Çykgyt
b Danyýel 1:8 Danyýel özüni haram etmezligi ýüregine düwdi. Şeýdip, ol baş gözegçiden özüniň patyşanyň saçagyndan bölüp berilýän nahardan, şerapdan saklanmagyny haýyş etdi. 11 Soňra Danyýel baş gözegçiniň özüniň, Hananýanyň, Mişaýylyň we Azarýanyň üstünden goýan sakçysyndan haýyş edip, şeýle diýdi: 12 «Öz gullaryňy on gün synap göräý. Goý, bize iýmek üçin gök-önümler, içmek üçin bolsa suw berilsin. 13 Şundan soň sen biziň ýüzümizi köşk saçagyndan iýýän beýleki ýigitleriň ýüzi bilen deňeşdirip bilersiň we öz gullaryňa näme etmegi isleseň, gözel göwnüň». 14 Şeýdip, sakçy bu pikir bilen ylalaşyp, olary on gün synap gördi. 15 On günden soň bu dört ýigit köşk saçagyndan naharlanýanlaryň hemmesinden has görmegeý we daýaw göründiler. 20 Patyşa her bir ylym ýa-da düşünje bilen baglanyşykly mesele hakda soranda, öz patyşalygyndaky ähli jadygöýlerdir palçylardan olaryň on esse artykdygyny gördi.