Çykgyt
c Malaky 2:13 Ine, başga-da bir eden işiňiz bar: Siz Rebbiň gurbanlyk sypasyny gözýaşlar bilen, möňňürip, ahy-nala bilen doldurýarsyňyz, sebäbi Reb indi siziň getiren sadakalaryňyza seretmeýär, olary eliňizden hoşallyk bilen kabul etmeýär. 14 Siz: «Näme üçin kabul etmeýär?» diýip soraýarsyňyz. Sebäbi Reb seniň we ýaş wagtyň öýlenen aýalyňyň arasynda şaýatdyr. Ol ýanýoldaşyň, ähtleşen aýalyň hem bolsa, sen oňa dönüklik etdiň. 15 Tutuş kalby bilen Hudaýa wepaly bolan hiç bir adam beýle hereket etmez. Wepaly adam näme isleýär? Ol öz dogulýan çagalarynyň Hudaýyň halky bolmagyny isleýär. Şonuň üçin habardar boluň we ýaşlykda öýlenen aýalyňyza dönüklik etmäň. 16 Ysraýyl Hudaýy Reb: «Men aýrylyşmagy ýigrenýärin. Men aýrylyşan adamyň başyna zulum salaryn, muny Men - Hökmürowan Reb aýdýandyryn. Şonuň üçin siz seresap boluň, dönüklik etmäň» diýýär.