Çykgyt
b DÜŞÜNDIRILIŞ: Ýehowa Musa pygamberiň üsti bilen ysraýyllylara 600-den gowrak kanunlary berdi. Oňa «Kanun», «Musanyň kanuny», «Musa berlen Kanun» we «tabşyryklar» diýilýär. Dogrudan-da, Mukaddes Ýazgylaryň ilkinji bäş kitaby (Gelip çykyş kitabyndan Kanun taglymatyna çenli) köplenç Kanun hökmünde agzalýar. Käte bu jümle tutuş Ýewreý ýazgylaryna degişli hem ulanylýar.