Çykgyt
f Habakuk 3:16 Eşidip, tutuş bedenim lerzana geldi, sesinden dodaklarym tibirdedi, süňňüm eräp, dyzlarym saňňyldady. Emma bize hüjüm edýän halkyň başyndan injek betbagtlyk gününe sabyrsyzlyk bilen garaşaryn. 17 Injir agajy güllemese-de, üzüm agaçlary miwe getirmese-de, zeýtun agaçlary hasyl bermese-de, ekin meýdanlary hasyl öndürmese-de, dowar agyllary boş galyp, ýataklar mal-garasyz bolsa-da, 18 Men Rebde şatlanaryn, Halasgärimde ýüregim joşar. 19 Beýik Hudaý güýjüm-kuwwatymdyr, aýaklarymy keýigiň aýaklary dek edip, Meni belentliklerde gezdirýär.