Çykgyt
a Rut 1:1 Ysraýyl halkyna häkimleriň baştutanlyk edýän mahaly Ýahuda ýurduna açlyk düşdi. Bir ysraýylly adam aýaly we iki ogly bilen birlikde Beýtullaham şäherinden göçüp, baryp, moablylara degişli uzak bir ýurtda ýerleşdi. 2 Bu adamyň ady Elimelek, aýalynyň ady Naomi, iki oglunyň ady hem Mahlon bilen Kiliondy. 3 Naominiň äri Elimelek ölüp, ol iki ogly bilen galdy. 4 Onuň ogullary Moab gyzlaryna öýlendiler. Gelinleriň biriniň ady Orpa, beýlekisiň ady bolsa Rutdy. On ýyla golaý şol ýerde oturansoňlar, 5 Mahlon bilen Kileon hem öldi. Şeýlelikde, ýaňky aýal iki ogly bilen ärinden mahrum boldy. 6 Şonda Naomi gelinlerini alyp, Moabdan öz watanyna tarap ýola düşdi, çünki ol Moab ýurdundaka, Ýehowanyň öz halkyna nazar salyp, çörek berendigini eşitdi.