Çykgyt
a Rut 2:11 Bowaz oňa: «Seniň adamyň ölenden soň, öz gaýyn eneňe eden ýagşylyklaryň barada hemme zat maňa mälim. Sen ene-ataňy, dogduk mekanyňy taşlap, hiç bir tanamaýan halkyň arasyna gelipsiň. 12 Eden ýagşylyklaryň Rebden gaýtsyn! Seniň pena tapynan Rebbiň, Ysraýyl Hudaýy sylagyňy bersin!» diýip jogap berdi. 13 Rut: «Meniň jenabym, sende rehim-şepagat tapaýyn. Men seniň gyrnagyň bolmasam-da, mylaýym sözleriň bilen öz gyrnagyň göwnüni göterdiň» diýdi. 14 Nahar wagty bolanda, Bowaz oňa: «Bärik gel-de, biraz nan alyp, şeraba batyryp iý» diýdi. Rut orakçylaryň ýanynda oturdy. Bowaz oňa gowurga uzatdy. Ol iýip doýdy, galanyny ýygnap goýdy.