Çykgyt
a Ezekiýel 2:8—3:4, 7—9: «Sen, adam ogly, saňa aýdýaryn, diňle. Bu pitneçi öý ýaly sen pitneçi bolma. Agzyňy aç we saňa berýänimi iý». Men seretdim maňa el uzadyldy, onda düýrlenen kagyz bardy. Ol ony meniň öňümde açdy we düýrlenen kagyzyň iki tarapy ýazyp doldurlandy; onda gynançly aýdymlar, nalyş we agy ýazylgydy. Ol maňa şeýle diýdi: «Adam ogly, öňüňdäkini iý. Bu düýrlenen kagyzy iý, soňra git-de Ysraýyl öýüne diý». Men agzymy açdym, ol maňa düýrlenen kagyzy iýmäge berip: «Adam ogly, meniň saňa berýän, düýrlenen kagyz bilen garnyňy doldur we içiňi doýur» diýdi. Men ony iýip başladym we ol agzymda bal ýaly süýjidi. Soňra ol maňa diýdi: «Adam ogly, Ysraýyl öýüne git we meniň sözlerimi olara aýt». Ýöne Ysraýyl öýi seni diňlemek islemez, sebäbi ol meni diňlemek islemeýär; çünki ähli Ysraýyl öýi — maňlaýy gaty we kesir ýürekli adamlardyr. Ine, olaryň ýüzi ýaly seniň ýüzüňi-de gataltdym we maňlaýlary ýaly seniň maňlaýyňy-da gataltdym. Seniň maňlaýyňy çakmak daşyndan-da gaty bolan almaz ýaly etdim. Olar pitneçi öý bolany sebäpli, olardan gorkma we olaryň ýüzlerinden gorkma».