Çykgyt
a [Çykgyt]
«Murdarlyklaryň, zynanyň we ahlaksyzlyklaryň» tapawudyna «Garawul diňi» (rus.) žurnalynyň 2006-njy ýylyň 15-iýulda çykan sanynyň 29—31-nji sahypalarynda seredilýär.
[30-njy sahypadaky sitata]
Ahlaksyzlyk toruna düşen mesihçi aklyna aýlanyp, kömege mätäçdigine düşünmeli
IÝUN 10—16
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EFESLILER 1—3
«Ýehowa „niýetini amala aşyrýar“»
it «Mukaddes syr»
Mukaddes syr
Mesihi Patyşalyk. Pawlus resul hatlarynda Mesih hakdaky mukaddes syryň aýan edilişini doly beýan edýär. Efesliler 1:9—11-nji aýatlarda Pawlus Hudaýyň «mukaddes syryny» aýan edendigini aýdyp, şeýle diýdi: «Ol muny öňünden kesgitläp, islegine görä etdi. Bellenen wagt dolanda, Hudaý niýetini amala aşyrmak üçin gökdäki we ýerdäki zatlaryň ählisini Mesihde birleşdirer. Hawa, ol ähli zady Mesihde birleşdirer. Biz onuň bilen birlikdediris we Hudaý bizi mirasdüşerler hökmünde belledi. Ähli zady öz islegi boýunça amala aşyrýan Hudaý bizi öz niýetine laýyklykda öňünden saýlady». Bu «mukaddes syr» gökdäki hökümet, ýagny Hudaýyň Mesihi Patyşalygy bilen baglanyşykly. «Gökdäki zatlar» diýlende, Isa bilen gökde höküm sürjek mesh edilenler göz öňünde tutulýar. «Ýerdäki zatlar» bolsa, Patyşalygyň ýerdäki raýatlaryny aňladýar. Isa şägirtlerine mukaddes syryň Patyşalyk bilen baglanyşyklydygyny aýdyp, şeýle diýdi: «Hudaý size gökdäki Patyşalygynyň mukaddes syryny düşündirýär» (Mr 4:11).
w12 15/7 sah. 27, 28, abz. 3, 4
Ýehowa maşgalasyny ýygnaýar
Musa ysraýyllylara: «Hudaýymyz Reb ýeke-täk Rebdir» diýdi (Kan. tag. 6:4). Ýehowanyň edýän işleri we niýeti bir-biri bilen baglanyşykly. Hudaý bellän wagtynda bir maşgala edip birleşdirmek üçin gökdäki we ýerdäki ähli ýaşaýanlary taýýarlap başlady. Ol muny «taslama» diýip atlandyrdy (Efesliler 1:8—10-njy aýatlary okaň). Bu taslama iki tapgyrdan ybarat. Birinjiden, Hudaý Isa Mesihiň baştutanlygynda gökde ýaşamak üçin mesh edilen mesihçileri taýýarlaýar. Bu b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni başlandy. Şonda Ýehowa gökde Isa Mesih bilen höküm sürjek mesh edilenleri ýygnap başlady (Res. iş. 2:1—4). Mesh edilen mesihçiler Isanyň töleg gurbany arkaly aklanandygy üçin, özleriniň «Hudaýyň perzentleridigini» bilýärler (Rim. 3:23, 24; 5:1; 8:15—17).
