Çykgyt
b 2 Patyşalar 4:32 Elýaşa öýe girende, düşeginde ýatan öli çagany gördi. 33 Şeýdip, ol içeri girip, gapyny ýapdy-da, Rebbiň adyna dileg etdi. 34 Onsoň ol düşege, çaganyň ýatan ýerine gelip, agzyny onuň agzyna, gözlerini onuň gözlerine, ellerini onuň ellerine goýup, çaganyň üstüne ýazylyp ýatdy. Şondan soň çaganyň endamy ýylap başlady. 35 Elýaşa ýerinden turup, otagda eýläk-beýläk gezmeledi. Onsoň ol ýene-de düşege geçip, ýatan çaganyň üstüne ýazylyp ýatdy. Çaga ýedi gezek asgyryp, gözlerini açdy. 36 Elýaşa Geýhazyny çagyryp: «Şunemli aýaly çagyr» diýdi. Geýhazy ony çagyrdy. Aýal Elýaşanyň ýanyna geldi. Elýaşa oňa: «Ogluňy al» diýdi. 37 Ol aýal gelip, tagzym edip, Elýaşanyň aýagyna ýykyldy. Onsoň ol ogluny alyp, çykyp gaýtdy.