Çykgyt
a Gelip çykyş 2:20 Şunlukda, adam ähli mallara, guşlara, ähli haýwanlara at berdi. Ýöne adamyň özüne laýyk kömekçi tapylmady. 21 Reb Hudaý adamy agyr uka gidirdi; adam ukudaka, Reb onuň bir gapyrgasyny alyp, boşap galan ýerini et bilen örtdi. 22 Reb Hudaý adamyň bedeninden alan şol gapyrgasyndan aýal ýaratdy we ony adamyň ýanyna getirdi. 23 Adam ony görüp: «Ine, süýegi öz süýegimden, teni öz tenimdendir; ol aýal bolar, çünki ol ärinden alnandyr» diýdi. 24 Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen ýapyşýar we olaryň ikisi bir ten bolýar.