Çykgyt
c 1 Şamuwel 24:5 «Adamlary Dawuda ýüzlenip: «Rebbiň saňa „Duşmanyňy eliňe bererin, sen oňa islän zadyňy edersiň“ diýen güni, ine şu gündür» diýdiler. Dawut assyrynlyk bilen baryp, Şawulyň donunyň synyny kesdi. 6 «Muňa Dawudyň ýüregi gopan ýaly bolup gitdi. 7 Ol adamlaryna şeýle diýdi: «Jenabyma, Rebbiň saýlan adamyna beýle zat etmekden, oňa garşy el götermekden Rebbiň Özi saklasyn, çünki ol Rebbiň seçip saýlanydyr». 8 Şeýdip, Dawut öz adamlaryna käýedi we olara Şawulyň garşysyna uruşmaga rugsat bermedi. Şawul bolsa gowakdan çykyp, öz ýoluna gitdi.