Çykgyt
a Wagyz kitaby 12:1 Juwanlygyňda, agyr günler gelmänkä, «olardan lezzet almaryn» diýjek ýyllaryň golaýlaşmanka, özüňi Ýaradany ýatla. 2 Seniň üçin Gün, yşyk, Aý, ýyldyzlar garalmanka, ýagyşdan soň bulutlar yzyna gaýtmanka, Ony ýatla. 3 Şol gün öýi goraýanlar titreşerler, güýçli adamlar eglerler, el degirmeni bilen däne üweýänler işini togtadarlar, sebäbi olaryň sany azdyr, penjireden seredýänleriň gözleri garaňkyraýar. 4 Köçä açylan gapylar ýapylar, degirmeniň sesi kesiler; adamlar guş sesine oýanarlar, gyzlaryň nagmasy kesiler. 5 Beýiklikden gorkarlar, ýollar gorkuly bolar; badam agajy güllär, çekirtge özüni zor bilen çeker, höwes ýiter, çünki ynsan öz ebedi öýüne gider, ýas tutýanlar köçelerde aýlanyşarlar.