Çykgyt
a 2 Ýyl ýazgylary 16:7 Şol wagt görgür Hanany Ýahuda patyşasy Asanyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdi: «Hudaýyň Rebbe bil baglaman, Aram patyşasyna bil baglanyň üçin Aram patyşasynyň goşuny seniň eliňden gaçyp gutuldy. 8 Efiopiýalylar we libýanlylar biçak köp söweş arabaly we sansyz-sajaksyz söweş arabaly goşun dälmidi? Emma Rebbe bil baglandygyňyz üçin, Reb olary siziň eliňize berdi. 9 Özüne ak ýürekden hyzmat edenlere güýç-kuwwat bermek üçin Reb bütin ýer ýüzüne syn edýär. Sen akmaklyk etdiň. Mundan beýläk sen mydama uruş içinde bolarsyň».