Çykgyt
b Kanun taglymaty 11:10 Siziň gidip, mülk edinjek ýurduňyz Müsür ýurdy ýaly däldir. Siz Müsürde ýere tohum ekip, gök-bakja ideg eden ýaly, ony zor aýakdan suwarardyňyz. 11 Emma siziň gidip mülk edinjek ýurduňyzda daglar we jülgeler bardyr. Topragy asmandan ýagýan ýagyş suwarýar. 12 Ol ýeriň aladasyny edýän Hudaýyňyz Rebdir. Ýylyň başyndan tä ahyryna çenli Hudaýyňyz Rebbiň gözi hemişe ol ýerdedir. 13 Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän her bir buýrugyna gulak goýup, Hudaýyňyz Rebbi söýüp, tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden Oňa gulluk etseňiz, 14 Ol siziň topragyňyza güýz hem ýaz ýagyşlaryny öz wagtynda ýagdyrar. Siz dänäňizi, şerabyňyzy we ýagyňyzy ýygnarsyňyz. 15 Şeýle hem, Ol mal-garalaryňyz üçin ekin meýdanlaryňyzda ot gögerder. Siziň garnyňyz dok bolar.