1 Şamuwel
22 Dawut ol ýerden gaýdyp+, Adullam gowagynda gizlendi+. Doganlary we tutuş maşgalasy muny eşidip, Dawudyň ýanyna geldiler. 2 Gaýgy-aladadan, bergiden ýadan we durmuşdan doýan adamlar Dawudyň ýanyna ýygnandy. Dawut olara baş boldy. Olar 400-e golaý adamdy.
3 Soňra Dawut Mowapda ýerleşýän Mispa gidip, Mowap patyşasyna+: «Hudaý ýolumy açýança, enem-atam siziň ýanyňyzda ýaşaýsyn» diýdi. 4 Şeýdip, ol ene-atasyny Mowap patyşasynyň ýanynda goýup gaýtdy. Dawut gowakda gizlenýärkä, ene-atasy Mowapda ýaşady+.
5 Birnäçe wagtdan Gad pygamber+ Dawuda: «Gowakda ýaşap ýörme-de, Ýahuda+ git» diýdi. Şonda Dawut Heret tokaýyna gitdi.
6 Şawul Dawut bilen adamlarynyň bolýan ýerini bildi. Şol wagt ol nökerlerini daşyna üýşürip, Gibeýadaky+ depede ýylgynyň aşagynda otyrdy, elinde-de naýzasy bardy. 7 Şawul olara: «Eý benýaminler, sözüme gulak asyň. Ýessäniň+ ogly size mellek, üzümlik berip, müňbaşy, ýüzbaşy edip bellär öýdýäňizmi?+ 8 Baryňyz maňa garşy dil düwşüpsiňiz! Bagrymdan önen oglumyň Ýessäniň ogly bilen äht baglaşanyny bilseňizem aýtmansyňyz+. Maňa hiç kimiň ýüregi awanok. Oglum hyzmatkärimi maňa garşy öjükdiripdir, emma muny duýduran adam bolmady. Ol bolsa indi meniň kastyma çykyp ýör» diýdi.
9 Şonda Şawulyň hyzmatkärleriniň baştutany edomly Döwek+: «Ýessäniň ogluny Nobda gördüm. Ol Ahytubyň+ ogly Agamäligiň ýanyna bardy. 10 Agamälik Dawut üçin Ýehowa dileg edip, soňra iýip-içer ýaly zat berdi. Piliştli Jalutyň gylyjynam berip goýberdi»+ diýdi. 11 Patyşa dessine Nob galasyna adam iberip, Ahytubyň ogly Agamälik ruhanyny we atasynyň hojalygyndaky ähli ruhanylary getirtdi. Olar patyşanyň huzuryna gelip durdular.
12 Şawul: «Eý Ahytubyň ogly, aýtjak zatlarymy diňle!» diýdi. Ol: «Diňleýärin, hökümdarym» diýip jogap berdi. 13 Şawul: «Näme üçin Ýessäniň ogly bilen maňa garşy dil düwşüpsiň? Oňa çörek, gylyç beripsiň, onuň üçin Hudaýa dilegem edipsiň. Ol maňa garşy baş göterip, kastyma çykyp ýör» diýdi. 14 Şonda Agamälik: «Patyşahym, hyzmatkärleriň arasynda Dawut ýaly ynamdar adam barmy?+ Ol şanyň giýewsi+, garawullaryň baştutany, hojalygyňda sylanýan adam+. 15 Men öňem Dawut üçin Hudaýa dileg edýärdim-ä+. Saňa garşy dil düwüşmek pikirimde-de ýokdy! Patyşahym, guluňy, atamyň hojalygyny aýyplama. Guluň hiç zatdan habary ýokdy»+ diýdi.
16 Patyşa bolsa: «Agamälik, seniň bilen ataň hojalygynyň+ jezasy ölümdir!»+ diýdi. 17 Soňra patyşa nökerlerine: «Ýehowanyň ruhanylaryny öldüriň! Sebäbi olar Dawuda goşuldy, gaçanyny bilselerem, maňa aýtmadylar» diýdi. Emma nökerleriň hiç biriniň Ýehowanyň ruhanylaryny öldürmäge eli barmady. 18 Şonda patyşa Döwege+: «Ruhanylary sen öldür!» diýdi. Edomly+ Döwek dessine olary öldürip başlady. Şol gün ol zygyr* matadan öňlük* geýýän 85 ruhanyny öldürdi+. 19 Soňra ruhanylaryň ýaşaýan Nob şäherindäki+ ähli erkekleri, aýallary we çagalary gylyçdan geçirdi. Öküzleri, eşekleri, goýunlary-da gyrdy.
20 Ahytubyň agtygy, Agamäligiň ogly Abyýatar+ Dawudyň ýanyna gaçyp, başyny gutardy. 21 Ol Dawuda: «Şawul Ýehowanyň ruhanylaryny öldürdi» diýip habar berdi. 22 Şonda Dawut: «Şol gün+ edomly Döwegi görenimde, Şawula ýetirjegini bilýärdim-le. Wah, men seniň ataň öý-içerisiniň ölümine sebäp boldum. 23 Ýöne gorkma, ýanymda gal. Seniň kastyňa çykanlar, meniň kastyma çykandyr, seni goraryn»+ diýdi.