Çykgyt
a Ýeşuwa 5:13 Ýeşuwa Ýeriho galasyna golaý baryp, başyny galdyryp seredende, onuň eli syrma gylyçly duran bir adama gözi düşdi. Ýeşuwa onuň ýanyna baryp: «Sen hem biziňkileriň birimiň ýa-da duşmanmysyň?» diýip sorady. 14 Ol adam: «Hijisi hem däl. Men Rebbiň gökdäki goşunynyň serkerdesi, ýaňyja geldim» diýip jogap berdi. Ýeşuwa ýere ýüzin düşüp sežde etdi we oňa: «Agam, sadyk guluňa näme hyzmat?» diýip sorady. Rebbiň goşunynyň serkerdesi oňa: «Çarygyňy çykar, çünki seniň duran bu ýeriň mukaddes toprakdyr!» diýdi. Ýeşuwa aýdylyşy ýaly etdi. 15 Şol wagty Ýerihonyň derwezeleri ysraýyllardan gorkýandyklary üçin gulply goralyp saklanýardy. Hiç kim ol ýere girip-de, çykyp-da bilmeýärdi.