Çykgyt
c Mika 4:2 Köp milletler gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Rebbiň dagyna, Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň. Reb bize Öz ýollaryny öwreder. Biz hem Onuň ýodalaryndan ýöräris». Çünki kanun Siondan, Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar. 3 Reb halklara höküm eder. Uzakdaky güýçli milletleriň dawa-jenjelini çözer; olaryň gylyçlaryndan azal, naýzalaryndan orak ýasarlar. Millet millete garşy gylyç galdyrmaz, uruş tälimini almazlar indi. 4 Her kes öz üzüm, injir baglarynyň saýasynda oturar, olary hiç kim gorkuzmaz, çünki Hökmürowan Rebbiň Özi aýtdy.