Çykgyt
a Serdarlar 6:11 Ine, Rebbiň iberen perişdesi Opra galasyna gelip, dub agajynyň aşagynda oturdy. Bu agaç abygezer urugyndan Ýogaş diýen adamyňkydy. Onuň ogly Gedegon midýanlar bilmez ýaly, gizlinlikde ol ýerde üzüm sykylýan sokuda bugdaý döwüp durdy. 12 Rebbiň perişdesi oňa görnüp: «Eý, edermen urşujy, Reb seniň bilendir!» diýdi. 13 Gedegon oňa: «Eý jenabym, eger Reb biziň bilen bolsa, onda nädip biziň başymyza şunça betbagtlyk gelýär? Ata-babalarymyz: „Reb bizi Müsürden alyp çykdy“ diýip, bize gürrüň berýärdiler. Hany, Rebbiň şol gudratlary? Indi Reb bizi terk edip, midýanlaryň eline berdi» diýdi. 14 Reb Gedegona bakyp: «Bar, şu güýjüň bilen git-de, ysraýyllary midýanlaryň elinden halas et. Seni Men iberýärin!» diýdi. 15 Gedegon: «Ýa Reb! Men nädip Ysraýyly halas edip bilerin? Meniň urugym manaşe tiresiniň iň ejizidir. Men özüm hem maşgalamyzyň iň kiçisi ahyryn» diýdi. 16 Reb oňa: «Men seniň bilen bolaryn. Sen ähli midýanlary emgenmän gylyçdan geçirersiň» diýdi.