Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR

Çykgyt

a Eger okuw geçirmek üçin täze pionerler ýeterlikli bolmasa, onda soňky bäş ýylyň içinde bu mekdepde bolmadyk pionerleri çagyrsa bolýar.

Ýygnak ýaşululary üçin mekdep

Maksady. Ýaşululara ýygnakdaky borçlaryny ýerine ýetirmäge we ýygnagyň ruhy taýdan ösmegine goşant goşup biler ýaly kömek etmek.

Möhleti. Bäş gün.

Geçirilýän ýeri. Filial çözýär; köplenç Patyşalyk ýa-da Kongres zalynda.

Talaby. Ýaşuly bolmaly.

Nädip ýazylmaly. Ýaşulular filial tarapyndan çagyrylýar.

ABŞ-da geçirilen bu mekdebiň 92-nji klasynda okan käbir doganlaryň aýdan sözlerine üns beriň.

«Bu mekdep maňa gaty köp peýda getirdi. Ol maňa özümi barlamaga we Ýehowanyň sürüsiniň nädip aladasyny edip biljekdigimi görmäge kömek etdi».

«Indi men Ýazgylardaky esasy pikirleri nygtap, adamlary has gowy ruhlandyryp bilýärin».

«Bu mekdepde öwrenen zatlarym maňa bütin ömrüme kömek eder».

Aýlanýan gözegçiler we olaryň aýallary üçin mekdep

Maksady. Etrap we welaýat gözegçilerine ýygnaklaryň aladasyny etmäge, «sözi ýaýratmakda, öwretmekde zähmet» çekip, Hudaýyň sürüsini bakmaga kömek etmek (1 Tim. 5:17; 1 Pet. 5:2, 3).

Möhleti. Iki aý.

Geçirilýän ýeri. Filial çözýär.

Talaby. Dogan etrap ýa-da welaýat gözegçisi bolmaly.

Nädip ýazylmaly. Aýlanýan gözegçiler we olaryň aýallary filial tarapyndan çagyrylýar.

«Biz Isanyň gurama ýolbaşçylyk edişini has gymmat saýyp başladyk. Hyzmat edýän doganlarymyzy ruhlandyrmagyň we her bir ýygnagyň agzybirligini berkitmegiň wajypdygyna göz ýetirdik. Aýlanýan gözegçiler maslahat we käte düzediş berseler-de, bu mekdep arkaly biz doganlara Ýehowanyň olary söýýändigini görkezmegi öwrendik» (Joel, 1-nji klas, 1999 ýyl).

Sallah doganlar üçin mekdep

Maksady. Sallah ýaşululara we gulluk hyzmatçylaryna Ýehowanyň guramasynda goşmaça borçlary ýerine ýetirmäge kömek etmek. Mekdebi tamamlanlaryň köpüsi öz ýurdunda zerurlygyň bar ýerlerine ugradylýar. Mümkinçiligi bolan käbir doganlary daşary ýurtlara belleýärler. Käbirleri bolsa, çet ýerdäki etraplara hoş habary ýetirmek üçin wagtlaýyn ýörite pioner bolup gulluk etmäge ugradylar.

Möhleti. Iki aý.

Geçirilýän ýeri. Filial çözýär; köplenç Patyşalyk ýa-da Kongres zalynda.

Talaby. Sallah ýaşulular we gulluk hyzmatçylary çagyrylýar. Olaryň ýaşy 23-den 62 aralygy we saglygy gowy bolmaly. Zerurlygyň bar ýerinde hyzmat etmäge taýyn bolmaly (Mar. 10:29, 30). Olar azyndan soňky iki ýyl pioner we ýaşuly ýa-da gulluk hyzmatçysy bolup gulluk etmeli.

Nädip ýazylmaly. Etrap kongresinde bu mekdebe ýazylmak isleýän doganlar üçin duşuşyk geçirilýär.

ABŞ-da geçen mekdebiň 23-nji klasynda okan Rik şeýle diýýär: «Men bar ünsümi okuwa berdim. Şol sebäpli Ýehowanyň ruhy meni düýbünden başga adam etdi. Haçanda Ýehowa saňa ýumuş tabşyranda, Ol bu işi ýerine ýetirip biler ýaly goldaw hem berýär. Eger-de men bar ünsümi özüme däl-de, Ýehowanyň islegine gönükdirsem, Onuň meni berkitjekdigine düşündim».

Germaniýada gulluk edýän Andreas şeýle gürrüň berýär: «Men Ýehowanyň guramasynyň işleýşini — biziň günlerimiziň gudraty hasaplaýaryn. Bu mekdep maňa öňde duran işlere taýýarlanmaga ýardam berdi. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylardaky ençeme mysallar maňa wajyp hakykata düşünmäge kömek etdi: dogan-uýalara we Ýehowa gulluk etmeklik hakyky bagt getirýär».

Mesihçi är-aýallar üçin mekdep

Maksady. Ýehowa we onuň guramasy mesihçi är-aýallary gerekli gural hökmünde ulanyp biler ýaly, olara ýörite bilim berýär. Mekdebi tamamlanlaryň köpüsi öz ýurdunda zerurlygyň bar ýerlerine bellenilýär. Mümkinçiligi bolan är-aýallary daşary ýurtlara belläp bilerler. Şeýle-de olar çet ýerdäki etraplara hoş habary ýetirmek üçin wagtlaýyn pioner hökmünde belleniler.

