Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwyp mak. 57
  • Näme üçin jigi-doganlaryň bilen oňuşmaly?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Näme üçin jigi-doganlaryň bilen oňuşmaly?
  • Ýaşlaryň sowallary
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Dogan dogana galadyr, gadyryny bilmeseň beladyr»
  • Oňşukly ýaşamagyň iki sebäbi
  • Doganlarym bilen nädip oňuşmaly?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
  • Isa pygamber öýlenendimi? Onuň dogan-uýalary bardymy?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Biziň dogan-uýalarymyz kim?
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Maşgala gatnaşyklary
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
Ýaşlaryň sowallary
ijwyp mak. 57
Bir jigi-dogan pissa bişirýär

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Näme üçin jigi-doganlaryň bilen oňuşmaly?

  • «Dogan dogana galadyr, gadyryny bilmeseň beladyr»

  • Oňşukly ýaşamagyň iki sebäbi

  • Deň-duşlaryň näme diýýär?

«Dogan dogana galadyr, gadyryny bilmeseň beladyr»

Il arasynda jigi-doganlar barada şeýle nakyl bar: «Dogan dogana galadyr, gadyryny bilmeseň beladyr». Dogrudan-da, sen-ä olary gowy görýäň, olar hem seni. Ýöne käte olar bilen oňuşmak kyn bolýar. 18 ýaşly Helena şeýle diýýär: «Jigim meniň haçan we nädip gaharymy getirmelidigini gaty gowy bilýär».

Käbir jigi-doganlaryň arasyndaky düşünişmezligi çözmek üçin käte ýönekeýje gürrüňdeşlik hem ýeterlik bolýar. Meselem:

  • Iki bolup bir otagda ýaşaýan doganlar ýer üçin dawalaşýar. Şeýle ýagdaýda näme etse bolar? Olar bir-biri bilen oňşup, geçirimli bolmagy öwrenmeli. Bu babatda Luka 6:31-nji aýatdaky prinsip kömek eder.

  • Iki gyz dogan bir-biriniň eşiklerini soraşman geýýär. Şeýle ýagdaýda näme etse bolar? Olar bir-birine halaýan we halamaýan zatlaryny aýdyp, açyk gürleşmeli. Bu babatda 2 Timoteos 2:24-nji aýatdaky prinsip kömek eder.

Käte jigi-doganlaryň arasynda has uly dawa bolmagy mümkin we bu köp kynçylyklara eltip biler. Geliň, Mukaddes Ýazgylardan iki mysala seredeliň:

  • Merýem bilen Harun dogany Musa göriplik edendigi üçin köp kynçylyklara uçradylar. Bu waka barada Sanlar 12:1—15-nji aýatlardan okap gör. Soňra özüňe şeýle sorag ber: «Jigi-doganlaryma göriplik etmez ýaly näme edip bilerin?»

  • Kabyl dogany Habyla gaty gaharlanyp, soňam ony öldürýär. Bu waka barada Gelip çykyş 4:1—12-nji aýatlardan okap gör. Soňra özüňe şeýle sorag ber: «Doganym ýa-da uýam bilen düşünişmezlik dörände nädip gaharymy saklap bilerin?»

Oňşukly ýaşamagyň iki sebäbi

Jigi-doganlaryň bilen ýaşamak näçe kyn bolsa-da, olar bilen oňşukly ýaşamagyň azyndan iki sebäbi bar:

  1. Ulalandygyňy görkezýär. Aleks atly bir ýaş oglan şeýle diýýär: «Öň iki gyz jigim sebäpli derrew gaharym gelýärdi. Häzir bolsa men özüme erk edip, sabyrly bolmagy öwrendim. Sebäbi men indi çaga däl».

    Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýär? «Gahary giç gelýän adamyň düşünjesi köpdür; dargursak bolsa akmaklygy beýgeldýändir» (Süleýmanyň tymsallary 14:29).

  2. Gelejekde-de peýda berer. Eger sen häzir jigi-doganlaryň bilen oňşup bilmeýän bolsaň, onda ýanýoldaşyň, işdeşiň, başlygyň ýa-da iş salyşýan başga bir adam bilen nädip oňuşjak?

    Hakykat: Eger sen häzirden maşgala agzalaryň bilen gowy gatnaşykda bolup, gürrüňdeş bolmagy öwrenseň, gelejekde başgalar bilen hem gowy gatnaşykda bolarsyň.

    Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýär? «Mümkin boldugyndan, ähli adamlar bilen parahat ýaşamak üçin eliňizde baryny ediň» (Rimliler 12:18).

Sen jigi-doganlaryň bilen oňşup ýaşamagy öwrenesiň gelýärmi? Onda «Deň-duşlaryň näme diýýär?» atly çarçuwany oka we «Jigi-doganlaryň bilen nädip oňuşmaly?» diýen gönükmäni ýerine ýetir.

Deň-duşlaryň näme diýýär?

Jesika

«Meniň üç gyz doganym bar. Olar bilen hemişe oňuşaýmak aňsat däl. Ýöne olar meni gowy tanaýandyklaryna we hemişe goldajakdyklaryna düşünýärin» (Jesika).

Taýler

«Doganym ikimiz käte bir-birimiziň kellämizi agyrdýarys. Ýöne men şonda-da ony gowy görýärin. Sebäbi ol ýanymdaka, özümi hemişe ynamly duýýaryn. Ol hiç haçan ruhdan düşmeýär we meniň üçin hiç zadyny gaýgyrmaýar. Men oňa buýsanýaryn» (Taýler).

Kameo

«Men köpçüligiň arasynda bolmagy gowy görýän. Şonuň üçin iki oglan jigimiň bardygyna guwanýaryn. Men olardan başga oglanlar bilen özümi nähili alyp barmalydygymy öwrendim. Şeýle oglan jigilerimiň bardygyna örän begenýärin» (Kameo).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş