ÝAŞLARYŇ SOWALLARY
Ýaradylyşmy ýa-da ewolýusiýa taglymaty? 3-nji bölüm: Ýaradylyşa näme üçin ynanmaly?
«Ýaradylyşa ynanýandygyň üçin köpler seni akmak, çagalar ýaly ertekä ynanýan ýa-da dine kellesini aldyran adam hasaplamaklary mümkin». Janet
Senem Janetiňki ýaly duýgulary başdan geçirýäňmi? Eger şeýle bolsa, ýaradylyşyň dogrudygyna ynamyň gowşamagy mümkin. Galyberse-de, hiç kim özüne yzagalak adam diýmeklerini islemeýär. Şeýle ýagdaýda saňa näme kömek edip biler?
Adamlaryň pikiri
1. Ýaradylyşa ynansaň, seni ylma garşy çykýan adam hasaplarlar.
«Mugallymym älem-jahanda bolup geçýän zatlara düşünmäge ýaltanýan adamlaryň ýaradylyşa ynanýandygyny aýdýar». Mariýa
Bilmeli zadyň: Şeýle pikirdäki adamlar subutnamalary bilmeýärler. Meselem, Galileo we Isak Nýuton ýaly dünýä belli alymlaram Ýaradyja ynanýar. Olar hem ýaradylyşa ynanýardylar, hem ylmy öwrenýärdiler. Şu günlerem şeýle garaýyşly alymlar az däl.
Maslahat: «Garawul diňiniň onlaýn kitaphanasynyň» (rusça) gözleg diýen ýerine «Ynanjy barada gürrüň berýär» (goşa dyrnakda) diýip ýaz. Sen ol ýerden medisina we ylym bilen meşgullanýandygyna garamazdan, ýaradylyşa ynanýan adamlar barada okap bilersiň. Olara şeýle netijä gelmäge nämäniň kömek edendigine üns ber.
Ýatda sakla: Sen ýaradylyşa ynanýandygyň üçin ylma garşy çykmaýarsyň. Gaýtam, sen älem-jahan barada öwrenip, ýaradylyşa bolan ynamyňy hasam artdyrýarsyň (Rimliler 1:20).
2. Mukaddes Ýazgylardaky ýaradylyş barada aýdylýanlara ynanýan bolsaň, adamlar seni dine berlen adam hasaplar.
«Köp adamlar ýaradylyşa ynanmaklyga sowuk-sala garaýarlar. Olar Gelip çykyş kitabyndaky aýdylýan wakalara ertekidir öýdýärler». Jasmin
Bilmeli zadyň: Mukaddes Ýazgylarda ýaradylyş barada aýdylýan zatlara köplenç adamlar nädogry düşünýärler. Meselem, ýaradylyşa ynanýan adamlaryň käbiri ýer ýaňy-ýakynda ýa-da ýaşaýyş alty günüň dowamynda ýaradyldy diýip pikir edýär. Emma Mukaddes Ýazgylarda beýle diýilmeýär.
Gelip çykyş 1:1-de: «Başda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy» diýilýär. Bu ýeriň milliardlarça ýyl öň ýaradylandygy baradaky ylmy subutnamalaryň dogrudygyny görkezýär.
Gelip çykyş kitabynda aýdylýan «gün» diýen söz uzak döwri öz içine alýar. Aslynda, Gelip çykyş 2:4-däki «gün» diýen söz ýaradylyşyň ähli alty gününi suratlandyrmak üçin ulanylýar.
Ýatda sakla: Mukaddes Ýazgylarda ýaradylyş barada aýdylýan zatlar ylmy taýdan dogry gelýär.
Oýlanyp gör
Ýaradylyşa bolan ynam öz-özünden döremeýär. Munuň üçin ynandyryjy deliller gerek. Şu zatlar barada oýlan:
Daş-töwerekdäki görýän zatlarymyzyň ählisi döredijisiniň bardygyny subut edýär. Biz öýi, kamerany ýa-da uçary görenimizde, ony kimdir biriniň ýasandygyna düşünýäris. Onda näme üçin biz adamyň gözüni, guşlary we Ýer şaryny görenimizde ony hem kimdir biri döredendir diýip pikir etmeli däl?!
Meselem, inženerler köplenç döreden zatlaryny tebigatdaky zatlara meňzedip kämilleşdirýärler we olary özüniň döredendigini hemmeleriň bilmegini isleýärler. Eger biz adamyň bir zady oýlap tapandygyna ynanýan bolsak, Ýaradyja we onuň ägirt uly zatlary döredendigine şübhelensek dogry bolarmy?
Uçaryň ýasalandygyna ynanyp, guşuň ýaradylandygyna ynanmazlyk dogrumy?
Subutnamalary öwrenmek üçin gollanma
Sen tebigatdaky zatlary öwrenip, ýaradylyşa bolan ynamyňy berkidip bilersiň.
Maslahat: «Garawul diňiniň onlaýn kitaphanasynyň» (rusça) gözleg diýen ýerine «öz-özünden döredimi ýa-da döredildi» (goşa dyrnakda) diýip ýazyň. Soňra «Oýanyň!» (rusça) žurnalyndaky «Öz-özünden döredimi ýa-da döredildi?» diýen bölümdäki makalalardan özüňe gyzyklysyny saýla. Her bir makalada janly organizmiň haýsy täsin aýratynlygy barada gürrüň edilýändigine üns ber. Bu saňa Ýaradyjynyň bardygyna ynanmaga nädip kömek edýär?