiremek duýgusy bilen göreşýär

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Näme üçin meniň dostlarym ýok?

Sen Internetden ýakynda bolan oturlyşygyň suratlaryny görýärsiň. Ol ýerde hemme dostlaryň bar, özlerem şadyýan görünýär. Ýöne bir zad-a ýetenok. Has dogrusy, kimdir biri ýetenok—ol hem sen!

«Meni näme üçin çagyrmadylarka?» diýip geň galýarsyň.

Sen gaty görüp: «Dönükler diýsäni! Menden başga hemmäni çagyrypdyrlar!» diýýärsiň. Göwnüňe bar dostlaryň bir ýere zym-zyýat bolýar. Şonda ýekelik duýgusy seni gaplap alýar: «Näme üçin meniň dostlarym ýokka?» diýýärsiň.

  • Özüňi barla

  • Dostluk we ýekesiremek barada hakykat

  • Nädip göreşmeli?

  • Deň-duşlaryň näme diýýär?

  • Dostlaşmakdan gorkma

Özüňi barla

Dogrumy ýa-da nädogry?

  1. Dostuň köp bolsa, hiç haçan ýekesiremersiň.

  2. Sosial ulgamyny ulansaň, hiç haçan ýekesiremersiň.

  3. Köp SMS ýazyşsaň, hiç haçan ýekesiremersiň.

  4. Başga adamlara kömek etseň, hiç haçan ýekesiremersiň.

Bularyň barysy hem nädogry.

Näme üçin?

Dostluk we ýekesiremek barada hakykat

  • Dostuň köp bolmagy hiç haçan ýekesiremejekdigiňi görkezmeýär.

    «Men dostlarymy gowy görýän, ýöne käte men olara gerek däl ýaly bolup görünýän. Ýanyňda adam köp bolsa-da, olar seni söýmeýän ýa-da gadyryňy bilmeýän ýaly görünse, has-da ýekesireýäň» (Anna).

  • Sosial ulgamyny ulansaň, hiç haçan ýekesiremejekdigiňi aňlatmaýar.

    «Käbir adamlar dostlary, edil oýunjak ýygnan ýaly ýygnaýar. Ýöne öýüni oýunjakdan doldurybam, heniz hiç kim özüni gowy görülýän ýaly duýmady. Eger ýakyn dostlugyň bolmasa, Internetdäki dostlaryň edil jansyz oýunjak ýaly bolar» (Eleýin).

  • Köp SMS ýazyşsaňam ýekesiräp bilýärsiň.

    «Ýekesirän wagtyň: «Biri maňa SMS ýazmadymyka?» diýip, telefonyňy hemişe barlap durýaň. Öňem ýekesiräp otyrsyň welin, hiç kimiň saňa hat ýazmaýandygyny göreňde, özüňi öňküdenem beter ýeke duýýaň» (Serena).

  • Başga adamlara kömek etseň-de, ýekesireýärsiň.

    «Men hemişe dostlarym üçin hiç zadymy gaýgyrmaýan, ýöne olaryň beýle däldigine göz ýetirdim. Olara kömek edýändigime gynanamok, ýöne edýän ýagşylygyň hiç haçan gadryny bilmeseler, özüňi birhili duýýaň» (Riçard).

Mundan nähili netije çykarsa bolýar? Ýekesiremek, esasanam, pikir edişiňe bagly. Janet atly bir gyz şeýle diýýär: «Ýekesiremek daş-töweregiňdäki ýagdaýa däl-de, içki dünýäňe bagly bolýar».

Dostlarym ýok diýip ýekesireseň näme etmeli?

Nädip göreşmeli?

Ýetginjek gyz özüne bolan ynamsyzlyk bilen göreşýär

Özüňe bolan ynamyňy artdyr.

«Özüňe ynamyň bolmasa ýekesireýäň. Adamlaryň saňa üns bermeýändigini duýsaň, olar bilen açyk gürleşip, dostlaşmak kyn bolýar» (Janet).

Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýär? «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» (Galatýalylar 5:14). Ýakyn dost bolmak üçin özüňi hem söýmeli, ýöne diňe özüňi bilmekden ägä bolmaly (Galatýalylar 6:3, 4).

Ýetginjek oglan özüne haýpy gelip, oý-pikire batyp otyr

Özüňe haýpyň gelmesin.

«Ýekesiremegi batgalyga meňzetse bolýar. Oňa näçe batsaň, şonça-da ondan çykmak kyn. Eger özüňe haýpyň gelip, ýekesireýändigiň hakda oý-pikire batyp ýörseň, hiç kimiň seniň bilen dostlaşasy gelmez. Şeýdip öňküdenem beter ýekesireýäň» (Erin).

Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýär? «Söýgi... öz peýdasyny gözleýän däldir» (1 Korinfliler 13:4, 5). Dogrudanam, eger özümize has köp üns bersek, mähirli bolmarys we hiç kim bilen dostlaşyp bilmeris (2 Korinfliler 12:15). Şuny ýatda sakla: eger seniň üstünlik gazanmagyň başgalaryň näme edýändigine bagly bolsa, onda işiň hiç haçan ugruna bolmaz! Sen: «Maňa hiç kim hiç haçan jaň edenok» ýa-da «Meni hiç kim hiç ýere çagyranok» diýseň, bagtly bolmagyň başgalara baglydygyny görkezersiň. Bu olara agalyk etmäge ýol berdigiň bolmazmy?!

Ýetginjek oglan çilim çekmekden ýüz öwürýär

Dostlaşmak üçin öz garaýşyňdan dänme.

«Ýekesireýän adamlar özüne üns berilmegini isleýär. Olar üçin tapawudy ýok, kimdir biri üns berip, gadyry bilinse bolýar. Ýöne käbirleri mundan peýdalanyp, seni öz bähbidi üçin ulanýar. Şonda sen öňküdenem beter ýekesirärsiň» (Brian).

Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýär? «Akyldarlar bilen gezýän adam akyldar bolar; akylsyzlaryň dosty bolsa zelel çeker» (Süleýmanyň tymsallary 13:20). Aç adam çem gelen zady iýýär. Şonuň ýaly dostlaşmagy küýseýän adam hem dostlary çem gelen ýerden gözlemegi mümkin. Olar: «Men indi gowy dost tapyp bilmerin» öýdüp, erbet niýetli adamlara «oýnatgy» ýaly bolýar we hiç hili gowulyga garaşmaýar.

Netije: Her bir adam käwagt ýekesireýär, ýöne käbirleri beýlekilerden has ýekesireýär. Ýekesiräniňde özüňi gaty erbet duýýarsyň, emma munuň ýöne bir duýgudygyny unutma. Adatça, pikirlenmek duýgynyň döremegine eltýär, pikirimize ünsli bolmak bolsa öz elimizdedir.

Başgalardan köp zada garaşma. Ýokarda agzalan Janet şeýle diýýär: «Her bir adam seniň iň gowy dostuň bolup bilmeýär. Ýöne aladaňy edýän adamlar bilen dostlaşsaň, olar saňa ýekesiremez ýaly kömek eder».

Köpräk bilesiň gelýärmi? «Dostlaşmakdan gorkma» diýen çarçuwany oka. Şeýle-de «Ýekesiremezlik üçin näme etmeli?» diýen PDF görnüşdäki gönükmäni ýükle.

DEŇ-DUŞLARYŇ NÄME DIÝÝÄR?

Wanessa

«Ýekesireýändigiňi birine aýt. Duýgularyňy gizleme. Başga-da seniň ýaly ýekesireýän adamlar bardyr. Seni ruhlandyrar ýaly, käte bir gowy dost gerek bolýar» (Wanessa).

Teýlor

«Ýekesireýändigiň üçin hemişe başgalary günäkärleme. Käte seniň özüň başgalardan çetleşýäň. Şonuň üçin öňki dostlaryň bilen gatnaşar ýaly, eliňde baryny et. Eger bu başa barmasa, onda täze dost tap. Belki, olaryň käbiri bilen öň dostlaşyp bilen dälsiň» (Teýlor).

Dostlaşmakdan gorkma

«Bir joram ýekesiremekden ejir çekýär. Onuň aladasyny edýän adamlar köp bolsa-da, ol özüni hiç kim söýmeýän we hiç kime gerek däl ýaly duýýar. Ol daşyndan agras görünse-de, özüne kembaha garaýar. Meniň pikirimçe, onuň agraslygy dost tutunmaga päsgel berýär. Käbirlere ol daşyndan mähirli däl ýaly bolup görünýär. Şonuň üçin, kim erjel bolmasa, onuň ýanyna barmaga-da ýaýdanýar.

Meniň joram kimdir biri ýüregine ýara salar öýdüp gorkýar. Şol sebäpli adamlar onuň bilen ýakyndan dostlaşjak bolanda, olaryň niýeti gowy däl diýýär ýa-da dostlugy uzaga çekmez öýdýär. Ol adamlaryň köpüsi maňa düşünenok diýip ýekesireýär, ýöne duýgularyny hem olara aýtmaýar.

Joram bir zada düşünmeli: eger birine içiňi dökseň, onuň bilen ýakyn dost bolup, ol saňa has gowy düşüner. Şeýdip, bir-biriň bilen dostlaşýarsyň. Wagtyň geçmegi bilen, meniň joram hem pikirini üýtgedip, dostlaşmakdan gorkmaz diýip umyt edýärin» (Eleýin).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş