Çykgyt
c 1 Şamuwel 1:4 Elkana her gezek Şiloda gurbanlyk berende, gurbanlyk etinden aýaly Peninna hem-de onuň çagalarynyň hersine bir paýdan bererdi. 5 Emma ol Hanna iki paý bererdi. Çünki Reb Hannany önelgesiz edenem bolsa, Elkana ony söýýärdi. 6 Rebbiň perzent bermeýändigi sebäpli, Hannanyň gündeşi ony ynjydardy, kemsiderdi. 7 Bu ýyllarboýy şeýle boldy. Her gezek Rebbiň öýüne gidende, Hannanyň gündeşi onuň ýarasyny täzelärdi. Bir gün hem Hanna oturyp aglady we hiç zat datmady.