1 Şamuwel
29 Piliştliler+ goşunlaryny Apege ýygnadylar, ysraýyllar bolsa Ýizregeldäki+ çeşmäniň boýunda düşelge gurdular. 2 Piliştli hanlar esgerlerini ýüze, müňe bölüp, topar-topar bolup çykdylar. Yzlaryndan bolsa Akyş+ han, Dawut bilen adamlary gelýärdi. 3 Piliştli han-begler: «Ýewreýler bärde näme işläp ýör?» diýdiler. Akyş han: «Ol Ysraýyl patyşasy Şawulyň hyzmatkäri Dawut. Ol bir ýyldan gowrak meniň ýanymda bolup ýör+. Geleli bäri ondan ýamanlyk görmedim» diýip jogap berdi. 4 Emma piliştli han-begler gaharlanyp, şeýle diýdiler: «Dawudy yzyna ugrat+, beren şäheriňe gaýtsyn. Ol urşa gitmesin, ýogsam bize garşy söweşer+. Hojaýynyna ýaranjak bolup, biziň kellämizi kesmekden hem gaýtmaz. Ol şeýle pursada garaşyp ýörendir. 5 Onsoňam, halky aýdym aýdyp, tans edip, ony taryplap şeýle diýdiler:
„Şawul müňüsini öldürdi,
Dawut on müňüsini“»+.
6 Şonda Akyş+ han Dawudy çagyryp: «Ýehowa diri şaýatdyr, sen ynamdar adam. Ýanyma geleliň bäri senden ýamanlyk görmedim+. Maňa galsa-ha, seni goşunym bilen söweşe äkitjek+, ýöne hanlaryň saňa ynamy ýok+. 7 Gowusy, yzyňa gaýt, hanlaryň gaharyny getirme» diýdi. 8 Emma Dawut: «Han aga, etmişim näme? Ýanyňa gelelim bäri menden näme ýamanlyk gördüň? Hökümdarym, indi seniň bilen gidip, duşmanlaryňa garşy söweşip bilmerinmi?» diýdi. 9 Şonda Akyş han: «Meniň üçin-ä sen edil Hudaýyň perişdesi ýaly+. Ýöne piliştli han-begler: „Ol biz bilen urşa gitmesin“ diýip durlar-da. 10 Daňdan adamlaryň bilen ýola düş. Jahan ýagtylmanka, bärden gitseň gowy bolar» diýdi.
11 Dawut daň bilen turup, adamlary bilen Pilişt ýurduna dolandy. Piliştliler bolsa Ýizregele+ gitdi.