Çykgyt
a Adamlar hoş habary diňläp, Mukaddes Kitapdan okuwa başlasa, biz örän begenýäris. Emma olar sowuk-sala seretseler, keýpimiz gaçýar. Belki, biziň Mukaddes Kitapdan okuw geçýänlerimiz öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanýan däldir. Ýa-da biz bir adama hem suwa çümdürilmäge kömek eden däldiris. Şonda biz: «Menden wagyzçy bolmaz» diýip ruhdan düşýändiris. Onda Ýehowa biziň edýän gullugymyzdan närazymy? Adamlar hoş habary diňlemese-de, bize şatlanyp wagyz etmäge näme kömek eder? Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris.