Çykgyt
c 1 Patyşalar 19:5 Soňra ol gyrymsy sübse agajynyň aşagynda ýatdy-da, uka gitdi. Ine, birdenkä bir perişde Ylýasy yralap: «Tur-da, iýip-iç» diýdi. 6 Ylýas pygamber töweregine garanjaklady. Ine, görse, onuň başujunda gyzgyn daşyň üstünde bişirilen çörek bilen bir küýze suw bardy. Ol iýip-içip, ýene-de ýatdy. 7 Rebbiň perişdesi ikinji gezek gelip, ony yralap: «Tur-da, iýip-iç, ýogsam bu syýahat gaty uzak we kyn bolar» diýdi. 8 Ylýas pygamber turup iýip-içdi. Onsoň ol naharyň güýjüne kyrk gije-gündizläp ýol ýöräp, Hudaýyň dagy Horebe geldi.