Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwbq bap 92
  • Hakyky dini nädip tapmaly?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hakyky dini nädip tapmaly?
  • Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Mukaddes Kitabyň jogaby
  • Hudaýa ýaraýan sežde
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Hakyky dini nädip tapmaly?
    Sen Hudaýyň dosty bolup bilersiň!
  • Siz hakyky dini nädip tapyp bilersiňiz?
    Hudaýyň hoş habary
  • Ýalan dini ret et!
    Sen Hudaýyň dosty bolup bilersiň!
Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
ijwbq bap 92
Bir adam çatrykda durup, ýol görkezijilere seredýär

Hakyky dini nädip tapmaly?

Mukaddes Kitabyň jogaby

Mukaddes Kitapda hakyky dini ýalan dinden nädip tapawutlandyryp bolýandygy barada şeýle mysal getirilýär: «Olary miwelerinden tanarsyňyz. Tikenekden üzüm ýa-da garamandalakdan injir ýygylýarmy näme?» (Matta 7:16). Tikenek bilen üzüm agajynyň tapawudyny miwelerinden bilse bolýar. Şonuň ýaly-da hakyky dini ýalan dinden tapawutlandyrmaga kömek edýän alamatlar bar.

  1. Hakyky diniň taglymatlary ynsan pelsepelerine däl-de, Mukaddes Kitaba esaslanýar (Ýahýa 4:24; 17:17). Ol ýer ýüzündäki Jennetde boljak ebedi ýaşaýşa umyt, jan we ruh barada hakykaty öwredýär (Zebur 37:29; Işaýa 35:5, 6; Hyzkyl 18:4). Şeýle-de hakyky din ýalan dini taglymatlary aç-açan ýazgarýar (Matta 15:9; 23:27, 28).

  2. Hakyky din adamlara Hudaý barada bilim almaga we onuň adynyň Ýehowadygyny bilmäge kömek edýär (Zebur 83:18; Işaýa 42:8; Ýahýa 17:3, 6). Ol Hudaýyň bizden uzakda däldigini we oňa ýakynlaşyp bolýandygyny öwredýär. Mundan başga-da Mukaddes Kitapda Hudaýyň biziň özi bilen dostlaşmagymyzy isleýändigi barada aýdylýar (Ýakup 4:8).

  3. Hakyky din Hudaýyň Isa pygamber arkaly adamlary halas etjekdigini öwredýär (Resullar 4:10, 12). Bu dine uýýan adamlar Isanyň tabşyryklaryna gulak asýarlar we göreldesine eýermäge çalyşýarlar (Ýahýa 13:15; 15:14).

  4. Hakyky din Hudaýyň Patyşalygynyň adamzat üçin ýeke-täk umytdygyny öwredýär. Oňa uýýan adamlar bu Patyşalyk barada başgalara yhlasly gürrüň berýärler (Matta 10:7; 24:14).

  5. Hakyky din janaýamaz söýgini ösdürmäge höweslendirýär (Ýahýa 13:35). Ol ähli milletden bolan adamlara hormat goýmalydygyny öwredýär. Bu dine jynsyna, medeniýetine, diline ýa-da aslyna garamazdan, ähli adamlar uýup bilýär (Resullar 10:34, 35). Onuň agzalary bir-birini söýýändikleri üçin urşa gatnaşmaýarlar (Mika 4:3; 1 Ýahýa 3:11, 12).

  6. Hakyky dinde Hudaýa eden gullugyň üçin hak tölenmeýär we hiç kime ýokary dini at berilmeýär (Matta 23:8—12; 1 Petrus 5:2, 3).

  7. Hakyky diniň tarapdarlary syýasy meselelerde doly bitaraplygy saklaýarlar (Ýahýa 17:16; 18:36). Emma olar ýaşaýan ýurdunyň hökümetine hormat goýýarlar we Mukaddes Kitapdaky: «Patyşanyňkyny patyşa, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýen tabşyryga eýerýärler (Markus 12:17; Rimliler 13:1, 2).

  8. Hakyky dine uýmak bu ýöne bir däp-dessurlary ýerine ýetirmekligi däl-de, adamyň durmuş ýoluny aňladýar. Hakyky dine uýýan adamlar ähli ýagdaýda Mukaddes Kitabyň ýokary ahlak kadalaryna eýerip ýaşaýarlar (Efesliler 5:3—5; 1 Ýahýa 3:18). Olar muňa gynanman, gaýtam, «bagtly Hudaýa» gulluk edýändigine begenýärler (1 Timoteos 1:11).

  9. Hakyky dine uýýan adamlaryň sany hemişe az bolar (Matta 7:13, 14). Köplenç olaryň üstünden gülýärler we Hudaýyň islegini berjaý edýändikleri üçin yzarlaýarlar (Matta 5:10—12).

Halan diniňe hakyky din diýip bolarmy?

Dini öz islegiňe görä saýlamak örän howply. Mukaddes Kitapda adamlaryň «gulaklaryna ýakýan zatlary gürrüň berjek mugallymlary daşyna üýşürjek» döwri barada pygamberlik edildi (2 Timoteos 4:3). Emma köpçüligiň kabul etmeýändigine garamazdan, Ýazgylar bizi «Ata Hudaýymyzyň öňünde tämiz, çirksiz sežde etmäge» çagyrýar (Ýakup 1:27; Ýahýa 15:18, 19).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş