Çykgyt
b 2 Ýyl ýazgylary 26:16 Uzyýa kuwwatlananda, gopbamsylyk edip, heläkçilige uçrady. Ol Hudaýy Rebbe haýynlyk etdi, ol ýakymly ysly tütetgi sypasynda tütetgi ýakmak üçin Rebbiň ybadathanasyna girdi. 17 Ruhany Azarýa Rebbiň segsen batyr ruhanysy bilen Uzyýanyň yzyndan girdi. 18 Olar Uzyýa patyşa garşy çykyp, oňa şeýle diýdiler: «Eý, Uzyýa, Rebbe ýakymly ysly tütetgi ýakmak seniň işiň däl, ol Harunyň neslinden bolan, mukaddes edilen ruhanylaryň işidir. Sen mukaddes öýden çyk, çünki sen hyýanat etdiň. Bu iş saňa Reb Hudaýdan hormat getirmez». 19 Uzyýa gazaplandy; ol ýakymly ysly tütetgi ýakylýan sypanyň ýanynda, Rebbiň öýündäki ruhanylaryň öňünde tütetgi ýakmak üçin durdy. Ol ruhanylara gazaplananda, onuň maňlaýynda heýwere keseli peýda boldy.