Ikinjiden, Hudaý Isa Mesihiň Patyşalygynyň baştutanlygynda ýer ýüzündäki Jennetde ýaşajak adamlary taýýarlaýar. Jennetiň ilkinji ýaşaýjylary «uly märeke» bolar (Ylh. 7:9, 13—17; 21:1—5). Soňra Isanyň müňýyllyk Patyşalygynda uly märeke bilen ýer ýüzünde ýaşamak üçin ölen adamlar direler (Ylh. 20:12, 13). Şonda agzybirligimizi görkezmäge, gör, nähili köp mümkinçilikler bolar! Müňýyllygyň ahyrynda «ýerde bolan bar zatlar», ýagny uly märeke we direlenler soňky gezek synalar. Hudaýa wepaly galanlaryň ählisi «Hudaýyň perzentleri» bolar (Rim. 8:21; Ylh. 20:7, 8).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
Hudaýyň şöhratyny gazanmaga hiç zat päsgel bermesin
Biz Ýehowanyň islegini tutanýerlilik bilen berjaý etsek, başgalara şöhrat gazanmaga kömek ederis. Pawlus Efesdäki ýygnaga şeýle ýazdy: «Siziň ugruňyzda görýän muşakgatlarym zerarly ruhdan düşmäň diýip, sizden haýyş edýärin. Meniň muşakgatlarym size şöhrat gazandyrar» (Efes. 3:13). Pawlusyň çeken muşakgaty haýsy manyda Efesdäki mesihçilere şöhrat gazandyrar? Pawlus kynçylyklara garamazdan, doganlara hyzmat edip, Hudaýa gulluk etmegiň mesihçä örän wajypdygyny görkezdi. Eger Pawlus synaga düşende doganlara kömek etmedik bolsa, olar Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygyny, wagyz gullugyny we umydyny wajyp görmezdiler. Pawlusyň çydamlylygy mesihçi dinini beýgeltdi we özüniň ejir çekmegine mynasypdygyny görkezdi.
cl sah. 299, abz. 21
«Mesihiň söýgüsine göz ýetiriň»
«Göz ýetirmek» diýip terjime edilen grek sözi «özüňde duýup görmek» diýmegi aňladýar. Isanyň göreldesine eýerip, başgalar üçin güýjümizi gaýgyrmasak, mätäçlere duýgudaşlyk bildirsek we olary ýürekden bagyşlasak, onuň söýgüsine has-da gowy düşünýändigimizi görkezeris. Şeýtsek, «bilimden-de ýokary bolan Mesihiň söýgüsine göz ýetireris». Isa gökdäki Atasynyň häsiýetlerini kämil derejede görkezdi. Şonuň üçin, geliň, şuny unutmalyň: Biz Isanyň göreldesine näçe gowy eýersek, şonça-da söýgüden doly Hudaýymyz Ýehowa ýakynlaşýarys.
IÝUN 17—23
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EFESLILER 4—6
«Hudaýyň söweş üçin berýän ähli ýaraglaryny dakynyň»
Ýaşlar, Iblise garşy duruň!
PAWLUS resul mesihçileri söweşe gatnaşýan esgerlere meňzetdi. Elbetde, biz göni manyda däl-de, ruhy söweşe gatnaşýarys. Emma biziň duşmanlarymyz hakykatdanam bar. Şeýtan we onuň jynlary örän tejribeli hem-de ökde söweşiji. Göräýmäge, biziň ýagdaýymyz çykalgasyz ýaly bolup görünýär. Esasan-da, ýaşlar gowşak bolup görünmegi mümkin. Ýaşlar adamlardan has güýçli bolan bu zalym ruhlara garşy söweşde ýeňiş gazanyp bilermi? Elbetde! Olaryň köpüsi eýýäm ýeňiş gazandylar. Näme üçin şeýle diýse bolar? Sebäbi «Hudaý kuwwatly güýji arkaly (olary) berkidýär». Emma olar ýöne bir Ýehowanyň kömegine bil baglaman, gowy tälim berlen esgerler ýaly, «Hudaýyň söweş üçin berýän ähli ýaraglaryny» hem dakynýarlar (Efesliler 6:10—12-nji aýatlary okaň).
w18.05 sah. 28, 29, abz. 4, 7, 10
Ýaşlar, Iblise garşy duruň!
Şonuň ýaly Hudaýyň Sözünden öwrenen hakykatlarymyz bizi ýalan taglymatlaryň ýetirýän ruhy zyýanyndan goraýar (Ýah. 8:31, 32; 1 Ýah. 4:1). Mukaddes Ýazgylardaky hakykatlara bolan söýgümiz näçe güýçli bolsa, «hakykat guşagyny» dakynmak, ýagny Hudaýyň dogry kada-kanunlary boýunça ýaşamak şonça-da aňsat bolýar (Zeb. 111:7, 8; 1 Ýah. 5:3). Şeýle-de Hudaýyň Sözündäki hakykatlara aýdyň düşünenimizde, synagda berk durup, duşmanlarymyza gaýtawul berip biljekdigimize has-da ynamly bolýarys (1 Pet. 3:15).
Bu deňeşdirme Ýehowanyň dogry kada-kanunlarynyň biziň göçme manydaky ýüregimizi goraýandygyny gowy suratlandyrýar (Sül. tym. 4:23). Esgeriň demir sowudyny başga bir pes hilli metaldan ýasalan sowuda çalyşmaýşy ýaly, bizem Ýehowanyň kada-kanunlaryny hiç haçan öz dogry hasaplaýan zatlarymyza çalyşmarys. Bikämildigimiz sebäpli gelýän kararlarymyz bize gerekli goragy berip bilmeýär (Sül. tym. 3:5, 6). Şonuň üçin biz Ýehowanyň beren «demir bölekleriniň» ýüregimize pugta berkidilendigini elmydama barlap durmaly.
Rim esgerleriniň geýýän aýakgaby olara söweş meýdanyna çykmaga kömek etse, mesihçileriň göçme manydaky aýakgaby «parahatlyk hoş habaryny aýtmaga» ýardam berýär (Iş. 52:7; Rim. 10:15). Muňa garamazdan, mümkinçilik dörände hoş habary wagyz edip biler ýaly, batyrgaýlyk gerek bolýar. 20 ýaşly Robert atly dogan şeýle diýýär: «Men klasdaşlaryma wagyz etmäge gorkýardym. Dogrymy aýtsam, utanýardym. Öň näme üçin şeýle edendigime özümem düşünmeýärin. Häzir men deň-duşlaryma wagyz edip bilýändigime örän begenýärin».
w18.05 sah. 29—31, abz. 13, 16, 20
Ýaşlar, Iblise garşy duruň!
Şeýtan «Hudaý aladaňy etmeýär we seni söýmeýär» diýip, «otly oklaryny» atyp bilýär, ýagny Ýehowa barada ýalan zatlary ýaýradýar. Ýaramaz duýgulary bilen göreşýän 19 ýaşly Aida atly uýa şeýle diýýär: «Köplenç Ýehowany özüme ýakyn däl we dostlaşmak islemeýän ýaly duýýaryn». Şeýtanyň bu hüjümine garşy durmaga Aida näme kömek edýär? Ol şeýle gürrüň berýär: «Ýygnak duşuşyklary meniň imanymy hasam berkidýär. Öňler hiç kim meni diňläsi gelýän däldir öýdüp, ýygnakda ýöne oturyp gaýdýardym we asla jogap bermeýärdim. Häzir bolsa ýygnaga gowy taýýarlanyp, azyndan iki ýa-da üç gezek jogap bermäge çalyşýaryn. Elbetde, bu aňsat däl, ýöne her gezek jogap berenimde, özümi has gowy duýýaryn. Dogan-uýalar hem meni ruhlandyrýarlar. Her gezek ýygnakdan soň, Ýehowanyň meni söýýändigini duýýaryn».
Tuwalganyň esgeriň beýnisini goraýşy ýaly, biziň «gutulyş umydymyz» aňymyzy we pikirlenmek ukybymyzy goraýar (1 Sel. 5:8; Sül. tym. 3:21). Bu umyt ünsümizi Hudaýyň wadalaryna gönükdirmäge we kynçylyklara dogry garaýyşda bolmaga kömek edýär (Zeb. 27:1, 14; Res. iş. 24:15). Emma «tuwalgamyzyň» bize kömek etmegini islesek, ony elimizde götermän, kellämize geýmeli.
Pawlus resul Ýehowanyň Sözi bolan Mukaddes Ýazgylary gylyç bilen deňeşdirdi. Biz ynançlarymyzy gorap ýa-da pikirimizi düzedip biler ýaly, ony ökdelik bilen ulanmagy öwrenmeli (2 Kor. 10:4, 5; 2 Tim. 2:15). Siz ukyplaryňyzy nädip ösdürip bilersiňiz? 21 ýaşly Sebastýan şeýle diýýär: «Men Mukaddes Ýazgylardan okan her babymdan bir aýady ýazyp alýaryn. Şeýdip, gowy görýän aýatlarymyň sanawyny düzýärin. Bu maňa Ýehowa ýaly pikirlenmäge kömek edýär». Ýokarda agzalan Daniýel bolsa şeýle diýýär: «Men Mukaddes Ýazgylary okanymda, wagyzda duşýan adamlara kömek etjek aýatlary saýlaýaryn. Adamlar Mukaddes Ýazgylara bolan yhlasyňy we olara ýürekden kömek etmek isleýändigiňi görenlerinde, aýdýan zatlaryňy has-da ünsli diňleýändigine göz ýetirdim».
Ruhy dürdäneleri agtaryň
it «Mukaddeslik»
Mukaddeslik
Mukaddes ruh. Ýehowanyň hereketdäki güýji. Ol bu güýjüni hemişe niýetini amala aşyrmak üçin ulanýar. Ýehowanyň mukaddes ruhy arassa, mukaddes we Hudaý ony öz islegine laýyk ulanýar. Şol sebäpli oňa «mukaddes ruh» diýilýär (Zb 51:11; Lk 11:13; Rm 1:4; Ef 1:13). Mukaddes ruh adama täsir edende, ony arassa hem mukaddes ýaşamaga höweslendirýär. Eger adam endigine görä hapa ýa-da erbet iş etse, mukaddes ruha garşy gidýär we ony «gynandyrýar» (Ef 4:30). Mukaddes ruh şahsyýet bolmasa-da, onda Hudaýyň mukaddesligi görünýär. Ine, şol sebäpli adam mukaddes ruhy gynandyryp bilýär. Eger adam Hudaýa ýaramaýan işleri etmegi endik edinen bolsa, «Hudaýyň ruhuny söndürýär» (1Sl 5:19). Eger ol şeýle erbet işleri etmegini bes etmese, mukaddes ruhy gynandyryp, aňyrsoňy Hudaýyň duşmany bolýar (Iş 63:10). Hudaýyň mukaddes ruhuny gynandyrýan adam günä edip, oňa dil ýetirýär we Isanyň aýtmagyna görä, şeýle adamyň günäsi «ne häzir, ne-de gelejekde bagyşlanar» (Mt 12:31, 32; Mr 3:28—30; «RUH» diýen makala serediň).
it «Açgözlük»
Açgözlük
Adamyň edýän işlerinden görünýär. Adam açgöz bolsa, onuň nädogry we doýmaz-dolmaz islegi haýsydyr bir zatda hökman ýüze çykýar. Ýakup şägirt hatynda adamyň nädogry höwesiniň güýjäp, günäni dogurýandygyny aýtdy (Ýak 1:14, 15). Şeýlelikde, açgözlük adamyň edýän işlerinden görünýär. Pawlus resul açgöz adamy butparaz adama meňzedýär (Ef 5:5). Açgöz adamyň bir zady edinmek islegi şeýle bir güýçli bolýar welin, şol zat onuň üçin edil hudaý ýaly bolup, özüni Ýaradan Hudaýa edýän gullugyndan hem öňe geçýär (Rm 1:24, 25).
IÝUN 24—30
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | FILIPILILER 1—4
«HIÇ ZADYŇ ALADASYNY ETMÄŇ»
«Ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygy»
Bize hiç zadyň aladasyny etmän, «Hudaýyň parahatlygyny» duýmaga näme kömek eder? Pawlusyň filipililere ýazan sözlerinden doga edip, gaýgy-aladalaryňy ýeňip bolýandygyny görse bolýar. Şol sebäpli biynjalyk bolanymyzda, Hudaýa gyzgyn doga etmeli (1 Petrus 5:6, 7-nji aýatlary okaň). Doga edenimizde, Ýehowanyň aladamyzy etjekdigine asla şübhelenmeli däl. Berýän bereketleri üçin oňa «minnetdarlyk bilen doga ediň». Eger biz Hudaýyň «soraýan we düşünýän ähli zatlarymyzdan-da has köp zatlary edip bilýändigini» unutmasak, oňa bolan ynamymyz has-da berkär (Efes. 3:20).
«Ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygy»
Filipidäki doganlar Pawlusyň hatyny okanlarynda, Ýehowanyň asla garaşmadyk zatlary edendigi baradaky waka ýatlaryna düşendir. Pawlus olara, esasan, biynjalyk bolmazlygy maslahat berdi. Bizem Ýehowa doga etsek, onuň parahatlygyny duýarys. Üns beren bolsaňyz, aýatda «Hudaýyň parahatlygynyň» «ynsan düşünjesinden ýokarydygy» aýdylýar. Bu nämäni aňladýar? Pawlus resul «Hudaýyň parahatlygy» diýende, onuň biziň göz öňüne getirişimizdenem has täsindigini aýtdy. Adatça, biz kynçylyklara ynsan gözi bilen garap, çykalga ýok ýaly hasaplaýarys. Emma Ýehowa barada beýle diýip bolmaýar; ol ýagdaýy düýpgöter üýtgedip bilýär (2 Petrus 2:9-y okaň).
«Ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygy»
«Ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygy» bize nähili täsir edýär? Mukaddes Ýazgylarda: «(Ol) ýürekleriňizi we pikirleriňizi Mesih Isa arkaly gorar» diýilýär (Flp. 4:7). Asyl nusgada «goramak» diýip terjime edilen bu söz harby güýçlerde ulanylýar. Gadymy döwürde şäherleri goramak üçin ýörite goşun bolýardy. Filipi şäheri hem şeýdip goralýardy. Onuň ýaşaýjylary şäher derwezeleriniň güýçli goşun tarapyndan goralýandygy üçin gije arkaýyn ýatýardylar. Edil şonuň ýaly-da «Hudaýyň parahatlygy» bize täsir edende, ýüreklerimiz we pikirlerimiz rahatlyk tapýar. Ýehowa biziň aladamyzy edýär we bagtly ýaşamagymyzy isleýär (1 Pet. 5:10). Bu bizi aşa köp alada etmekden ýa-da göwnüçökgünlige düşmekden goraýar.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
it «Gurbanlyklar»
Gurbanlyklar
Içgi sadakalary. Içgi sadakalary, esasanam, ysraýyllylar Wada edilen diýarda ýaşap başlanda beýleki gurbanlyklar bilen bilelikde getirilip başlandy (Sn 15:2, 5, 8—10). Adatça, içgi sadakasy hökmünde «şerap» getirilýärdi we ony gurbanlyk sypasynyň üstüne dökýärdiler (Sn 28:7, 14; Müsç 30:9; Sn 15:10-njy aýatlary deňeşdiriň). Pawlus resul Filipidäki mesihçilere şeýle ýazdy: «Men içgi gurbany kimin gurbanlyk sypasyna dökülip, özümi mukaddes gulluga, ýagny siziň iman etmegiňize getiren gulluga bermeli bolsam-da, men muňa begenerin» (Fp 2:17). Bu aýatda Pawlus resul imandaşlary üçin ähli zada taýyndygyny görkezmek üçin içgi sadakasyny mysal getirdi. Ölüminden biraz wagt öň, Pawlus Timoteosa: «Men gurbanlyk sypasyna içgi gurbany kimin eýýäm dökülýärin, dünýäden ötmeli wagtym hem golaýlaşýar» diýip ýazdy (2Tm 4:6).
«Ilkinji direliş» eýýäm başlandy!
Mesh edilenler «Hudaýyň Ysraýyly» Isa Mesihiň gökdäki şöhratyna goşulmaly, olar «hemişe Halypamyzyň ýanynda bolar» (Galatýalylar 6:16; 1 Selanikliler 4:17). Bu direlişe «ilkinji direliş» ýa-da «birinji direliş» diýilýär (Filipililer 3:10, 11; Ylham 20:6). Ilkinji direlişden soň, millionlarça adamlar direler, olaryň ýer ýüzünde Jennetde ebedi ýaşamaga umydy bolar. Gökde ýa-da ýer ýüzünde ýaşamaga umyt etsegem, biz «ilkinji direliş» bilen gyzyklanýarys. Ol nähili direliş? Ilkinji direliş haçan başlandy?