Çykgyt
c Habakuk 1:12 Owaldan bar bolan Sen dälmi, ýa Reb?! Mukaddes Hudaýym biz ölmeris! Eý, Reb, babyllary bize höküm etsin diýip saýladyň, eý, Gaýam, olary bize jeza bersin diýip bellediň. 13 Pisligi görerden päkdir gözleriň, ýamanlyga seredip bilýän dälsiň Sen. Hilegärlere neneň jeza bermän çydaýaň, erbetler özlerinden dogryny ýuwudýarka, Sen nämä dymýaň? 14 Sen ynsanlary deňizdäki balyklar ýaly, serdarlary bolmadyk süýrenijiler ýaly etdiň. 17 Torlaryny boşatmagyny dowam ederlermi? Milletleri rehimsizlik bilen gyrarlarmy?