Çykgyt
b Habakuk 1:1 Habakuk pygambere aýanlyk üsti bilen gelen pygamberlik. 2 Ýa Reb, haçana çenli medet diläp perýat edeýin? Sen gulak salýaňmy? Zulumdan perýat edýän, ýöne Sen halas etmeýäň. 3 Näme üçin pisligi maňa gördürýäň? Ýamanlyga neneň çydaýaň? Zorluk we zulum gözümiň alnynda, uruş-galmagalyň, jenjeliň soňy gelenok. 4 Şonuň üçin kanunyň güýji ýok, adalata ýol ýok, erbetler dogruçyllardan üstün çykýarlar, şeýdibem, hakykat ýoýulýar. 2:3 Aýanlyk bellenen wagt üçindir, ol kyýamat barada aýdýar, bu ýalan däl, haýal bolsa-da, sen oňa garaş, ol wagt hökman geler, eglenmez.