Möhleti. Iki aý.

Geçirilýän ýeri. Bu mekdep ABŞ-da geçirilýär. Emma 2012-nji ýylyň sentýabr aýyndan başlap, käbir filiallaryň territoriýasyndaky Patyşalyk ýa-da Kongres zalynda geçiriler.

Talaby. Ýaşy 25-den 50 aralygy we saglygy gowy bolmaly. Zerurlygyň bar ýerinde gulluk etmäge olaryň mümkiçiligi bolmaly we olarda «Ine, men; meni iber!» diýen garaýyş bolmaly (Iş. 6:8). Şeýle-de olaryň durmuş guranyna we doly wagtly gulluk edýänine azyndan iki ýyl bolmaly. Dogan azyndan soňky iki ýyl ýaşuly ýa-da gulluk hyzmatçysy bolup gulluk etmeli.

Nädip ýazylmaly. Welaýat kongresinde oňa ýazylmak isleýänler üçin duşuşyk geçirilýär we gerekli maglumat şol duşuşykda aýdylýar. Eger siziň ýurduňyzda welaýat kongresinde şeýle duşuşyk geçirilmeýän bolsa, onda mekdepde okamak isleýändigiňiz barada öz ýurduňyzyň filialyna hat ýazyp bilersiňiz.

«Bu iki aý biziň durmuşymyzy özgertdi! Bu mekdep Ýehowa köpräk gulluk etmek isleýän är-aýallara köp mümkinçilik döredýär. Biz wagtymyzy paýhasly ulanmak üçin sada ýaşamak isleýäris» (2011-nji ýylda 1-nji klasy tamamlan Erik we Karina, aşakdaky suratda).

Gilead mekdebi

Maksady. Missionerleri köp adamly ýerlerde wagyz etmäge, aýlanýan gözegçi ýa-da Beýtel gullugyna taýýarlamak. Bu mekdep wagyz işini we filialyň işlerini berkitmäge kömek edýär.

Möhleti. Bäş aý.

Geçirilýän ýeri. «Garawul diňi» okuw merkezinde (ABŞ, Nýu-Ýork ştaty, Patterson).

Talaby. Mesihçi är-aýal ýörite gullugyň bir görnüşinde, ýagny pioner, aýlanýan gözegçi ýa-da Beýtel maşgalasynyň agzasy bolup gulluk edýän bolmaly. Olar gullugyň bu görnüşinde azyndan üç ýyl yzygiderli gulluk eden bolmaly. Är-aýal iňlis dilinde erkin gepläp, okap we ýazyp bilmeli.

Nädip ýazlymaly. Bu mekdebe ýurduň filialynyň komiteti çagyrýar.

Amerikaly Lade we Monika häzir Afrikada gulluk edýär. Lade şeýle diýýär: «Gilead mekdebi bizi dünýäniň islendik künjegine gitmäge we mähriban dogan-uýalarymyz bilen eginme-egin gulluk etmäge taýýarlady».

Monika şeýle gürrüň berýär: «Men Hudaýyň Sözünden öwrenen zatlarymy ulanyp, gullukdan köp şatlyk tapýaryn. Men bu şatlygy Ýehowanyň bildirýän söýgüsiniň ýene-de bir subutnamasy hasaplaýaryn».

Filial komitetiniň agzalary we olaryň aýallary üçin mekdep

Maksady. Filial komitetiniň agzasy bolup gulluk edýänlere Beýtel öýi barada alada etmegi, ýygnaga degişli meselelere, etraplara hem welaýatlara gözegçilik etmegi öwretmek. Şeýle-de olar terjimeçilik işleri, edebiýatlary çap etmek hem ugratmak bölümleri barada öwrenýärler.

Möhleti. Iki aý.

Geçirilýän ýeri. «Garawul diňi» okuw merkezinde (ABŞ, Nýu-Ýork ştaty, Patterson).

Talaby. Filial komitetiniň ýa-da Ýurt komitetiniň agzalary, ýa-da şol gulluga bellenjek doganlar bolmaly.

Nädip ýazylmaly. Doganlar we olaryň aýallary Ýolbaşçylyk maslahaty tarapyndan çagyrylýar.

Bu mekdebiň 25-nji klasyny tamamlan Louell we Kara Nigeriýada gulluk edýärler. Louell dogan şeýle diýýär: «Bu mekdep maňa işiň köplügine we nähili işiň tabşyrylandygyna garamazdan, Ýehowa ýaranmak üçin iň esasy zady, ýagny ruhy taýdan sagdyn bolmalydygyny ýatlatdy. Şeýle-de Ýehowanyň öz gullukçylaryna bildirýän söýgüsini adamlara bildirmelidigimizi öwretdi».

Kara şeýle gürrüň berýär: «Men mekdepde aýdylan bir pikir barada oýlanýaryn. Eger haýsydyr bir zady ýönekeý düşündirip bilmesem, onda adamlara tälim bermezden öňürti, şol temany gowy özleşdirmeli».

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş