Çykgyt
a Wagyz kitaby 11:9 Eý, ýaş ýigit, ýaşlygyňda şatlan; goý, ýüregiň seni juwan günleriňde begendirsin. Ýüregiň isläni bilen, gözleriň göreni bilen git. Emma bilip goý, bularyň hemmesi üçin Hudaý saňa kazylyk eder. 10 Gaýgyny ýüregiňden çykar, azaby bedeniňden daşlaşdyr, çünki ýaşlyk-da, juwanlyk-da gysga wagtlykdyr. 12:1 Juwanlygyňda, agyr günler gelmänkä, «olardan lezzet almaryn» diýjek ýyllaryň golaýlaşmanka, özüňi Ýaradany ýatla.