Zebur
Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Ýedutun*+. Dawudyň aýdymy.
Bolgusyz adamyň ýanynda dilimi saklaryn» diýdim+.
3 Ýüregim ýandy,
Oýlandygymça, ot bolup tutaşdy.
Şonda men diýdim:
4 «Eý Ýehowa, ömür tanapym haçan kesiler?
Ýagty jahanda näçe gün ýaşaryn?+
Aýt maňa, ömrümiň gysgadygyny bileýin.
Ynsan kuwwatly görünse-de, ömri bir dem ýalydyr+. (Sela)
6 Ynsan ömri kölege kimin geçip gidýär,
Bütin ömrüni biderek ylgap* geçirýär.
Baýlyk toplaýar, emma hözirini kimiň görjegini bilmeýär+.
7 Eý Ýehowa, kime umyt baglaýyn?
Meniň bar umydym sensiň.
8 Günälerimi bagyşla+.
Akmaklar meni masgara etmesin.
10 Üstümden inderen derdiňi aýyr,
Güýçli urgyňdan ýaňa iki büküldim.
11 Günäsi üçin ynsana temmi berýärsiň+,
Güýe dek baýlygyny ýok edýärsiň.
Ynsan ömri bir dem ýalydyr+. (Sela)
12 Dilegimi eşit, eý Ýehowa,
Perýadymy diňle!+
Gözýaşlaryma biperwaý garama,
13 Menden gaharly nazaryňy sow,
Ýagty jahandan ötmänkäm, bagtly günleri göreýin».