Çykgyt
e Käbirleri Pawlus resul korinflilere «diri galarys hem öýtmedik» diýende şu wakany göz öňünde tutandyr diýip pikir edýärler (2 Kor. 1:8). Ýöne Pawlus şu sözleri aýdanda has howply ýagdaýy göz öňünde tutan bolmaly. 1 Korinfliler 15:32-de ol «Efesde ýyrtyjy haýwanlar bilen göreşendigini» aýdýar. Belki, ol, dogrudanam, üsti açyk teatrda ýyrtyjy haýwanlar bilen göreşendir. Ýa-da päliýaman adamlary göz öňünde tutandyr.